BERKARAR DÖWLETIŇ – BAGTLY ÝAŞLARY
10-05-23
«Biziň ösüşlerimiz, ata Watanymyzyň berkararlygy, ýurdumyzyň asudalygy, il-günümiziň abadançylygy ýaşlarymyza baglydyr».
Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.
Her täze güni şatlykly wakalara, belli senelere beslenip, toýlary toýa ulaşýan, üstünlikleri rowaçlyga oguşýan bagtyýar halkymyz Arkadagly Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşip, Berkarar Watanda bagtly durmuşda ýaşaýar. Günlerimizi abadançylyga besleýän bu bagtyýarlyk ýaş nesilleriň kalbynyň joşgunyna öwrüldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda kämil nesilleri kemala getirmekde alnyp barylýan işler dünýä nusgalykdyr.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň barha gülläp ösmeginde, Watanymyzyň şan-şöhratynyň belent derejelere göterilmeginde bagtyýar ýaşlaryň mynasyp paýy bar. Biz – ýaşlar Arkadagly Serdarymyzyň kämil paýhasynyň, durmuşa geçirýän ynsanperwer syýasatynyň netijesinde bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň eýesi bolduk. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli başlangyçlary netijesinde ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi röwşen gelejegiň eýeleri bolan biz – ýaşlaryň kämil bilim almagymyza, döretmegimize, zähmet çekmegimize, berkarar döwletimize ak ýürekden gulluk etmegimize uly mümkinçilikleri döredýär.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýakynda geçirilen VII gurultaýynda Arkadagly Serdarymyzyň “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” (rejelenen görnüşi) Türkmenistanyň Kanunyna gol çekmegi türkmen ýaşlary üçin buýsandyryjy waka boldy. Hormatly Prezidentimiziň gol çeken degişli Kanuny geljekde ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlarynda zähmet çekýän ýaşlaryň zehinini, ukyp-başarnygyny açyp görkezmeginde, olaryň bähbitlerini, hukuk-azatlyklaryny goramakda we bulary iş ýüzünde amala aşyrmakda örän ähmiýetli hukuk resminamasy bolar.
Geçen ýyl «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny durmuşa geçirmegi üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini görkezýän bolsa, şu ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy ýagty ertirlerimiziň eýelerine bildirilýän uly umytdan hem-de ynamdan nyşandyr. Munuň özi ýaşlaryň syýasy-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda durmuşa geçirilýän işlere işjeň gatnaşmagy, olaryň watançylyk, halallyk, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelenmegini gazanmak, ýaş nesliň ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek hem-de döredijilikli başlangyçlaryny goldamak ýaly asylly maksada gönükdirilendir. Bu işler ýaş türkmenistanlylary Watanymyzyň we halkymyzyň ýagty geljeginiň bähbidine täze üstünliklere ruhlandyrýar.
Arkadagly Serdarymyzyň ýaşlara bildirýän ynamy olarda geljegiň täze menzillerine, ösüşiň ýokary basgançaklaryna ruhy goldaw döredýär. Häzirki bagtyýar zamanamyzda ýaşlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmäge, halkymyza mahsus bolan ruhy-ahlak we medeni gymmatlyklarymyzy, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge gönükdirilen çäreler bu gün üstünlikli amala aşyrylyp, döwür bilen aýakdaş gadam urýan bagtyýar ýaşlar Watanymyzyň gülläp ösmegine öz mynasyp goşantlaryny goşmak ugrunda yhlas edýärler. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ylmyň gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmak babatda çynlakaý alada edip, ýaşlary kämil ylmyň we bilimiň ak ýoluna atarýar. Ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak we häzirki zamanyň innowasion tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan, giň gözýetimli nesilleri kemala getirmek ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Ýaşlaryň beýik döwrümiziň ruhuna kybap ösüp kemala gelmegi, saýlap alan hünärlerini kämil öwrenip, mynasyp käre eýe bolmaklary we zähmetde, döredijilikde, ylymda öz ukyp-başarnygyny synap görmegi üçin giň mümkinçilikler açylýar.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan ýaşlar syýasatynyň, eziz Diýarymyzda durmuşa geçirilýän döwletli tutumlaryň many-mazmunyny we ähmiýetini ýaş nesilleriň arasynda giňden wagyz etmekde yhlasymyzy gaýgyrman zähmet çekeris. Çünki biziň ýurdumyzda Milli Liderimiziň göreldesine eýerip, Watana hyzmat etmegi ömrüniň manysyna deňeýän ýaşlaryň täze nesli kemala gelýär. Watanymyzyň beýik geljeginiň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine has-da yhlasly okamak, öwrenmek, döretmek we bildirilýän ynama mynasyp bolmak türkmen talyp ýaşlarynyň baş maksady, mizemez ýol-ýörelgesidir.
Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlara bildirýän ynamlaryny ödäp, Watanymyzyň bedew batly ösüşlerine öz goşandymyzy goşarys.Biz — bagtyýar ýaşlar şu ajaýyp, eşretli zamanada ýaşaýandygymyza buýsanýarys. Eziz Watanymyzyň daýanjy hem buýsanjy bolan ýaşlara uly ynam bildirip, ýeňişlere atarýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il bähbitli, ýurt ähmiýetli alyp barýan işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Gülbahar PUHANOWA,
Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Demir ýol ulaglary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.
TÜRKMEN BEDEWLERI BÜTIN DÜNÝÄŇ YKRARYNDA
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň milli buýsanjy we baýlygy hasaplaýan behişdi ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, olaryň baş sanyny köpeltmek boýunça başyny başlan başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär.
BAGTLY DÖWRE BUÝSANÇ
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, ýaşlary ylmy gözleglere we innowasion açyşlara ugrukdyrmak döwlet syasatynyň iň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bagtyýar döwrümiziň berýän şeýle giň mümkinçiliklerinden ruhlanyp, ylmyň çet-gyrasyz dünýäsine gadam basan ýaşlaryň biri hökmünde, golaýda maňa "Ýaş alym" diýen abraýly adyň dakylmagy meniň üçin örän uly buýsanç we şol bir wagtda belent jogapkärçilik boldy.
Ahalteke bedewleriniñ dünýä jemgyýetindäki orny.
Ahalteke bedewi diňe bir at däl-de, eýsem türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren janly sungat eseridir. Taryhyň dowamynda türkmen halkynyň aýrylmaz bölegine öwrülen ahalteke bedewleri, diňe bir gözelligiň nusgasy däl, eýsem, Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýynyň we medenýetiniň möhüm sütünidir.
TÜrkmen bedewi ― parahatçylygyň ilçisi
«Türkmen bedewleri gadymy topragymyzyň gudratydyr, öý-ojagymyzyň ýaraşygydyr, bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygymyzdyr» diýip hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu günki eşretli Diýarymyzyda ahalteke bedewleri dünýä arenasynda abraýyna mynasyp hormat münberinde orun alýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.