Garaşsyzlygyň bagtyýar ýaşlary
23-09-25
Gadymy hem müdimi türkmen ilinde toýlar toýa ulaşýar. Şu günler Diýarymyzda şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýy uludan tutulýar. Garaşsyzlygyň hözirini görüp ýaşaýan ildeşlerimiz mukaddes baýramçylygy mynasyp sowgatlar bilen garşylamak ugrunda joşgunly zähmet çekýär. Şeýle şatlykly pursatlarda ýurdumyzyň, halkymyzyň ykbalyny özgerden, bizi bagtyýar zamana, döwletli döwrana ýetiren mukaddes Garaşsyzlyk hakda, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli, parasatly syýasaty netijesinde täze taryhy döwürde gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler, ýaşlara okamaga, döretmäge, halal zähmet çekmäge döredilýän şertler barada gürrüň etmek has-da ýakymlydyr.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan, türkmen halky üçin ýatdan çykmajak taryhy wakalara beslenýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürlen düýpli özgertmeleri mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eziz Watanymyzyň gülläp ösüşiniň täze tapgyryna — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne badalga berildi. Täze başlanan döwrüň bilimleriň, tehnologiýalaryň, aň-bilim we döredijilik mümkinçilikleriniň has-da artýan eýýamydygyny durmuş görkezdi. Beýik özgertmeleriň esasynda gülleýän, gül açýan eziz ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. Şeýle ösüşleriň, bagtyýarlygyň gözbaşy bolsa Garaşsyzlykdan başlanýar.
Häzirki ösen jemgyýetimizde bilim ulgamynyň döwrümiz bilen aýakdaş gitmegi üçin zerur bolan ähli tagallalar edilýär. Ösen maglumat tehnologiýasynyň mümkinçilikleri okuw işlerine günübirin ornaşdyrylýar. Bilim bermegiň maddy we hukuk esaslary kämilleşdirilýär. Okuw-terbiýeçilik işlerinde milli we halkara tejribeler giňden ulanylýar. Ýurdumyzda milli bilim ulgamyny dünýä standartlaryna laýyk ösdürmekde «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň, «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň», «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» usuly ähmiýeti örän uludyr. Döwrüň öňegidişlikleri, jemgyýetçilik durmuşy bilen baglanyşykly dünýäde bolup geçýän wakalar, ösüşler, ylmyň, tehnikanyň gazananlary we beýlekiler bilim ulgamyna gös-göni täsir edýär. Şoňa görä-de, bilim babatda kabul edilen konsepsiýalarda dünýä tejribesini öwrenmek meselesi hem göz öňünde tutulýar. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzda beýleki ugurlar bilen birlikde bilim ulgamy boýunça halkara hyzmatdaşlyga hem aýratyn üns berilýär.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň Ýewropanyň, Aziýanyň, Amerikanyň abraýly ylym we bilim merkezleri bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýuldy. Talyplaryň we mugallymlaryň işjeň gatnaşmagynda ýurdumyzyň we dünýäniň belli bilim merkezleri bilen wideoaragatnaşyk arkaly okuw sapaklary, ylmy maslahatlar, döredijilik duşuşyklary, hünär söhbetdeşlikleri yzygiderli alnyp barylýar. Institutymyzyň mugallymlary hünär derejesini kämilleşdirmek maksady bilen dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk saklaýarlar. Indi talyplardyr mugallymlar uzak aralykdan zehin, hünär bäsleşiklerine gatnaşmaga giň mümkinçilik aldylar.
Bilim hakyndaky alada ýaşlar, ýagny ýurduň geljegi hakynda aladadyr. Çünki bilim we ýaşlar diýen düşünjeler biri-biri bilen aýrylmaz derejede baglanyşyklydyr. Ýaşlar ylym-bilim babatda kämilleşdirilýär — kämil geljek gurulýar. Ýaşlara gönükdirilýän maýa goýumlar şöhratly geljegiň kepilidir. Şoňa görä-de, bilim ulgamyna, ýaşlar syýasatyna döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär. Täze taryhy döwürde ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi, bilim almagy, kämilleşmegi, hünär öwrenmegi, erkana zähmet çekmegi, dynç almagy, ýurduň syýasy-jemgyýetçilik, önümçilik işlerine gatnaşmagy, ýürekde beslän arzuwlaryna ýetmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.
Garaşsyzlyk türkmen ýaşlaryna, has dogrusy, ähli halkymyza ylham joşgunyny berdi. Ýaşlaryň döredijilik dünýäsi halypa-şägirtlik mekdebiniň täsirinde barha kämilleşýär. Garaşsyzlyk döwrüniň bagtyýar ýaşlaryň — kalby buýsançdan, hyjuwdan, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan alkyşdan doly.
Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Annamyrat ANNADOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk gullugynyñ guralyşy we usulyýeti kafedrasynyň müdiri.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.