Sanly ykdysadyýetiň esasy aýratynlyklar
16-05-23
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz uly ösüşlere beslenýär, täze mümkinçiliklere eýe bolýar. Munuň özi Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysady ösüşleriniň belent derejelere eýedigini, ösüşlerimiziň dowamat dowam bolýandygyny aýdyň beýan edýär. Häzirki wagtda ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda belent üstünlikler gazanylýar. Esasan hem milli ykdysadyýeti ösdürmekde sanly ulgamyň aýratyn orny bardyr. Sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri hem ylmy esasda öwrenilýär we alymlaryň pikirdir garaýyşlary beýan edilýär.
Häzirki döwürde eziz Diýarymyzda amala aşyrylýan giň möçberli döwlet syýasaty netijesinde ýaş nesil hakyndaky alada ileri tutulýan ugurlaryň birine öwrüldi. Türkmenistanda ýaş nesliň ösen döwrüň talaplaryna laýyk derejede bilimli, terbiýeli, sagdyn bolmagy, hünär almagy we ylmy döredijilige ugrukmagy, ata Watana, halka, beýik pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin netijeli işler durmuşa geçirilýär.Häzirki wagtda ata Watanymyz Türkmenistan bütin dünýäde ykdysady taýdan ösen güýçli senagat döwleti hökmünde ykrar edilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiz diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilýär, onuň pudaklaryna ylmy-tehniki ösüşiň iň soňky gazananlary yzygiderli ornaşdyrylýar. Bu ugurda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmeklige döwlet derejesinde aýratyn uly üns berilýär.
XXI asyr tehnologiýalar asyry. Bu asyr innowasiýalaryň çalt ösýänligi — täze kämil görnüşleriniň oýlanyp tapylýandygy bilen tapawutlanýar. Ylmy-tehniki progresiň şeýle çalt depginler bilen ösmegi netijesinde döredilýän innowasion tehnologiýalaryň mümkinçilikleriniň çäksizdigi bolsa, aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Şoňa görä-de, häzirki zaman innowasiýalar eýýamynda biziň durmuşymyzyň ähli ugurlary tehnologiýalaşdyrylýar. Indi olar adamzat durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülip, durmuş müşgilliklerini ýeňilleşdirmäge ýardam berýär, ählumumy durnukly ykdysady ösüşiň binýady hökmünde doly ykrar edilýär.
Ýurdumyzda bilim edaralaryny okuw kitaplary hem-de okuw-usuly gollanmalar bilen üpjün etmekde, olara dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalary we okuw-tehniki enjamlary ornaşdyrmakda işler yzygiderli alnyp barylýar. Ylmyň iň täze gazananlary hem-de okatmagyň innowasion usulyýeti bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň sebitde we halkara derejesinde syýasy, ykdysady hem-de medeni ugurlarda işjeňligi barha giňişleýin häsiýete eýe bolýar. Jemgyýetimiziň milli, umumadamzat gymmatlyklary esasynda ösmegi we kämilleşmegi, hemmetaraplaýyn ösen şahsyýeti kemala getirmek wezipesi raýatlaryň döwrebap bilim almagynyň häzirki zaman şertleriniň döredilmegini, şol sanda sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegini talap edýär.
Ýaşlaryň dünýä ülňülerine laýyk bilim almagynyň möhüm şertleriniň biri-de olaryň häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryny netijeli ulanyp bilmegini gazanmakdan ybaratdyr. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň häzirki ösüş tapgyrynda öňde durýan bu möhüm wezipe dünýäniň öňdebaryjy gazananlarynyň esasynda milli sanly bilim ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini, okatmagyň innowasion çemeleşmeleri bilen utgaşyklylykda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň bilimiň ähli basgançaklarynda giňden ornaşdyrylmagyny şertlendirýär.
Sanly ykdysadyýet informasion-kommunikasion tehnologiýalara esaslanan ykdysady, durmuşy we medeni aragatnaşygyň ulgamy diýmekdir. Şonuň üçin hem sanly ulgamyň, informasion-kommunikasion tehnologiýalaryň ähli mümkinçiliklerini giňden peýdalanmak we durmuşa ornaşdyrmak ýokary derejede alnyp barylýar. Bu babatda iň täze mümkinçilikler we gazanylanlar işjeň durmuşa ornaşdyrylýar. Şunda hünärmenleriň taýýarlygyny hem aýratyn bellemek gerek, çünki informasion-kommunikasion tehnologiýalara erk edýän hünärmenleriň zerurlygy üstünlikli çözülýär. Häzirki wagtda uniwersitetimizde ýokary derejeli hünärmenler taýýarlanylýar. Esasan hem ýokary tehnologiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenler tebigy bilimleri oňat özleşdirip, dürli ylmy garaýyşlaryny beýan edýärler.
Sanly bilim ulgamyny ösdürmek bu ugurda tehnologiki täzeçilligi döretmegi we ýaýratmagy, bilim edaralarynyň tehnologiýa taýdan ösmeginiň çaltlandyrylmagyny, şeýle hem bilimiň ähli derejeleri üçin zerur elektron maglumatlar gorunyň döredilmegini we olara tor arkaly elýeterliligi üpjün etmegi göz öňünde tutýar. Hut şol sebäpli-de, biziň ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmekde, ýaş nesillere berilýän bilimiň ýokary netijeliligini gazanmakda uly aladalar edilýär. Bilimiň ähli basgançagyndaky edaralar ýokary tehnologiýalar bilen üpjün edilýär. Bu bolsa ýaş nesilleriň dünýä ülňülerine laýyk bilim almaklaryna şert döredýär.
Okadylýan dersler bilen baglanyşykly elektron okuw kitaplary, okuw gollanmalary, interaktiw-multimediýa programmalary döredilýär. Bu bolsa ýerine ýetirilýän işleriň ýeňilleşmegine, wagtyň tygşytlanmagyna, zerur bolan gereklimaglumatlary gysga wagtda tapmaga şert döredýär.
Sanly bilimi ösdürmekde ýaşlaryň häzirki zamanyň kämil tehnologiýalaryndan baş çykarmaklaryny gazanmak möhümdir. Şol sebäpden hem ýaş nesle bilim bermekde bilim işgärleriniň hünär taýýarlygy zerurdyr. Bu ugurda Diýarymyzyň ähli bilim edaralary häzirkizaman kompýutertehnologiýalary bilen yzygiderli üpjün edilip, mugallymlaryň kompýuter sowatlylygy kämilleşdirilýär. Hünärkämilleşdiriş merkezlerinde bu ugur boýunça degişli okuwlar üstünlikli geçirilýär.
Häzirki zaman maglumatlar jemgyýetinde şahsyýetiň bilimi we aňlaýyş ukyby ýurduň milli baýlygyna degişli bolup durýar. Ylym-bilimiň ähli ösüşleriň sakasydygyna düşünýän bagtyýar ýaşlarymyz bu ugurda uly üstünlikleri gazanyp, ýurdumyzda döredilýän uly mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýarlar. Ata Watanymyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmekde alyp barýan döwletli işleri üçin hormatly Prezidentimize alkyş sözlerimiz egsilmezdir.
Guwanç ALLABERDIÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ykdysadyýet we sanly tehnologiýalary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.