Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ulag-üstaşyr geçelgeleriniň merkezidir
07-05-23
Mälim bolşy ýaly, dünýä ykdysadyýetiniň möhüm ugry hasaplanýan ulag ulgamy milli ykdysadyýetimiziň innowasiýa ýoly bilen durnukly ösmeginiň esasy şertleriniň biri bolup durýar. Häzirki wagtda ulag-logistika ulgamynyň möhüm ugurlary işjeňleşýär, bu bolsa halklary hem ýurtlary, sebitleri hem yklymlary biri-birine ýakynlaşdyrýan, söwda-ykdysady, ruhy-medeni gatnaşyklaryň dürli ugurlaryny öz içine alýan hyzmatdaşlyklara itergi berýär. Ýakynda paýtagtymyzda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly II halkara maslahat we sergi geçirildi. Ulag-üstaşyr geçelgeleriniň adamlaryň we harytlaryň ondan-oňa amatly geçirilmeginde hem-de durnukly ösüşi goldamakda, ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmekde ähmiýeti iňňän uludyr. Häzirki döwürde emele getirilýän halkara ulag-üpjünçilik ulgamy ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şertidir.Maslahatyň meýilnamasyna halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, logistika arkaly söwdany artdyrmagyň mümkinçilikleri, häzirki zaman ykdysadyýetinde ulagyň we logistikanyň özara arabaglanyşygy, söwdada we logistikada sanlylaşdyrma, poçta hyzmatlarynyň döwrebap ugurlary, elektron söwda, ulag-logistika düzüminiň baglanyşygyny ösdürmekde döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň orny, innowasion tehnologiýalar, ulag we logistikada ylym-bilimiň orny ýaly meseleler girizildi.
Gurulýan awtomobil, deňiz-derýa, howa, demir ýol ulgamlary diňe Türkmenistan döwleti üçin bähbitli bolman, Gündogar we Günbatar ýurtlary üçin hem derwaýysdyr. Türkmenistan häzirki wagtda ulag-üstaşyr geçelgeleriniň merkezi bolmak bilen, hormatly Prezidentimiziň bitaraplyk hukuk ýagdaýyna berk laýyklykda alyp barýan ynsanperwer daşary syýasaty netijesinde alys ýollar ýakynlaşyp, syýasy we ykdysady taýdan täze ösüşe eýe bolýandygyny beýan etmek, öwrenmek şu ylmy makalanyň maksady bolup durýar.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeltmek ugrunda alyp barýan işleri dünýä bileleşiginiň doly goldawyna eýe boldy. Durnukly ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça türkmen tarapyndan teklip edilen taslamalarynyň esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynyň biragyzdan kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Häzir Bitarap döwletimiz ulagyň ähli görnüşlerini ulanmak arkaly Ýewraziýa yklymynyň iki bölegini birleşdirmek bilen, halkara üstaşyr-ulag we logistika merkeziniň derejesinde gaýtadan berkarar bolýar. Bu babatda, Türkmenistan ulag ulgamynyň köpugurly düzümine eýedigini, ýagny awtomobil, howa, deňiz-derýa, demir ýollarynyň bolmagy bilen hem-de şu ýollar arkaly ýolagçylaryň gatnadylyşynyň, ýükleriň daşalyşynyň möçberleriniň yzygiderli artmagy milli ykdysadyýetimizde bu pudagyň paýy artýandygynyň görkezijisidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady doly pugtalandyrylýar. Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda pudagyň işini kämilleşdirmek boýunça birnäçe başlangyçlar amala aşyrylýar. Hakykatdan hem Türkmenistan ulaglar ulgamynda ýükleri daşamagyň we ýolagçylary gatnatmagyň barha artýan möçberini üpjün etmäge mümkinçilik berýän önümçilik kuwwatlyklarynyň uly gorlaryna eýedir.
Garaşsyzlyk ýyllarynda gurlan demir ýollar, gara ýollar, täze deňiz we howa menzilleri, awtoulag terminallary Bitarap ýurdumyzdan dünýä uzaýan üstaşyr ýük akymynyň köp mukdarda artmagyna aýratyn ýardam berýär. Şol sebäpli ýurdumyzda halkara ulag geçelgeleriniň ugrunda kuwwatly logistika merkezleriniň döredilmegi wajyp meseleleriň biri bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň ulaglar ulgamynda durmuşa geçirýän beýik başlangyçlary bilen Beýik Ýüpek ýoly gaýtadan dikeldilýär. Ýurdumyzyň ösen ulag ulgamy ýokary derejeli logistik halkara gatnawlar bazarynda ornuny berkidýär. Munuň özi dünýäniň hojalyk gatnaşyklaryna goşulyşmagyň möhüm alamaty bolup durýar. Bu ugur boýunça ýurdumyzyň ulaglar we kommunikasiýa pudaklary üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdebi — Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutydyr. Milli Liderimiziň tagallalary bilen bu ýokary okuw mekdebiniň hünär hataryna “Logistika” hünäri girizilmegi muňa doly şaýatlyk edýär. Munuň özi ýaş hünärmenleriň iş öwrenmeklerine we öz ugurlaryndan ussat hünärmenler bolup ýetişmeklerine uly itergi berýär. Şeýle hem bu ugurda bilim bermekde dünýäniň öňdebaryjy tejribesi hem işjeň ulanylýar. Logistikanyň ylmy taýdan öwrenilmegi bilen Türkmenistanyň halkara giňişliginde abraýynyň artjagy şübhesizdir.Bu ugruň kämilleşdirilmegi ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegine, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna giň ýol açar.
Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda logistika ulgamynda sebitara we halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, ulag-üstaşyr geçelgelerini giňeltmek ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýandygy ählimize mälim hakykat. Bu ugurda güneşli Diýarymyz halkara gatnaşyklarynda ulaglar ulgamynda dünýä bileleşiginiň derwaýys meseleleriniň oňyn çözülmegine özüniň mynasyp goşandyny goşýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda: «Türkmenistanyň dünýäniň aragatnaşyk giňişliginde möhüm baglanyşyk ulgamyna öwrülmegi üçin ulag ulgamynyň ähli pudaklaryna iri maýa goýumlaryny gönükdirmek bilen, iri göwrümli taslamalaryň başyny başladyk. «Demirgazyk — Günorta» ulag geçelgesiniň hem-de onuň yklymara ulag ugurly «Gündogar — Günbatar» birikmesiniň kemala gelmegi Ýewraziýa yklymynyň ýurtlaryna Ýewropanyň, Ýakyn, Orta Gündogaryň, Merkezi, Günorta, Günorta — Gündogar Aziýanyň bazarlaryna çykalgalary giňden açýar» diýip belleýär. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzyň söwda ýollarynyň möhüm çatrygynda ýerleşýändigi täze innowasion tehnologiýalary ornaşdyrylan ulaglar we aragatnaşyk ulgamynyň ýaýbaňlandyrylmagy bilen halkara ykdysady gatnaşyklarynyň çalt depginler bilen ösdürilmegine giň mümkinçilikleri döredýär.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary esasynda amala aşyrylýan asyryň iri ulag taslamalarynyň üstünlikli amal edilmegi bilen täze taryh ýazylýar. Bu bolsa, Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek baradaky başlangyçlaryň täze mazmuna eýe bolýandygyna ýene bir ýola şaýatlyk edýär. Häzirki zaman şertlerinde Beýik Ýüpek ýolunyň wezipesini halkara ulag logistika ulgamyny ýerine ýetirýändigi bilen tapawutlanýar. Ýeri gelende pederlerimiziň Beýik Ýüpek ýoly bilen gelýän ýükli kerwenleri, söwdagärleri güler ýüz bilen garşy alandyklaryny, olara azyk-suw berip, özara söwdalary ýokary derejede gurandyklaryny nygtamak gerek.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Bitarap ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk ulgamynda daşary ýurtlar bilen guralýan hyzmatdaşlyk Beýik Ýüpek ýolunyň kerwen geçen ugurlarynda täze many-mazmuna eýe bolýar. Türkmenistanyň çäklerinde yklymyň söwda ýollarynyň örän möhüm çatrygynda kuwwatly üstaşyr geçelgesiniň döredilýändigi, muňa häzirki wagtda çekilen we gurulmagy meýilleşdirilýän demir hem-de awtomobil ýollarynyň müňlerçe kilometriniň hem-de täze gurulýan deňiz we howa menzilleriniň we olaryň öň bar bolanlarynyň döwrebaplaşdyrylmagy hem aýdyň şaýatlyk edýär.
Garaşsyz ýurdumyzyň ulag ulgamynda Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen uly özgerişlikler bolup geçýär. Ýurdumyzyň ulag ulgamynyň önümçilik mümkinçilikleri has giňeýär. Täze awtomenzilleriň uly topary, şol sanda Türkmenabatda hem döwrebap awtomenzil ýolagçylara hyzmat edýär. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ulag ulgamy ösüşiň täze derejelerini kesgitleýär.
Bagtyýar MYRADOW,
Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Uçuş enjamlarynyň we hereketlendirijileriniň tehniki ulanylyşy hünäriniň 3-nji ýyl talyby.
Halypa mugallymy Hudaýberdi ŞEHIÝEW.
Halk maslahaty — milli demokratiýanyň dabaralanmagy
Berkarar döwletimizde milli ýörelgelerimiz üstünlikli ösdürilýär, halkymyzyň bagtyýar durmuşy üçin beýik işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ata Watanymyz ähli babatda üstünliklere eýe boldy. Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgesi türkmen halkyna bagtyýar durmuşy peşgeş berdi.
Oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegi — azyk bolçulygynyň kepili
Gadymy we baý ekerançylyk medeniýetiniň ýurdy hökmünde Türkmenistanda häzirki wagtda topraga yhlasly çemeleşmek täze many-mazmuna eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan oba hojalyk pudagynda başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän giň gerimli özgertmeler öz oňyn netijelerini berýär.
Gurban baýramy – hoşmeýillilik we ýagşylyk baýramy
Şan-şöhraty äleme meşhur bolan gadymy hem müdimi türkmen halkynyň hoşniýetlilik, ynsanperwerlik, sahawatlylyk ýaly guýmagursak asylly ýörelgelerinden ugur alyp, merdana ata-babalarymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan özboluşly ruhy-ahlak gymmatlyklaryny aýawly saklamak, milli däp-dessurlarymyzy yzygiderli ösdürmek, raýatlarymyzyň bagtyýar durmuşda ömür sürmegini has-da ýokary derejelere çykarmak eziz Arkadagymyzyň döwlet syýasatynyň baş ugrudyr.
GURBAN BAÝRAMY - MUKADDES BAÝRAM
Berkarar döwletiň eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda ata-babalarymyzdan miras galan milli toýdur baýramlarymyz şatlyk-şowhuna beslenilip, giňden bellenilip geçilýär. Şol baýramlardan biri bolan Gurban baýramy adamzadyň sagdyn we tämiz ruhy-ahlak gözelliklerini, ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyrýan, ýüreklere şatlyk paýlaýan mukaddes baýramdyr. Mübärek Gurban baýramy bagtyýar halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşaýandygyny alamatlandyrýar.
Özgerişiň we gözelligiň paýtagty
Milli senenamasynda 25-nji maý Aşgabat şäheriniň güni hökmünde dabaraly bellenilýär. Munuň özi halkymyzyň mermer paýtagtyna goýýan sylag-sarpasynyň, sap söýgüsiniň nyşanydyr. «Aşgabatda dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze mekdep, çagalar bagy gurulýar» ýa-da «Ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary açylýar» diýen ýaly ýakymly hoş habarlar paýtagtymyzyň yzygiderli ösüşlere beslenýändiginiň aýdyň beýanydyr. H
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.