ÜSTÜNLIKLERE BESLENEN ÝYL
23-12-21
Tamamlanyp barýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda gazanylan beýik ösüşlere, durmuşa geçirilýän il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli belent maksatly işlere ser salanyňda, ýürekler buýsanýar, göwünler galkynyp, dünýäňe bagtyýarlyk çaýylýar. Asmanyň arassa howasy ýaly ajaýyp pursatlar hem ýyldyrym çaltlygynda geçip, şol ýakymly pursatlar halkymyzyň hakydasynda müdimilik galýar.
Sanlyja ýylyň içinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ykdysady ösüşiniň, il-ýurt bähbitli özgertmeleriň, ýetilen belent sepgitleriň, bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň barha gowulanmagy ýurt Baştutanymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgesiniň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini ýene-de bir gezek aýdyň görkezýär. Çünki Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe adam hakyndaky alada hormatly Prezidentimiziň ýöredýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar.
Gahryman Arkadagymyzyň «Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» diýen şygary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzy rowaçlyga, döwletli-döwrana, ýurdumyzy gülläp ösüşe getirdi. Garaşsyzlyk ýyllarynda ykdysadyýetde, syýasatda, medeniýetde, ylymda, bilimde, sportda, şeýle-de, saglygy goraýyşda we beýleki ugurlarda durmuşa geçirilen işler, geçilen her bir menzil, taryhy ähmiýetli wakalar ýurdumyzda amala aşyrylýan köpugurly beýik özgertmeleriň durmuşa ornaşdyrylýandygynyň kepilidir.
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda gysga wagtyň içinde sebitde we Ýer ýüzünde döwletimiziň halkara abraýy has hem belende göterilip, ulus-ilimiziň ýaşaýyş-durmuş derejesi täze many-mazmun bilen baýlaşdyryldy. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty has hem berkedi. Senagatda, oba hojalygynda, halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ýokary sepgitlere ýetildi. Gazanylýan beýik ýeňişler, üstünlikler halkymyzy täze zähmet üstünliklerine höweslendirýär. Olary önjeýli zähmet çekmäge ruhlandyrýar.
Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyklar ýola goýuldy. Häzirki döwürde Türkmenistan diňe bir goňşy döwletler bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak bilen çäklenmän, eýsem, dünýä döwletleri bilen köpugurly hyzmatdaşlyk alyp barýar. Hormatly Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz sebitde ylalaşdyryjy merkez bolup, dünýä ähmiýetli başlangyçlaryň öňe sürülýän ýurduna öwrüldi. Döwrümiziň beýikligi, taryhy döwürdigi, ilkinji nobatda, şunuň bilen baglanyşyklydyr. Döwletliligiň türkmeniň üznüksiz ykbalyna öwrülýändigi döwletlilik ýörelgelerini berkitmek, zerur özgertmeleri akyllybaşly amala aşyrmak, bagtly ýaşaýşy gazanmak ugrundaky tagallalarda görünýär. Hawa, şol tagallalar milletiň ykbalyny kesgitleýär, döwletimiziň dünýädäki abraýyna abraý goşýar.
Asyrlaryň dowamynda halkymyzyň döwlet gurmak, onuň saýasynda erkana ýaşamak baradaky kämil garaýşy kemala gelipdir. Bular barada Gahryman Arkadagymyzyň parasady siňen eserlerde düýpli gürrüň edilýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzy gazanalymyz bäri bitirilen işler müňýyllyklaryň tejribesi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ýeri gelende aýtsak, bu babatda halkymyzyň külli adamzada nusgalyk ýörelgesi kemala gelipdir. Şol ýörelgä daýanyp, ony ösdürip,milli Liderimiz döwletliligimizi belende göterýär.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde durmuş rahat hem joşgunly, milli pähim parasadymyz berkarar döwletimiziň adyndan dünýä ýaýylýar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan dünýäde abadan durmuşyň höküm sürýän, agzybir halkyň joşgunly zähmet çekýän, derejeli ýaşaýan ýurdy hökmünde tanalýar. Ýurdumyz ägirt uly ruhy hem ykdysady mümkinçiliklere eýe. Biziň döwletimiziň taryh üçin juda gysga döwrüň içinde gazanan belent abraýy şol mümkinçiliklerden akyllybaşly peýdalanmagy başarandygy bilen hem baglydyr. Türkmenistan müňýyllygy «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelge bilen başlady. Türkmenistan müň ýyllygy görlüpeşidilmedik taryhy özgertmeler bilen bezeýär. Türkmenistan müňýyllygyň sahypalaryna ösüş arkaly parahatçylyk gazanmagyň altyn sahypalaryny ýazýar. Türkmenistan dünýä bileleşiginiň belent münberlerinden müňýyllyklara hyzmat etjek başlangyçlary — abadançylygyň, hyzmatdaşlygyň, ösüşiň beýik başlangyçlaryny öňe sürýär.
Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň ýolunda dünýä nusgalyk işleri bitirýär. Biziň ýurdumyzda bir günüň wakasy aýlara, ýyllara nur çaýýar. Biziň ýurdumyzda bitirilýän taryhy işleriň gymmaty asyrlara uzaýar.Ata-babalarymyzyň köpasyrlyk taryhy tejribesi biziň ganymyzda, aňymyzda, ruhumyzda ýaşaýar. Milletiň ýaşamagy, öňe gitmegi üçin taryhy tejribäniň ýitirilmezligi, döwre görä ösdürilmegi, synmaz güýje öwrülmegi zerurdyr. Halkymyzda durmuşyň abadançylygy, adamlaryň ýaşaýyş derejesiniň barha gowulanýandygy aýdyň görünýär. Şu babatda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly hem ýurdumyzyň, halkymyzyň iň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylar.
Her ýylyň mynasyp at bilen atlandyrylmagy halkymyzda indi asylly ýörelgä öwrüldi. Beýik özgerişlere beslenýän ýurdumyzda geljek, 2022-nji ýyly atlandyrmak babatda hem raýatlaryň pikir-garaýyşlaryny esaslanyp, netijede, geljek ýyly «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly diýip atlandyrmak baradaky teklibi biragyzdan kabul edildi.Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli, hoşniýetli syýasaty netijesinde ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen köpugurly we giň möçberli hyzmatdaşlygynyň gerimi barha giňeýär. Watanymyzy, halkymyzy täze-täze ýeňişlere, üstünliklere ýetirýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun, alyp barýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
Möwlam HAÝTGULYÝEW,
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň “Lebapawtoulag” önümçilik birleşiginiň hünärmeni.
Abuna tassyklaýyş kody: 78390
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýunça onlaýn okuw sapagy geçirildi
2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) tarapyndan sebitiň ekologiki durnuklylygyny hem-de ulag-logistika düzümini güýçlendirmek maksady bilen amala aşyrylýan «Hazar deňzi sebitinde ýaşyl portlaryň ösüşine ýardam bermek» taslamasynyň çäklerinde onlaýn okuw sapagy guraldy.
Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä Samarkant sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 21-22-nji oktýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen “Çagalaryň geljegine maýa goýmak: nesiller üçin durnukly we adalatly ösüş” atly Bütindünýä sammitiň işine gatnaşdy.
Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde ŞHG-niň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň giňeldilen mejlisine gatnaşdy. Duşenbe şäherinde geçirilen mejlisde ol çagyrylan döwletiň wekili hökmünde hormatly myhman derejesinde çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi
21-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady.
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen hepdede Baku we Ýerewan şäherlerinde geçirilen ýokary derejeli çärelere gatnaşmagy dünýäde ählumumy hyzmatdaşlygyň jogapkärli gatnaşyjysy hökmünde ýurdumyzyň yzygiderli artýan abraýynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.