MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ GOŞGULARYNYŇ TERBIÝEÇILIK ÄHMIÝETI
20-11-24
Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, ajaýyp goşgulary halkara derejesinde uly meşhurlyga eýedir. Şahyryň döreden goşgulary, olarda öňe sürýän pikirleri çuňňur many-mazmuna eýe bolup, okyjylaryň kalbynda orun alýar. Täze taryhy eýýamda akyldar şahyryň ajaýyp eserleri ylmy esasda öwrenilýär we dünýä ýaýylýar. Ynsan kalbyna şygyrlary bilen ýagşylyk, halallyk, watansöýüjilik şuglasyny çaýýan, ruhy lezzet berýän akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň nakyla öwrülen, öwüt-ündew berýän ajaýyp setirleriniň terbiýeçilik ähmiýeti diýseň uludyr. Dünýä okyjylary şahyryň eserlerini çuňňur sarpa goýmak bilen okaýarlar, şygyrlaryň çeperçiligine, many-mazmunyna haýran galýarlar.
Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň ýerleşýän ýeri bolan Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisinde türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýyly “Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly”, Türkmenistanyň gadymy Änew şäherini bolsa 2024-nji ýylda “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýip yglan etmek hakynda türkmen tarapynyň öňe süren başlangyçlary biragyzdan goldanyldy. Bu hoş habar türkmen halkyny buýsandyrdy. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň milli medeniýetimizi, edebiýatymyzy çuňňur öwrenmekde, dünýä ýaýmakda uly tagallalary edýändigini aýdyň beýan edýär.
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ömrüni we döredijiligini öwrenmekde Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz ajaýyp nusga görkezýär. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk kitaplarynda milli ýörelgelerimiz, akyldar şahyryň döredijiligi barada çuňňur manyly pikirler beýan edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynda: “Magtymguly akyldar halkymyzyň akyl-paýhasa bolan yhlasly ymtylmasyny beýik derejä göterdi. Il-halkyň paýhasynda özleşdirilen bu ýörelgeler durmuş ulgamyna öwrüldi. Şonuň esasy hem geljekki nesilleriň ykbaly barasyndaky düýpli aladalardadyr” diýlip bellenilýär.
Magtymguly Pyragynyň terbiýeçilik älemi Watan mukaddesligine bagyşlanandyr. Akyldar şahyr öz şygyrlarynda bir döwlete, bir Watana gulluk etmegi, onuň mukaddesligini, asudalygyny gorap saklamagy ündeýär. Akyldar şahyrymyzyň miras galdyran, asyrlar aşyp, bize gelip ýeten watançylyk taglymy, röwşen pelsepewi pähimleri, aýdyň pikirleri ösüp gelýän ýaş nesiller üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Garaşsyz döwleti gurup, bagtyýar geljege ynamly garaýan halky jebisleşdirmek, agzybir, asuda ýaşamak, bir döwlete gulluk etmek belent üstünliklere ýetmegiň esasy ýoludyr. Magtymguly Pyragynyň paýhasy ähli ildeşlerimiziň ýürek töründe orun alýar. Bu gün Magtymguly Pyragynyň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan dürdäne şygyrlary watançylygyň, ynsanperwerligiň we döwletliligiň waspyna öwrülip, dünýä dillerinde belent ýaňlanýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň mertebesi has-da belende göterildi, onuň agzybirlik, dostluk-doganlyk baradaky pikir-garaýyşlary okyjylaryň ünsüni has-da özüne çekýär. Şahyryň ylym-bilim, watançylyk, belent adamkärçilik ýaly öwüt-ündewli goşgulary uly gyzyklanma bilen okalýar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi edebiýat nukdaýnazaryndan hem, dil bi-limi esasynda hem öwrenilýär. Akyldar şahyryň ýagşylyk, belent adamkärçilik, ýagşy sözlemek hakdaky goşgulary ähli döwürlerde hem okyjylary özüne çekipdir. Ildeşlerimiz Magtymgulynyň döredijilik dünýäsine çuňňur gyzyklanma bildirip, onuň goşgularyny üns bilen okaýarlar.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmen medeniýetiniň we sungatynyň ösüş aýratynlyklaryny çuňňur öwrenmek, has-da kämilleşdirmegini, täze derejelere göterilmegini üpjün etmek boýunça ýurdumyzda uly işler alnyp barylýar. Magtymguly Pyragynyň ajaýyp goşgulary dünýäniň ençeme dillerine terjime edildi. Bu hem şahyryň döredijiliginiň dünýäniň okyjylarynyň ünsüni özüne çekýändigini aýdyň beýan edýär. Magtymguly Pyragynyň ajaýyp döredijiligini dünýä ýaýmakda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Ogulgerek ŞALYKOWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.