ARKADAGLY DÖWRÜŇ BAGTLY ÝAŞLARY

11-05-23

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda biz ýaş nesilleriň döwrebap bilim-terbiýe almaklarymyz ugrunda ähli mümkinçilikler döredilýär. Galkynyşly döwrümizde pederlerimiziň ýörelgesi dowam etdirilip, Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary bilen bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmekde ýokary netijeler gazanylýar.     

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ruhubelent, ýokary ahlakly we bilimli ýaş nesli kemala getirmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň anyk kesgitlän döwlet ösüşiniň strategik wezipeleriniň biridir.
Milli Liderimiziň ýaşlar baradaky döwlet syýasaty olaryň sagdyn ösmegi hem-de kemala gelmegi üçin has oňaýly şertleri döretmäge, jemgyýetiň we döwletiň  bähbidine ýaşlaryň paýhas, döredijilik, ruhy mümkinçiliklerini doly amala aşyrmaga gönükdirilendir.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň bilim ulgamyna öňdebaryjy usullar ornaşdyryldy we ol iň kämil enjamlar bilen üpjün edildi. Ýaşlaryň bilimine, terbiýesine aýratyn üns berilýän döwürde olaryň oňat bilim almaklary üçin zerur şertleriň ählisi döredilýär. Ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli, saýlan hünärleriniň eýesi bolmagy, halallyk, ahlaklylyk, agzybirlik ýaly ýagşy häsiýetlerde terbiýelenmegi baradaky alada ýurdumyzda alnyp barylýan ähli özgertmelerimiziň özeni bolup durýar. Arkadagly Serdarymyzyň döwlet derejesindäki üns-aladasy arkaly bagtyýarlyk döwrümiziň nesil terbiýesini belent derejelere ýetirmegi we ony baş wezipe edip goýmagy ýaşlarda ruhy-ahlak kämilligi ýüze çykarýar.

Ýaşlaryň hukuk we durmuş goraglylygyny üpjün etmek, türkmen halkyna mahsus bolan ruhy ahlak we medeni gymmatlyklary, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, watançylyk, ynsanperwerlik duýgularyny, raýat jogapkärçiligini terbiýelemek, olaryň başlangyçlaryny goldamak hem-de höweslendirmek milli maksatnamalaryň esasy ugurlarydyr. Şol wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen, 2021-nji ýylyň ýanwarynda «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021–2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» kabul edildi. Onuň çäklerinde kämil, berk bedenli we ruhy taýdan sagdyn, öz halkynyň taryhyny, medeniýetini we däp-dessurlaryny hem-de mizemez maşgala gymmatlyklaryny hormatlaýan şahsyýeti kemala getirmäge gönükdirilen anyk çäreler görülýär.  Munuň özi türkmen ýaşlarynyň öňünde täze wezipeleri kesgitleýär.

Garaşsyz döwletimizde ylym-bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmekde, ony dünýä derejesine ýetirmekde bitirilýän işleriň oňyn täsiri institutymyzyň gündelik durmuşynda-da duýulýar. Tejribeli mugallymlarymyz geljekki ýaş inžener-tehnologlaryň ýokary taýýarlykly hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda yhlas-tagalla edýärler. Sanly bilim ulgamynyň netijeli mümkinçiliklerinden, öňdebaryjy iş tejribelerinden ýerlikli peýdalanylmagy biz, talyplara bilim berip, hünär öwredilmeginde ýokary görkezijileriň gazanylmagyna ýol açýar.

Biz ýaşlar hem häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän ylmy-tehnologik enjamlary we okuw-tehniki serişdeleri bilen üpjün edilen mekdeplerde okuw tejribeliklerini geçýäris. Bu bolsa okuw sapaklarynda alan nazary bilimlerimizi has-da berketmäge, ylmyň gazananlaryny üstünlikli özleşdirmäge, gözýetimimizi giňeltmäge, ylym älemine bolan gyzyklanmamyzy artdyrmaga giň ýol açýar.

Ýaşlar özlerine bildirilýän beýik ynamdan, döredilýän giň mümkinçiliklerden ruhlanyp, eziz Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmak höwesi bilen Arkadagly Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşýärler.

Söhbet MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ykdysadyýet we sanly tehnologiýalary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

16a50d3298549c.jpeg
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda  talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.


TÜRKMEN BEDEWLERI BÜTIN DÜNÝÄŇ YKRARYNDA

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň milli buýsanjy we baýlygy hasaplaýan behişdi ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, olaryň baş sanyny köpeltmek boýunça başyny başlan başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär.


BAGTLY DÖWRE BUÝSANÇ

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, ýaşlary ylmy gözleglere we innowasion açyşlara ugrukdyrmak döwlet syasatynyň iň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bagtyýar döwrümiziň berýän şeýle giň mümkinçiliklerinden ruhlanyp, ylmyň çet-gyrasyz dünýäsine gadam basan ýaşlaryň biri hökmünde, golaýda maňa "Ýaş alym" diýen abraýly adyň dakylmagy meniň üçin örän uly buýsanç we şol bir wagtda belent jogapkärçilik boldy.


Ahalteke bedewleriniñ dünýä jemgyýetindäki orny.

Ahalteke bedewi diňe bir at däl-de, eýsem türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren janly sungat eseridir. Taryhyň dowamynda türkmen halkynyň aýrylmaz bölegine öwrülen ahalteke bedewleri, diňe bir gözelligiň nusgasy däl, eýsem, Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýynyň we medenýetiniň möhüm sütünidir.


TÜrkmen bedewi ― parahatçylygyň ilçisi

«Türkmen bedewleri gadymy topragymyzyň gudratydyr, öý-ojagymyzyň ýaraşygydyr, bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygymyzdyr» diýip hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu günki eşretli Diýarymyzyda ahalteke bedewleri dünýä arenasynda abraýyna mynasyp hormat münberinde orun alýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.