Türkmen gämi gurluşyk taslamasy maliýeleşdiriler

21-12-21

OPEC Halkara ösüş gaznasy (OPEC gaznasy) Türkmenistanda “Deňiz söwda floty” taslamasy üçin 45 million ABŞ dollary möçberinde karz serişdesini bölüp berer.

Bu karz dünýädäki durnukly ösüş amallary üçin OPEC gaznasy tarapyndan tassyklanan 352 million ABŞ dollarynyň bir bölegidir. Karz serişdesiniň bölünip berilmegi guramanyň Dolandyryş Geňeşiniň çarşenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen 178-nji mejlisinde ylalaşyldy. Bu barada OPEC gaznasynyň beýanatynda aýdylýar.

Beýanatda aýdylmagyna görä, Türkmenistandaky taslama demirýol, ýolagçy we gury ýükler üçin üç sany täze gäminiň gurluşygyny öz içine alar we täze gämiler işe girizilenden soň Ýewropa-Kawkaz-Aziýa ulag geçelgesiniň bir bölegi hem-de ýurtdaky iň uly portlaryň biri bolan Hazar deňzindäki Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ulanylyşyny artdyrar.

OPEC gaznasy bu taslamanyň gämi zawodynyň işgärlerine gämi gurluşygy we abatlaýyş işleri boýunça tälimleriň berilmegi arkaly tehnologik tejribeleriň paýlaşyljakdygyny mälim etdi. Söwda we ykdysady işjeňligi ösdürmekden başga-da, taslamanyň esasanam ýaş uçurymlar üçin iş mümkinçiliklerini döretmegine garaşylýar.

OPEC gaznasy 1976-njy ýylda Nebiti eksport ediji döwletleriň guramasy (OPEC) tarapyndan esaslandyrylan hökümetara ösüş maliýe guramasydyr. Gurama agza ýurtlardan agza däl ýurtlara maliýe serişdeleri gönükdirýän ýeke-täk edaradyr.

https://business.com.tm/tm/post/7987/opec-gaznasy-turkmen-gami-gurlushyk-taslamasyna-45-million-karz-beryar

16adaf479125fe.jpeg
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýunça onlaýn okuw sapagy geçirildi

2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) tarapyndan sebitiň ekologiki durnuklylygyny hem-de ulag-logistika düzümini güýçlendirmek maksady bilen amala aşyrylýan «Hazar deňzi sebitinde ýaşyl portlaryň ösüşine ýardam bermek» taslamasynyň çäklerinde onlaýn okuw sapagy guraldy.


16adaf38202b16.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä Samarkant sammitine gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 21-22-nji oktýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen “Çagalaryň geljegine maýa goýmak: nesiller üçin durnukly we adalatly ösüş” atly Bütindünýä sammitiň işine gatnaşdy.


16adaf1dbbec33.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde ŞHG-niň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň giňeldilen mejlisine gatnaşdy. Duşenbe şäherinde geçirilen mejlisde ol çagyrylan döwletiň wekili hökmünde hormatly myhman derejesinde çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 


16adaeda75b0ea.jpeg
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi

21-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady.


16ad84263950ce.jpeg
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen hepdede Baku we Ýerewan şäherlerinde geçirilen ýokary derejeli çärelere gatnaşmagy dünýäde ählumumy hyzmatdaşlygyň jogapkärli gatnaşyjysy hökmünde ýurdumyzyň yzygiderli artýan abraýynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.