AR­KA­DAG­LY ­DÖW­RÜŇ­ BAGTLY ­ÝAŞ­LA­RY

02-05-23

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda ru­hu­be­lent,­ ýo­ka­ry ­ah­lak­ly­ we­ bi­lim­li ­ýaş ­nes­li ­ke­ma­la­ ge­tir­mek­ hormatly Prezidentimiz­iň kes­git­län döw­let­ ösü­şi­niň­ stra­te­gik ­we­zi­pe­le­ri­niň ­bi­ri­dir. Arkadagly Serdarymyzyň ýaş­lar­ ba­ra­da­ky ­döw­let­ sy­ýa­sa­ty ­ola­ryň­ sag­dyn­ ös­me­gi ­hem­-de ke­ma­la­ gel­me­gi­ üçin­ has ­oňaý­ly ­şert­le­ri ­dö­ret­mä­ge,­ jem­gy­ýe­tiň ­we ­döw­le­tiň bäh­bi­di­ne­ ýaş­la­ryň­ aň­ paý­has,­ dö­re­di­ji­lik,­ ru­hy ­müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ­do­ly ­ama­la­  aşyr­ma­ga­ gö­nük­di­ri­len­dir.

Ýaş­la­ryň­ hu­kuk­ we ­dur­muş ­go­rag­ly­ly­gy­ny ­üp­jün ­et­mek, türk­men hal­ky­na mah­sus ­bo­lan ­ru­hy­ ah­lak ­we ­me­de­ni­ gym­mat­lyk­la­ry, ­sag­dyn dur­muş­ ýö­rel­ge­si­ni wa­gyz­ et­mek, ­wa­tan­çy­lyk, ­yn­san­per­wer­lik­ duý­gu­la­ry­ny,­ ra­ýat­ jo­gap­kär­çi­li­gi­ni ter­bi­ýe­le­mek, ­ola­ryň­ baş­lan­gyç­la­ry­ny gol­da­mak­ hem­-de ­hö­wes­len­dir­mek ­mil­li mak­sat­na­ma­la­ryň ­esa­sy ugur­la­ry­dyr. ­Şol­ we­zi­pe­le­ri­ üs­tün­lik­li­ ama­la­ aşyr­mak­ mak­sa­dy ­bi­len,­ ­«Türk­me­nis­tan­da ­ýaş­lar ­ba­ra­da ­döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň­ 2021­–­2025­-nji­ ýyl­lar­ üçin­ Döw­let­ mak­sat­na­ma­sy»­ ka­bul­ edil­di.­

Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary esasynda işlenip taýýarlanylan hem-­de üstünlikli durmuşa geçirilýän «Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna, şeýle­-de ýaş nesilleriň nurana geljegine gönükdirilen Döwlet maksatnamalaryna daýanýan beýik işler ýaşlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny üpjün etmekde düýpli öňegidişlikleriň gazanylmagyna uly itergi berýär. Ýurdumyzyň ykdysady, syýasy hem­de medeni durmuşynda gazanylýan üstünliklerde, ýetilýän belent sepgitlerde ýaşlarymyzyň mynasyp paýyny hem şeýle aladalaryň guwandyryjy miweleriniň hatarynda görkezmek bolar.

Ýaşlaryň hukuk hem­-de durmuş goraglylygyny üpjün etmek, olaryň milli ruhy­ahlak, medeni gymmatlyklarymyza buýsançlaryny ösdürmek, jemgyýetçilik başlangyçlaryny goldamak, sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýermeklerini gazanmak maksady bilen ägirt uly işler durmuşa ge­çirilýär. Bagtyýar ýaşlarymyzyň gazanýan üstünlikleri bolsa eziz Diýarymyzyň kuwwatyny has­da artdyrmakda, dünýä dolan şan­-şöhratyny belende götermekde uly ähmiýete eýedir. Munuň özi Arkadagly Serdarymyzyň beýik maksatlara diňe oýlanyşykly, döredijilikli işler, bedeniň hem­de ruhuň kämilligi, üstünliklere bolan ynam bilen ýetip bol­ýandygyny, sagdyn nesiller bilen ýetilmejek menziliň, bitirilmejek işiň ýokdugyny nygtaýan ganatly sözlerini ýene bir ýola ýadyňa salýar.

Ata Watanymyzyň egsilmez kuwwatyna, mizemez güýjüne, beýik geljegine deňelýän mynasyp nesilleri terbiýeläp ýetişdirmegiň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Gurbanjemal BAÝRAMOWA,
Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyñ Mehanika-tehnologoik fakultetiniñ "Goteriji akidiji ýöriteleşdirlen maşynlar we enjamlar" hünäriniň 4-nji ýyl talyby.

16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.


16a703563de1d8.jpeg
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär. 

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.