MAGTYMGULY PYRAGY - SÖZ ÄLEMINIŇ ÄGIRDI

25-11-24

Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragy özüniň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan şygyrlary bilen ynsan kalbynda müdimi orun eýeledi. Akyldar şahyryň döredijiligi türkmen halkynyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygyna öwrüldi. Şahyryň goşgularynda il-gün, Watan hakynda çuňňur pikir ýöredilýär. Şonda eziz Watanyň, mähriban halkyň bilen bir bolmakdan uly bagtyň ýokdugyna göz ýetirýärsiň. “Ilim-günüm bolmasa, Aýym-Günüm dogmasyn” diýýän halkymyz bu gün agzybirlikde akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilýär. Söz äleminiň ägirdi, halkymyzyň ruhy ahwalyny paýhas eleginde elän türkmen danasy Magtymguly Pyragy müňýyllyklaryň şahyrydyr. Onuň gönezligidir süňňi pelsepewi pikirlere ýugrulan şygyrlary nakyla, milli ýörelgä öwrülip, halkyň aňynda baky ýaşaýar. Sebäbi şahyr il-ulsuň ynam-ygtykadyny, isleg-niýetini, azruw-umydyny, milli gymmatlyklara garaýşyny, bir söz bilen aýdanyňda, ýürek sesini şygyrlaryna siňdirip, özünden soňky nesillere miras galdyrdy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda türkmen halkynyň baý hem-de şöhratly taryhy, medeni mirasy ylmy esasda öwrenilip, ony ýaş nesle ýetirmek, gorap saklamak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ösüp gelýän nesilleri watansöýüjilik, ynsanperwerlik, ahlak we adamkärçilik taýdan terbiýelemekde edebi mirasymyzyň uly ähmiýeti bardyr. Şoňa görä-de, edebi mirasymyzyň şamçyragy bolan Magtymguly Pyragynyň ebedilige ýugrulan döredijiligini giňden wagyz etmek hem-de öwrenmek wajyp işleriň biri hökmünde kesgitlenildi. Magtymgulynyň döredijiliginde watançylyk we gahrymançylyk temasy aýratyn orun tutýar. Şahyryň goşgularynyň çuňňur many-mazmuny, paýhasly pikirleri nesil terbiýesinde uly ähmiýete eýedir. Ýokarda-da aýdyşymyz ýaly, şahyryň öwüt-nesihat häsiýetli goşgularynyň ençemesi halk içinde nakyllara, paýhasly jümlelere öwrülipdir. Onuň goşgulary bagşylar tarapyndan aýdym edilip hem aýdylýar. Munuň özi akyldar şahyryň şygyrlarynyň il içinde giňden meşhurdygyny görkezýär. Hut şu nukdaýnazardan, ýaş nesillere öwüt-nesihat edilende, şahyryň goşgularyna ýüzlenilýär.

Akyldar şahyr ulyny sylamak, olara hormat goýmak ýaly häsiýetlere adamkärçiligiň iň gowy taraplarynyň biri hökmünde garaýar. Uly adam özünden kiçä ýumuş buýursa ony ýerine ýetirmeli. Uly adam nirede duş gelse-de, oňa kiçiler ilki salam bermeli. Adamlaryň köp ýerinde özüňden ula hormat goýup, olar geçýänçä garaşmaly. Uly adam gürläp otyrka onuň sözüni bölüp arasyna düşmeli däl diýen ýaly pikirler şahyryň goşgularynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Magtymguly Pyragynyň akyl-paýhasa ýugrulan öwüt-nesihatlary bir-biri bilen utgaşykly baýlaşdyrylýar. Ol öwüt-nesihatlar adamlaryň gündelik durmuşynda duş gelip durýan hereketler, gylyk-häsiýetlerdir. Ýokardakylardan görnüşi ýaly, Magtymguly Pyragy halk pedagogikasynyň ahlaklylyk we ahlak terbiýesi hakyndaky pikirlerini hakykatyň üsti bilen düşündiripdir, dürdäne sözleri arkaly wagyz-nesihat edipdir.

Akyldar şahyr öz döredijiliginde ynsanyýetiň ykbalyna, ýaşaýşyna dahylly meseleleriň ählisine diýen ýaly ýüzlenipdir. Öňdengörüji, jahankeşde Magtymguly Pyragy jöwher paýhasyndan syzylyp çykan goşgularynyň üsti bilen türkmen halkynyň milliligini dünýä ýaýmakda ägirt uly iş bitiren şahsyýet. Onuň goşgularynda türkmeniň ýer-ýurt, tire-taýpa we adam atlary bilen bir hatarda mähriban topragymyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň düşünjelerini atlandyrýan sözler hem köp duş gelýär. Şahyr söz mülkünde türkmeniň gözel tebigatynda bitýän ösümlikleriň, baý haýwanat dünýäsine degişli bolan nerdir maýanyň we beýleki haýwanlaryň atlaryny ýokary çeperçilik serişdesi hökmünde ulanypdyr. Türkmen halkynda ner güýç-kuwwatlylygyň nyşany hökmünde tanalýar. Hut şu jähetden hem akyldar şahyryň goşgularynyň köpüsinde diýen ýaly neriň ady agzalyp, ol gaýratlylygyň nyşany hökmünde suratlandyrylýar. Türkmen halkynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň şahyrana hazynasyny ylmy esasda seljermek, onuň pelsepewi esaslaryny açyp görkezmek üçin türkmen alymlary tarapyndan uly işler alnyp barylýar.

Häzirki döwürde beýik akyldaryň şygyrlary giňden öwrenilýär, olaryň baý many-mazmuny gazet-žurnallaryň, teleradioýaýlymlaryň üsti biten halk köpçüligine ýetirilýär. Akyldar şahyryň baryp, XVIII asyrda aýdan nesihatlary, öwüt-ündewleri bu gün nesiller üçin hem uly durmuş mekdebidir. Beýik Pyragynyň arzuwlan berkarar döwletini Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen bu gün bütin dünýä tanaýar. Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň uludan bellenilmegi halkymyzy örän buýsandyrýar. Türkmen halkynyň akyldar şahyryna goýýan belent sarpasy barha artýar. Onuň döreden eserleri her bir türkmen ojagynda mukaddes saýylyp, tükeniksiz ylham çeşmesi bolup hyzmat edýär. Magtymguly Pyragy özüniň dürdäne setirleri bilen köňüllerde, ýüreklerde baky orun alan şahyrdyr.

Nurtaç HALMYRADOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.

TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.


MUKADDES GYMMATLYK

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, parahatçylyk we dostluk dünýädäki iň uly gymmatlykdyr. Türkmenler adamzat taryhynyň ähli döwürlerinde hem bu gymmatly kadalara ygrarly bolan halkdyr. Aziýany we Ýewropany birleşdirýän türkmen topragy hemişe parahatçylygyň, ygtybarlylygyň we howpsuzlygyň sebiti hökmünde giňden tanalypdyr.


BEDEW BATLY, AT-MYRATLY ÝYLYMYZ

Ata-babalarymyzyň asyrlar boýy kemala getirip, umumadamzat gymmatlygyna öwrülen bedew atlarymyzyň  gadyr-gymmaty ajaýyp zamanamyzda has hem arşa göterildi. Hormatly Prezidentimiz “Bagtyýar türkmen halkynda buýsanmaga, guwanmaga zat kän. Ata-babalarymyzyň döreden maddy gymmatlyklarynyň naýbaşylarynyň biri hasaplanýan türkmen bedewleri halkymyzyň buýsanjydyr” diýip belleýär. Hakykatdan hem bedew halkymyzyň şany-şöhraty, milli buýsanjy, göz guwanjydyr.


DAŞARY ÝURT DILLERINI ÖWRENMEK DÖWRÜŇ TALABY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýaşlaryň döwrebap bilim almaklaryna, dünýä dillerini öwrenmeklerine, saýlap alan kärlerine eýe bolmaklaryna, ylmy işlerini alyp barmaklaryna, aň-paýhas ösüşine, döredijilik başarnyklaryny durmuşa geçirmeklerine, sport bilen meşgullanmaklaryna uly ähmiýet berilýär.


1694a2c3ba155b.jpeg
Watanymyzyň rowaçlygynyň we ählumumy abadançylygyň bähbidine strategik hyzmatdaşlyk

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.