KÄMIL BILIM ULGAMY – ÖSÜŞLERE BADALGA

28-12-25

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ählitaraplaýyn ösýän Watanymyz bu gün ylym ýolunda hem täze şöhle saçýan ösüşleriň, özgerişleriň gujagynda ýaşaýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň bagtyýarlyga beslenen günlerinde “Ylymly il ozar” diýen paýhasa uýýan halkymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň öz höwes edýän hünäriniň ussady bolmaklary üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikler döredilendir. Döwletiň, jemgyýetiň her bir babatdaky ösüşi bilimiň, ylmyň näderejede ösýändigine bagly bolup durýar. Şonuň üçin hem her bir döwletde ylym-bilimiň ösmegi zerurdyr. Binanyň berkliginiň binýadyň mäkämligine baglydygy bize durmuş hakykatyndan mälimdir. Binýat näçe berk, oýlanyşykly goýulsa, gurýan ymaratymyz hem şonça gaýym hem ajaýyp bolar. Ýaş nesliň ylym-bilim binýadynyň berkden tutulmagy hem ýurduň geljekki ösüşiniň aýdyň kepilidir.

Bagtyýarlygyň gujagynda her bir güni ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara, şanly senelere beslenýän ýurdumyz gözümiziň alnynda gülläp ösýän, tanalmaz derejede özgerýän, raýatlaryna eşret paýyny boldan eçilýän mekana öwrülýär. Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işleri baky bagtyna guwanyp ýaşaýan halkymyzy döredijilikli zähmete, täze üstünliklere ruhlandyrýar. Ýurdumyzyň geljegi hasaplanýan ýaş nesil baradaky alada, olary dünýäniň ösen bilimli, ylymly ýaşlarynyň hataryna goşmak baradaky tagalla döwletimizde esasy orunda durýar.

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň aladasy netijesinde ýurdumyzda belent ruhly, ajaýyp terbiýeli we bilimli ýaş nesli kemala getirmek ýurdumyzy ösdürmegiň baş wezipeleriniň biridir. Şu nukdaýnazardan, ýaşlar meselesi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr, milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny, jemgyýetiň durnuklylygyny, döwletimiziň kuwwatlylygyny we ýurdumyzyň abadançylygyny üpjün edýän esasy ýörelgesidir. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ösüp gelýän ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek möhüm ähmiýetli wezipeleriň biri hökmünde öz beýanyny tapdy. Bu işe döwlet möçberinde örän jogapkärli çemeleşilmelidigini dünýä tejribesi görkezýär. Taryhy ösüşiň her tapgyrynda ösüp gelýän ýaş nesle aýratyn talap bildirilýär, ýaşlaryň jemgyýete mynasyp agza hökmünde goşulyşmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

Milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak strategiýasy bu ulgamda üznüksizlik we yzygiderlilik ýörelgesi esasynda bilim bermek işinde bilimiň basgançaklarynyň arasynda özara baglanyşygy, şeýle-de bu işi amala aşyrýan bilim edaralarynyň arasynda ysnyşykly hyzmatdaşlygy göz öňünde tutýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde häzirki wagtda bilim ulgamynyň mazmunynyň täzelenmegine gönükdirilen düýpli özgertmeler öz oňyn netijelerini berýär. Ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde hemmetaraplaýyn sowatly, täzeçillige ukyply nesli terbiýelemäge bolan ünsüň has güýçlenmegi ýokary derejede ösýän intellektual jemgyýetiň kemala gelmeginiň esasy ugry hökmünde saýlanylyp alyndy. Bu gün dana pederlerimiziň asyrlaryň dowamynda sünnälän aň-düşünje, ruhy-ahlak, pelsepe gymmatlyklaryny özünde jemleýän milli bilim ulgamymyz döwrebap ösdürilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlarymyz diňe bir Türkmenistan döwletimizde däl, eýsem, daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde hem okap, bilim alyp,  eziz Watanymyza gerekli hünärmenler bolup ýetişýärler. Bilim-bagtyň binýadydyr. Bilimli adam hemişe dürs hereket edip, islendik kynçylykdan dogry netije çykarmagy başarýar. Bilimiň nur saçýan ýerinde garaňkylyk bolmaýar. Bilim, öçmeýän şamçyrag ýaly ýagtylygy bilen özüniň bar ýerinde täze ösüşleri kemala getirýär.

Bu ösüşleriň, amala aşyrylýan beýik işleriň sakasynda duran, il-gününi bagtly, eşretli günlere alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, beýik tutumlarynyň elmydama rowaç almagyny arzuw edýäris, ylym-bilimi ösdürmekde döredip beren giň mümkinçiliklerine tüýs ýürekden buýsanjymyzy beýan edýäris!

Maýa GYLYÇMÄMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Endokrinologiýa kafedrasynyň assistenti.

16aabc9b56a409.jpeg
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady

Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.


16aa9875b18c44.jpeg
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16aa91deb9c211.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.


16aa91cdfc54ce.jpeg
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.


16aa91c030579e.jpeg
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.