MAGTYMGULYNYŇ ŞYGRYÝET ÄLEMI

27-11-24

Hormatly Prezidentimiz edebi mirasymyzy öwrenmek, milli medeniýetimizi ýaşlaryň aňyna ornaşdyrmak barada uly tagallalary edýär. Hut şonuň üçinem kämil medeniýetimize we sungatymyza Ýer ýüzüniň ähli döwletlerinde belent sarpa goýulýar. Gündogaryň görnükli şahyr-filosofy, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda giňden bellenilip geçilýär. Bu Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ähli döwürleriň mukamy bolup ýaňlanýar. 

Bagtyýar türkmen halky bu gün beýik akyldar, şirin dilli söz ussady Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda - berkarar döwletde ýaşamak bilen, nusgawy şahyryň döredijiligine, edebi-mirasyna uly sarpa goýýar. Bu sarpany aňryýany bilen subut edýän halkara derejeli çözgüt hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän medeni diplomatiýasynyň, şol sanda umumadamzat medeni hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan türki dilli halklaryň örän baý medeni mirasynyň goralyp saklanylmagyna, öwrenilmegine hem-de dünýäde wagyz edilmegine gönükdirilen TÜRKSOÝ guramasy bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alyp barýan syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Soňky ýyllarda beýik ynsanperwer şahyr Magtymgulynyň goşgular ýygyndylary dünýäniň köp dillerine, şol sanda türk, rus, iňlis, azerbaýjan, arap, ermeni, belarus, gazak, özbek, täjik, gruzin, ukrain, hytaý, ýapon, rumyn we beýleki dillerine terjime edildi. Beýik şahyryň ýubileýine meýilleşdirilen çäreler onuň iň baý edebi mirasyny has çuňňur öwrenilmegine we giňden ýaýramagyna goşant goşar. Magtymguly Pyragy diňe türkmen edebiýatyna däl, eýsem dünýä edebiýatyna hem goşant goşan ajaýyp söz ussadydyr. Gahryman Arkadagymyz parasatly akyldara: “Magtymguly Pyragy sözüň güýji, gudraty bilen şygryýet äleminde ady arşa galan beýik akyldar şahyrdyr. Magtymgulynyň şygryýet älemi - türkmen edebiýatynyň buldurap akýan, çuňňur mana we çeper söze teşne kalplary gandyrýan çeşmesi” diýip baha berýär. Onuň ruhy-ahlak pikirleri umumadamzat derejesinde, şonuň bilen birlikde ýaşlary terbiýelemek işinde-de bahasyna ýetip bolmajak genji-hazynadyr. Beýik şahyr päk ahlaklylyk, ýagşylyk-ýamanlyk, ýalançy-pany düşünjelerine esaslanyp, hoşgylawlylygyň, özara sylag-sarpanyň, ylym öwrenmegiň ýol-ýörelgesini salgy berýär.

Hut şu nukdaýnazardan hem, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlykda akyldar şahyryň edebi mirasyny dünýä derejesinde öwrenmegi hem-de wagyz etmegi ýola goýmak maksat edinilýär. Şu maksatlar bilen 2024-nji ýylda Aşgabat şäherinde Halkara ylmy maslahaty hem üstünlikli geçirildi. Onuň halkara guramalary bilen hyzmatdaşlykda geçirilmegi şahyr-filosofyň edebi mirasyny dünýä derejesinde öwrenmäge we ýaýratmaga täze itergi berer. Ýurdumyzda we daşary döwletlerinde şahyryň durmuş we döredijilik ýoluna, onuň eýýamyna bagyşlanyp geçirilen köp sanly çäreler, şeýle hem täze ylmy barlaglar, türkmen nusgawy şahyrynyň eserleriniň dünýäniň halklarynyň köpüsiniň dillerine terjime edilmegi diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, dünýä medeniýetiniň buýsanjy bolan beýik söz ussadymyzyň şahsyýetine we mirasyna gyzyklanmany artdyrdy.

Mundan başga-da, ak mermere bürenen ak şäherimiz Aşgabatda Türkmenistanyň halk suratkeşi, heýkeltaraş Saragt Babaýew tarapyndan Magtymgulynyň 60 metr beýiklikdäki täze ýadygärligi döredildi. Şeýle hem, şahyryň dogduk mekanynda, onuň adyny buýsanç bilen göterýän etrabynda Magtymguly Pyragynyň medeni ýadygärlikler toplumynyň hem-de muzeýiň açylandygyny guwanç bilen bellemelidiris. Munuň özi Magtymguly Pyragynyň baý, gymmatly edebi mirasyny, dünýewi garaýyşlaryny ylmy esasda öwrenmekde, akyldar şahyryň bahasyz edebi we pelsepewi mirasyny giňden wagyz etmekde örän ähmiýetli bolup durýar. Gündogaryň beýik akyldary, şirin dilli söz ussady Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda ýaşamak, Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp ösüşlerine gözli şaýat bolmak biz üçin çäksiz bagtdyr.

Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Amangül NARBAÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallym-owrenijisi.

16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.


16a703563de1d8.jpeg
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär. 


16a70327b2209d.jpeg
Milli demokratiýanyň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdy hemmetaraplaýyn özgertmekde, jemgyýeti jebisleşdirmekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr.


16a6b6a94cf074.jpeg
Merkezi kazyýet lukmançylygynyň belent sepgitleri

Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde kazyýet lukmançylygy gullugy hem täze ösüş ýoluna düşdi. 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda açylan Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasy geçen on ýylyň dowamynda özüni ýokary derejeli ylmy-amaly merkez hökmünde tanatdy.


16a50d3298549c.jpeg
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda  talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.