Magtymguly – beýik söz ussady
27-12-24

Hawa, akyldar şahyr “Magtymguly diýip adym tutsalar...” diýip arzuw edipdir. Adamzat kalbynyň şahyry Magtymguly Pyragynyň arzuwy Garaşsyzlyk ýyllarynda amala aşdy. Şahyr, ilkinji nobatda, berkarar döwleti isläpdir. Berkarar döwleti gurmagyň ilkinji synmaz sütüniniň agzybirlikdedigine düşünip, erkin-azat ýaşamagyň sakasy bolan agzybirligi arzuw edipdir. Arzuwlaryny özüniň ölmez-ýitmez eserlerine siňdiripdir. Ýaşan ömründe adamzat kalbynyň çuňluklaryna aralaşmagy başaran, şahyr Magtymguly Pyragynyň filosofiki pikirleriniň, kämil dünýägaraýşynyň diňe bir türkmen poeziýasyna däl, eýsem bütin dünýä poeziýasyna, medeniýetine ýetiren täsiri çäksizdir. Onuň many goýazylygy ýetik, özboluşly teoretiki garaýyşlara baý bolan şygyrlary bu günki gün bütin dünýäde söýlüp okalýar.
Gahryman Arkadagymyzyň “Mähriban topragynyň hakyky watançysy we onuň joşgunly waspçysy Magtymguly Pyragy ýüzlerçe ýyl mundan öň öziniň şygyrlarynda halkymyzyň agzybirligi we jebisligi, watanymyzyň azatlygy we bagtyýarlygy barada arzuw edipdi” diýip belleýşi ýaly, bu gün şahyryň ajaýyp şygyrlary öz ähmiýetini, çeperçilik gymmatyny, akyl paýhasa baý many-mazmunyny birjik-de egsenok.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenip geçilmelidigi hakynda belläp geçmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe onuň ynsanperwerlige ýugrulan beýik ýörelgeleriniň bütin adamzadyň gymmatlygy hökmünde ykrar edilýändiginiň ajaýyp subutnamasydyr. Halkymyz geçen asyrlarda hem Magtymgulynyň şygyrlarynda öňe sürülýän paýhasy durmuşyň beýik kanuny hökmünde diýseň aýawly hem berk tutupdyr. Ony öziniň esasy ýörelgesine öwrüpdir. Magtymgulynyň öňe süren ruhy-ahlak garaýyşlary, ýagny ynsap, päklik, erkinlik, adalatlylyk ýörelgeleri türkmen halky üçin şu günem juda gymmatly bolmagynda galýar.
Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň ýörite çykaran Karary esasynda 2014-nji ýylda edebiýatymyzyň parlak ýyldyzy bolan Magtymgulynyň doglan gününiň 290 ýyllygy halkara derejesinde uly dabara bilen bellenip geçildi. Şeýle hem ussada goýulýan hormat hökmünde “Magtymguly adyndaky Halkara baýragy”, “Magtymguly Pyragy” medaly döredildi. Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda Magtymgulynyň ynsaplylyk, adamkärçilik ruhy halkymyzyň ýürekleriniň aýdymyna öwrüldi.
Şahyr:
- Jeýhun bile Bahry-Hazar arasy,
Çöl üstünden öser ýeli Türkmeniň.
- diýen goşgy setirleriniň üsti bilen göze görünip duran şekilinde ýurdumyzyň Döwlet kartasyny çekip görkezýär. Bu bolsa Magtymgulynyň jahankeşde adam bolandygyndan habar berýär. Ol umumadamzat şahyry, dünýäniň akyldarydyr. Şonuň üçin-de ol ähli döwürleriň, ähli göwünleriň şahyry hasaplanylýar.
Aýsultan RUSLANBEKOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby.

Bitaraplyk — Parahatlyk
Häzirki wagtda döwletimiz ykdysadyýeti, durmuş ulgamy okgunly ösýän, döredijilik başlangyçlary öňe sürýän ýurt, halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde giňden tanalýar. Bu üstünlikleriň gözbaşynda giň ykrarnama we dünýäniň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk syýasatymyz durýar.

MUKADDESLIKLERIMIZE SEŽDE
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar.

«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi
24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.

Diýarymyzda Türkmen halysynyň baýramy bellenildi
25-nji maýda paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi.

Döwlet gullugy akademiýasynyň wekillleri adam serişdelerini dolandyrmakda innowasion çemeleşmeler boýunça onlaýn okuwlaryny geçdiler
2025-nji ýylyň maý aýynyň 26-30-y aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Russiýanyň halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasynyň arasynda Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň çäklerinde adam serişdelerini dolandyrmak ulgamy boýunça onlaýn okuwlaryny geçýärler.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.