Aşgabatda 43-nji belgili täze awtobus gatnawy ýola goýuldy
25-12-21
“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy ilatymyzyň awtomobil gatnamalaryna bolan isleglerini talabalaýyk kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny gazanmak maksady bilen, 43-nji “Parahat – Bekrewe” ugur boýunça awtobus gatnawyny ýola goýdy.
“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy ilatymyzyň awtomobil gatnamalaryna bolan isleglerini talabalaýyk kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny gazanmak maksady bilen, 43-nji “Parahat – Bekrewe” täze açylan ugur boýunça gatnaýan awtobusy Siziň dykgatyňyza ýetirýär.
43-nji “Parahat – Bekrewe” ugur boýunça awtobus “Parahat” belleniş nokadyndan ugraýar, A. Garlyýew köçe – 10 ýyl Abadançylyk köçe – B. Annanow köçe – Oguzhan köçe – N. Andalyp köçe – 10 ýyl Abadançylyk köçe – Bekrewe şosse bilen hereket edip, yzyna Bekrewe şosse – 10 ýyl Abadançylyk köçe – “Älem” medeni dynç alyş merkezi binasyna baryp yzyna –10 ýyl Abadançylyk köçe – N. Andalyp köçe – Oguzhan köçe – B. Annanow köçe – 10 ýyl Abadançylyk köçe – A. Garlyýew köçe bilen hereket edip, “Parahat” belleniş nokadyna gelýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgiler: 44-33-90, 44-33-91.
Türkmenistan bilen Azerbaýjan gümrük ulgamyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde iki ýurduň arasynda gümrük hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen möhüm resminamalara gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy sişenbe güni habar berdi.
Medeniýet hepdeligi — 2026: üçünji gün
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň taryhy ähmiýeti bolan wakalarynyň üstüni ýetiren Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde sungatyň, çeper döredijiligiň dürli görnüşlerini öz içine alýan köp sanly medeni çäreler ýaýbaňlandyryldy.
Oňyn halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler
24-nji iýunda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde “Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdar Prezidentimiziň baştutanlygynda halkara dost-doganlyk gatnaşyklary — parahatçylygyň we ösüşiň berk binýady” atly maslahat geçirildi.
Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy agyr ýük ulaglarynyň sürüjilerini işe kabul edýär
Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligine degişli Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy täze iş orunlarynyň açylandygyny yglan etdi. Kärhana «KamAZ 6520» kysymly agyr ýük ulaglaryny dolandyrmaga ukyply we degişli tejribä eýe bolan sürüjileri işe çagyrýar.
Türkmenistan umumy abadançylygyň bähbidine köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürýär
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz rowaçlygyň ýoly bilen öňe barýar. Oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine yzygiderli eýerýän Türkmenistan ählumumy abadançylygyň bähbidine deňhukukly we netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge saldamly goşant goşýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.