MILLI YKDYSADYÝETIŇ OŇYN ÖZGERTMELERI
26-05-23
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiz ählitaraplaýyn ösdürilýär. Şeýle beýik ösüşlerde sanly ulgamyň ähmiýeti has-da uludyr. Bu babatda döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň täze gazananlaryna esaslanmak baş ugur bolup durýar. Şeýle hem ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti kemala getirmekde elektron senagatynyň ösdürilýändigi bellärliklidir. Sebäbi innowasion, ýokary tehnologiýalara esaslanýan önümçilikleriň ýola goýulmagy sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň möhüm ugurlarydyr. Munuň özi durmuşa geçirilýän işleriň toplumlaýyn häsiýete eýe bolýandygyny, sanly ykdysadyýetiň berk binýadynyň goýulýandygyny aýdyň görkezýär. Sanly ykdysadyýete geçmek bilen kompýuter tehnologiýasyny giňişleýin peýdalanmakda we döwrebap aragatnaşyk ulgamyny kemala getirmekde ýurdumyzda oňyn öňegidişlikler gazanyldy.
Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň ýolunda ähli pudaklar sazlaşykly ösüş ýoluna düşüp, täze önümçilik kuwwatlyklary emele geldi. Şunda sanly ulgamyň giň mümkinçilikleriniň netijesinde ykdysady ösüş belent derejelere çykdy. Milli ykdysadyýeti mundan beýläk hem ösdürmek, ösüşiň täze belentliklerine ýetirmek maksady bilen milli maksatnamalar esasynda netijeli işler alnyp barylýar. Türkmenistan giň göwrümli we aýdyň maksatly oňyn özgertmeleriň ýoly bilen öňe barýar. Eziz Watanymyz gülläp ösýän döwlete öwrüldi. Ykdysady ösüşiň batly depginleri Türkmenistany dünýäniň ösýän ýurtlarynyň birine öwürdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň: “Ösüş biziň alyp barýan syýasatymyzyň baş maksadydyr. Şoňa görä-de, dünýädäki syýasy, ykdysady, maliýe ýagdaýlara garamazdan, bu gün jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady özgertmelerimizi üstünlikli durmuşa geçirýäris” diýip belleýşi ýaly, durmuşa geçirilýän, alnyp barylýan işler ýurdumyzyň ykdysady ösüşini kepillendirýär.
Ýurdumyzda geçirilýän ykdysady özgertmeler toplumlaýyn we köptaraply häsiýete eýe bolup, ol ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak; tebigy baýlyklary netijeli peýdalanmak, senagat hem-de oba hojalyk önümçiligini ösdürmek we gaýragoýulmasyz durmuş meselelerini çözmek arkaly ýurduň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegi; hojalygy dolandyrmagyň çeýe we netijeli ulgamyny döretmegi; pul-karz, salgyt-býujet we nyrhlar syýasatyny kämilleşdirmegi göz öňünde tutýar. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ykdysady syýasaty halk hojalygynyň netijeliligini hemmetaraplaýyn ýokarlandyrmagy, adam faktoryny işeňňirleşdirmek arkaly bar bolan önümçilik kuwwatlyklaryny we serişdelerini doly ulanmagy; islegden peýdalanýan we dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümçiligi ösdürmegi, ýurduň peýdaly geosyýasy ýagdaýyny pugtalandyrmagy; ýurduň ykdysadyýetini dünýäniň hojalyk gatnaşyklaryna işjeň goşmagy göz öňünde tutýar.
Ýurdumyzyň ykdysady ösüşinde hususy pudagyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Hususyýetçiligiň döwlet tarapyndan goldanylmagy innowasiýalary ornaşdyrmaga, maýa goýumlaryny özleşdirmäge ýardam edýär. Makroykdysady syýasat ýurdumyzda önümiň öndürilişiniň ýokary depginleriniň saklanmagyny üpjün edýär. Demokratik döwletimiz merdana halkymyzyň yhlasly, tutanýerli zähmeti, ähli ugurlarda gazanýan üstünlikleri netijesinde dünýäde kuwwatly, gülläp ösýän döwletleriň biri hökmünde tanalýar. Eziz Diýarymyzda häzirki zaman durmuş-ykdysady infrastrukturanyň emele gelmegi gurluşyk senagatynyň ösmegine getirdi.
Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary netijesinde gazanylýan beýik ösüşler şöhratly taryhymyza altyn harplar bilen ýazylýar. Türkmenistan ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürip, dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryna goşan, halkymyzyň parahat durmuşda, bolçulykda ýaşamagy üçin uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag bolsun, türkmen halkynyň röwşen geljeginiň hatyrasyna alyp barýan beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Oguljemal HALLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Halk maslahaty — milli demokratiýanyň dabaralanmagy
Berkarar döwletimizde milli ýörelgelerimiz üstünlikli ösdürilýär, halkymyzyň bagtyýar durmuşy üçin beýik işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ata Watanymyz ähli babatda üstünliklere eýe boldy. Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgesi türkmen halkyna bagtyýar durmuşy peşgeş berdi.
Oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegi — azyk bolçulygynyň kepili
Gadymy we baý ekerançylyk medeniýetiniň ýurdy hökmünde Türkmenistanda häzirki wagtda topraga yhlasly çemeleşmek täze many-mazmuna eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan oba hojalyk pudagynda başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän giň gerimli özgertmeler öz oňyn netijelerini berýär.
Gurban baýramy – hoşmeýillilik we ýagşylyk baýramy
Şan-şöhraty äleme meşhur bolan gadymy hem müdimi türkmen halkynyň hoşniýetlilik, ynsanperwerlik, sahawatlylyk ýaly guýmagursak asylly ýörelgelerinden ugur alyp, merdana ata-babalarymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan özboluşly ruhy-ahlak gymmatlyklaryny aýawly saklamak, milli däp-dessurlarymyzy yzygiderli ösdürmek, raýatlarymyzyň bagtyýar durmuşda ömür sürmegini has-da ýokary derejelere çykarmak eziz Arkadagymyzyň döwlet syýasatynyň baş ugrudyr.
GURBAN BAÝRAMY - MUKADDES BAÝRAM
Berkarar döwletiň eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda ata-babalarymyzdan miras galan milli toýdur baýramlarymyz şatlyk-şowhuna beslenilip, giňden bellenilip geçilýär. Şol baýramlardan biri bolan Gurban baýramy adamzadyň sagdyn we tämiz ruhy-ahlak gözelliklerini, ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyrýan, ýüreklere şatlyk paýlaýan mukaddes baýramdyr. Mübärek Gurban baýramy bagtyýar halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşaýandygyny alamatlandyrýar.
Özgerişiň we gözelligiň paýtagty
Milli senenamasynda 25-nji maý Aşgabat şäheriniň güni hökmünde dabaraly bellenilýär. Munuň özi halkymyzyň mermer paýtagtyna goýýan sylag-sarpasynyň, sap söýgüsiniň nyşanydyr. «Aşgabatda dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze mekdep, çagalar bagy gurulýar» ýa-da «Ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary açylýar» diýen ýaly ýakymly hoş habarlar paýtagtymyzyň yzygiderli ösüşlere beslenýändiginiň aýdyň beýanydyr. H
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.