Ykdysadyýeti sanlaşdyrmakda häzirki zaman usullar
27-12-21
Türkmenistan döwletimiziň halkara abraýyny belentliklere götermekde, onuň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmakda, hususan-da bazar gatnaşyklary şertlerinde halkara söwda dolanyşygynyň subýektleriniň arabaglanyşygynyň giňeýän döwründe Hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde uly üstünlikler gazanylýar.
Ýurdumyz tehnologik ösüş babatda uly ädimler ädýär. Bu bolsa “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” bada-bat üstünlikli amala aşyrylyp başlanmagy bilen mümkin boldy. Onda innowasion düzüme, ýokary tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna iň gowy dünýä tejribesiniň özleşdirilmegine, şol sanda ilaty durmuş taýdan goramak ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär.
Elbetde, ynsan işjeňliginiň dürli ugurlarynda innowasion maglumat tehnologiýalaryny we ulgamlaryny giňden ulanmazdan jemgyýetiň mundan beýläkki ösüşini göz öňüne getirmek mümkin däl. Sanly ykdysadyýetiň esasy aýratynlygyny täze çözgütleri kabul etmekde, täze önümleri öndürmekde we hyzmatlary ýerine ýetirmekde sanly maglumatlaryň ähmiýetiniň ýokarlanýandygy bilen düşündirip bolar. Bu günki gün ýurdumyzda hem sanly ulgama geçmeklik giň gerimli amala aşyrylýar. Şu ugurda durnukly ösüşi gazanmak üçin peýdaly teklipleri işläp düzmek zerurdyr. Şeýle ösüşleri maglumat tehnologiýalary bilen bagly ulgamlary peýdalanmak arkaly innowasion syýasatyny amala aşyrmagyň barşy bilen baglylykda Forsaýt usulýetini peýdalanmak dünýä halklarynyň mysalynda görmek bolýar. Dünýä tejribesinde Forsaýdyň jemi 3 nesli kesgitlenendir. Olar şu aşakdakylardyr:
1. Ýewropa bileleşiginiň tejribesi bolup. Ol “Lissabon strategiýasy” arkaly kesgitlenilýär.
2. Angliýanyň tejribesinde bolsa diňe tehnologiki we bazar perspektiwalaryny ybarat bolup, onuň 1-nji tapgyry 1994-1999-njy ýyllary öz içine alýar. Şeýle-de alymlar ony tehnologiki, bazar we sosial-durmuş meseleler integrasiýasy bilen häsiýetlendirýärler. Onuň 2-nji tapgyry 2000-2002-nji ýyllary we 3-nji tapgyry bolsa 2003-2004-nji ýyllary özünde jemleýär.
3. ABŞ-nyň tejribesinde "möhüm tehnologiýalary" ösdürmekde forsaýt usullaryny ulanmak arkaly kemala gelipdir. Şondan bäri Amerikanyň Birleşen Ştatlary möhüm üýtgeşmeleriň sanawyny düzmekde, jemgyýetçilik üýtgeşmelerine täsir etmäge we ýurduň jemgyýetçilik geljegini emele getirmäge mümkinçilik berýän jemgyýetçilik-syýasy çygrynda forsaýt usulýetini öwrenmekde möhüm tejribe toplady.
Forsaýt usulyýeti adaty çaklamalardan we strategiki meýilnamalaşdyrmakdan düýpli tapawutlanýar, has dogrusy ol ähli gyzyklanýan taraplary goldamaga çalyşýan gatnaşyjylar üçin geljegiň umumy görnüşini döretmäge gönükdirilen prosessi guramagyň usulyýetidir. Ol häzirki wagtda diňe bir ösen ýurtlar tarapyndan ylmy we tehnologiki gözlegleriň strategiki ugurlarynda ýa-da belli bir ýurduň içki çäginde ulanylman, eýsem, ol dünýä döwletleriniň ählisi tarapyndan gyzgyn goldanylýar. Beýan edilenler Forsaýt barlag usullarynyň postindustrial jemgyýete tarap barýan umumy adamzat siwilizasiýasynda örüsiniň has-da giňeýändigini, şeýle-de häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýan sanlaşdyrylan ykdysadyýetde wajyp meýilnamalary, çözgütleri kabul etmekde möhüm usulyýet bolup durýandygynyň aýdyň tassygydyr.
Bulardan başga-da, Forsaýt sanly gurşawda diňe bir ykdysadyýetiň täze hile geçmegi üçin wajyp teklipleri ýüze çykarmak bilen çäklenmän, eýsem, her birimiziň dünýä garaýşymyzyň üýtgemegine hem-de jemgyýetçilik aňynyň özgermegi üçin-de öz peýdaly täsirini ýetirýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli özgertmeler döwletimiziň ykdysady ösüşini üpjün etmäge gönükdirilendir. Şeýle ajaýyp zamanada biz ýaş hünärmenlere giň mümkinçilikleri döredip berýän mähriban arkadagymyzyň il, ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!
Maýsa ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň “Ykdysadyýet we amaly informatika” kafedrasynyň mugallymy.
Abuna tassyklaýyş kody: 37041
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýunça onlaýn okuw sapagy geçirildi
2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) tarapyndan sebitiň ekologiki durnuklylygyny hem-de ulag-logistika düzümini güýçlendirmek maksady bilen amala aşyrylýan «Hazar deňzi sebitinde ýaşyl portlaryň ösüşine ýardam bermek» taslamasynyň çäklerinde onlaýn okuw sapagy guraldy.
Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä Samarkant sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 21-22-nji oktýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen “Çagalaryň geljegine maýa goýmak: nesiller üçin durnukly we adalatly ösüş” atly Bütindünýä sammitiň işine gatnaşdy.
Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde ŞHG-niň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň giňeldilen mejlisine gatnaşdy. Duşenbe şäherinde geçirilen mejlisde ol çagyrylan döwletiň wekili hökmünde hormatly myhman derejesinde çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi
21-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady.
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen hepdede Baku we Ýerewan şäherlerinde geçirilen ýokary derejeli çärelere gatnaşmagy dünýäde ählumumy hyzmatdaşlygyň jogapkärli gatnaşyjysy hökmünde ýurdumyzyň yzygiderli artýan abraýynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.