BILIMLI ÝAŞLAR – WATANYMYZYŇ KUWWATY
28-12-25
Ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe giňden durmuşa ornaşdyrylýar. Ruhy we beden taýdan sagdyn ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek baradaky işler pähimli pederlerimiziň ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanyp durmuşa geçirilýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýaşlara uly ynam bildirilip, her bir işe özleriniň mynasyp goşantlaryny goşmaga, bilimlerini we zehinlerini aýdyň beýan etmäge giň mümkinçilikler döredilýär.
Hemme zatdan ozal ylym düşünjesiniň many-mazmunyna, wajyplygyna, aýratyn hem ýaşlaryň göz ýetirmeklerini, düýpli düşünmeklerini gazanmak häzirki döwrüň wajyp wezipesi bolup durýar. Ylmy ösüşleri belentden-belent derejelere çykarmak üçin, türkmen halkynyň dünýä ýurtlary bilen bu pudaga dahylly bolan ugurlar boýunça ugurdaş gitmegi Garaşsyz baky Bitarap döwletimizde häzirki durmuşy we geljekki ykbaly üçin örän wajypdyr.
Döwletimizde ýaşlaryň bagtyýar geljegini üpjün etmek, olaryň ylymly – bilimli, giň düşünjeli, täze tehnologiýalardan baş çykarýan adamlar bolup ýetişmekleri üçin uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki döwürde dünýäniň çalt depginler bilen ösýän döwletleriniň hataryna ynamly goşulan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda ýaşlaryň hukuklary ygtybarly goralýar, olaryň ýaşaýyş derejesi we durmuş taýdan goraglylygy yzygiderli ýokarlandyrylýar.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýaşlaryň döwrebap ylym-bilim almaklary, hünär öwrenmekleri, zähmetsöýer, giň dünýägaraýyşly, maksada okgunly, Watana wepaly, ilhalar adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Ýaşlar hakyndaky şeýle aladalaryň olaryň çagalyk döwründen başlanýandygyny, bilimlerini artdyrmaga, dünýägaraýşyny ösdürmäge, sagdyn durmuş ýörelgesiniň kadalaryny yzygiderli berjaý etmäge giň mümkinçilikleriň üpjün edilýändigini bellemek gerek. Arkadagly Serdarymyz ýaş nesliň kämil ahlak keşbini kemala getirmek babatda jemgyýetde alnyp barylýan işlere döwlet syýasatynda möhüm orun berýär. Ýaşlara halkara ölçeglerine laýyklykda bilim bermek, sagdyn bedenli, ruhubelent, käriniň hakyky ussady bolan hünärmenleri taýýarlamak döwrüň talaby bolup durýar. Kämil ahlakly we ruhubelent ýaşlary terbiýelemek üçin Watanymyzda ähli zerur şertler döredildi. Döwrüň talaplaryna doly laýyklykda gurlan hem-de iň kämil innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan bilim ojaklary ýaşlaryň hyzmatynda goýuldy.
Ýurdumyzyň ösüşini mundan beýläk hem üpjün etmek üçin ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösen, ruhy taýdan sagdyn, iş başarjaň bolup ýetişmekleri möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda ýaşlara ählitaraplaýyn goldaw berilýär. Ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyzyň esasynda mynasyp nesli terbiýeläp ýetişdirmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ýaşlarda mukaddes Watana, onuň tebigatyna söýgini, dost-doganlyk gatnaşyklaryna, maşgala gymmatlyklaryna, zähmete, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlylygy terbiýelemäge aýratyn üns berilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň uzak asyrlaryň dowamynda toplan baý durmuş tejribesine, häzirki zaman medeniýetiniň gazananlaryna daýanyp, türkmen ýaşlarynyň bilim, ylym, medeni we ruhy-ahlak taýdan sazlaşykly ösmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Bu ugurdaky işleri döwrebap ýerine ýetirmek üçin «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda», «Bilim hakynda» (rejelenen görnüşi) Türkmenistanyň Kanunlary hereket edýär, bu bolsa ýurdumyzda ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň hukuk esaslaryny, maksatlaryny, wezipelerini, ýörelgelerini we esasy ugurlaryny kesgitleýär.
Diýarymyzyň ähli künjeklerinde gurlup, ulanylmaga berlen okuw mekdeplerinde ýaşlaryň innowasion tehnologiýalardan baş çykarmaklaryna niýetlenilip, iň häzirki zaman enjamlarynyň ornaşdyrylmagynyň netijesinde bilim berlişi dünýä hil derejesine çykarylýar. Biz — bilim işgärleri hem döredilýän şertlerden ýerlikli peýdalanýarys. Özümiz hakynda döwletimiz tarapyndan edilýän aladalara jogap edip, talyp ýaşlara ýokary hilli bilim bermek, olaryň saýlap alan hünärleriniň hakyky eýeleri bolmak üçin geljekde hem tagallamyzy gaýgyrmarys.
Ýurdumyzda ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri, okamaklary, işlemekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Giň dünýägaraýyşly, ruhy we beden taýdan sagdyn, watansöýüji, zähmetsöýer nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde durmuşa geçirilýän işler bizi örän begendirýär. Biz munuň üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hemişe alkyş aýdýarys.
Sonagül DÖWLETOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Endokrinologiýa kafedrasynyň assistenti.
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.
TÜRKMEN BEDEWLERI BÜTIN DÜNÝÄŇ YKRARYNDA
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň milli buýsanjy we baýlygy hasaplaýan behişdi ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, olaryň baş sanyny köpeltmek boýunça başyny başlan başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär.
BAGTLY DÖWRE BUÝSANÇ
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, ýaşlary ylmy gözleglere we innowasion açyşlara ugrukdyrmak döwlet syasatynyň iň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bagtyýar döwrümiziň berýän şeýle giň mümkinçiliklerinden ruhlanyp, ylmyň çet-gyrasyz dünýäsine gadam basan ýaşlaryň biri hökmünde, golaýda maňa "Ýaş alym" diýen abraýly adyň dakylmagy meniň üçin örän uly buýsanç we şol bir wagtda belent jogapkärçilik boldy.
Ahalteke bedewleriniñ dünýä jemgyýetindäki orny.
Ahalteke bedewi diňe bir at däl-de, eýsem türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren janly sungat eseridir. Taryhyň dowamynda türkmen halkynyň aýrylmaz bölegine öwrülen ahalteke bedewleri, diňe bir gözelligiň nusgasy däl, eýsem, Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýynyň we medenýetiniň möhüm sütünidir.
TÜrkmen bedewi ― parahatçylygyň ilçisi
«Türkmen bedewleri gadymy topragymyzyň gudratydyr, öý-ojagymyzyň ýaraşygydyr, bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygymyzdyr» diýip hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu günki eşretli Diýarymyzyda ahalteke bedewleri dünýä arenasynda abraýyna mynasyp hormat münberinde orun alýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.