Açyk sapak: «Üçgat integral we onuň hasaplanyşy»
08-05-23
Berkarar dӧwletiiň täze eýýamynyň Galkynyşy dӧwründe Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ähli ulgamlar bilen birlikde, ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamy uly ӧsüşleri başdan geçirýär. Dӧwrebap bilim ulgamynyň dӧredilmegi bilen, ýaş nesilleriň bilim derejesi artdy. Ýaşlara dӧwrebap bilim bermekde Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary hem jana aýamazakly zähmet çekýärler. Şunuň bilen baglylykda, ýaňy-ýakynda 5-nji maýda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Demir ýol ulaglary fakultetiniň Demir ýollaryň gurluşygy, ýol we ýol hojalygy hünäriniň 1-nji ýyl talyplaryň gatnaşmagynda 134-nji okuw otagynda mugallym Ogulbaýram Hatjyýewanyň «Ýokary matematika ders» sapagy boýunça açyk sapak geçirildi. «Üçgat integral we onuň hasaplanyşy» atly açyk sapagyna Ýokary matematika kafedrasynyň mugallymlary hem gatnaşdylar.
Açyk sapaga gatnaşanlar mugallymyň taýýarlan okuw-görkezme esbaplary bilen tanyşdylar. Şonuň ýaly-da, olar sapakda ulanylan usullar barada özara pikir alyşdylar. Üçgat integral we onuň hasaplanyşy bilen baglanşykly düşünjeler örän sada we ýönekeý dilde düşündirilmegi, ähli gatnaşyjylaryň göwnünden turdy. Açyk sapaga synçy hökmünde mugallymlar Ýokary matematika kafedrasynyň müdiri Geldiýew B.A; okuw bölüminiň hünärmeni Öwelekowa K.K; Kärhananyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy kafedrasynyň mugallymy Akynyýazowa Şirin dagylar gatnaşdylar. Sapagyň jemleyji bölegi, geçilen tema boýunça soraglara jogap bermek, goşmaça ýumuşlary tabşyrmak boldy. Geçirilen açyk sapagyň esasy maksady, zehinli ýaşlary taýýarlamakdan, olary matematika dersine höweslendirmekden we Türkmenistan döwletimize gerekli, ilhalar, ökde hünärmenler bolup ýetişmegini gazanmakdan ybaratdyr. Bu babatda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda Hormatly Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda netijeli işler alnyp barylýar.
Talyp ýaşlara bilim bermekde ukyp-başarnygyny gaýgyrman zähmet çekýän, şeýle hem şanly seneler mynasybetli geçirilýän baýramçylyk çärelerine işjeň gatnaşýan mugallymlaryň arasynda yokary okuw mekdebiň "Ýokary matematika" kafedrasynyň mugallymy Ogulbaýram Hatjyýewanyň ady buýsanç bilen tutulýar. Ogulbaýram Hatjyýewa öz mugallymçylyk karýerasynda onlarça ökde hasapçylary hem-de matematikçylary ýetişdirdi we şu günki günde ýetişdirmäge dowam edýär. Bu mümkinçiliklerden peýdalanyp biziň ýokary okuw jaýymyzda «Aýyň fakulteti», «Aýyň kafedrasy», «Aýyň mugallymy», «Aýyň talyby» ýaly bilim bahalandyryş bäsleşikleri geçirmek asylly däbe öwrüldi. 2022-2023-nji okuw ýylynyň ikinji ýarymýyllygynyň aprel aýynda ýokary okuw jaýymyzyň mugallymlary we talyp ýaşlary özleriniň alyp barýan işlerinde ýokary netijeleri görkezip, «Aýyň mugallymy», «Aýyň talyby» ýaly hormatly atlara mynasyp boldular. Ýeri gelende bellesem, Aprel aýynda «Ýokary matematika» kafedrasynyň mugallymy Ogulbaýram Hatjyýewa «Aýyň mugallymy» adyna mynasyp boldy. Ol okuw sapaklaryny talaba laýyk alyp barmakda, şeýle-de jemgyýetçilik işlerine we teleýaýlymlarda, gazet-žurnallarda çykyşlary ýerine ýetirmekde alyp baran işleriniň netijeleri boýunça ýokary bahalar bilen kesgitlenildi.
Şeýle bagtyýar zamanada, ýaşlara bildirilýän uly ynamyň ýyly bolan «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda okatmaga, ylym hem döredijilik bilen meşgullanmaga uly mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimiz Mähriban Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan döwletli tutumlary hemişe rowaçlyklara beslensin!
Şirin AKYNYÝAZOWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Kärhananyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy kafedrasynyň mugallymy.
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.
TÜRKMEN BEDEWLERI BÜTIN DÜNÝÄŇ YKRARYNDA
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň milli buýsanjy we baýlygy hasaplaýan behişdi ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, olaryň baş sanyny köpeltmek boýunça başyny başlan başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär.
BAGTLY DÖWRE BUÝSANÇ
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, ýaşlary ylmy gözleglere we innowasion açyşlara ugrukdyrmak döwlet syasatynyň iň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bagtyýar döwrümiziň berýän şeýle giň mümkinçiliklerinden ruhlanyp, ylmyň çet-gyrasyz dünýäsine gadam basan ýaşlaryň biri hökmünde, golaýda maňa "Ýaş alym" diýen abraýly adyň dakylmagy meniň üçin örän uly buýsanç we şol bir wagtda belent jogapkärçilik boldy.
Ahalteke bedewleriniñ dünýä jemgyýetindäki orny.
Ahalteke bedewi diňe bir at däl-de, eýsem türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren janly sungat eseridir. Taryhyň dowamynda türkmen halkynyň aýrylmaz bölegine öwrülen ahalteke bedewleri, diňe bir gözelligiň nusgasy däl, eýsem, Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýynyň we medenýetiniň möhüm sütünidir.
TÜrkmen bedewi ― parahatçylygyň ilçisi
«Türkmen bedewleri gadymy topragymyzyň gudratydyr, öý-ojagymyzyň ýaraşygydyr, bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygymyzdyr» diýip hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu günki eşretli Diýarymyzyda ahalteke bedewleri dünýä arenasynda abraýyna mynasyp hormat münberinde orun alýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.