Sanlaşdyrmak — döwrebap ösüşleriň gözbaşy
17-05-23
Türkmenistanda bilimli ýaş nesli terbiýelemek, okatmak döwletimiziň esasy aladalarynyň biri bolup durýar. Ruhy baý we ýokary ahlakly şahsyýetiň kemala gelmegi üçin ähli şertler döredilýär.Ýurdumyzda bilim bermegiň innowasion usullaryny ornaşdyrmaga, informasion-kommunkiasiýa tehnologiýalaryny ösdürmäge we kärine ussat hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilen düýpli özgertmeleriň birnäçesi amala aşyrylýar. Bu ugurda täze kanunçylyk namalarynyň işlenilip taýýarlanylmagy – milli bilim ulgamyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmagyň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýar.
Maksatnamalaýyn we oýlanyşykly alnyp barylýan sanly tehnologiýalary durmuşa ornaşdyrmak işleri bilim ulgamynda-da üstünlikli amala aşyrylýar. Sanly ulgamyň ýurdumyzyň bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy bilen, mekdep okuwçylary, talyplar, bilim işgärleri biri-birileri bilen çalt maglumat dolanyşygynda bolmak bilen bilelikde, dünýä tejribesiniň gazananlaryndan hem peýdalanýarlar. Şunuň bilen baglylykda, öwrenýänler öňküden az wagtda has köp maglumata eýe bolup bilýärler. Sanlylaşdyrmagyň ilerlemesi, onuň durmuşa çalt ornaşdyrylmagy bilim ulgamynda hökmany zerurlyk bolup durýar. Sebäbi ulgama ornaşdyrylan sanly tehnologiýalar ýaş nesilleriň aň-bilim ösüşini üpjün edýär, şeýlelikde, bilim-terbiýeçilik işi has netijeli häsiýete eýe bolýar. Sanly tehnologiýalar bilim ulgamynyň döwre laýyk, geljekki talaplary ýerine getirýän ulgam bolmagyna, bilimiň ýaýraw çäginiň giňelmegine we ykdysady taýdan elýeterli bolmagyna öz täsirini ýetirýär.
Dünýä ylmynyň gazananlaryny ýene ylmyň hyzmatyna bermek işi bilim ulgamyny sanlylaşdyrmak bilen amala aşyrylýar. Häzirki wagtda sanly ulgama geçmekde bilim ulgamyna uly orun degişlidir. Sanly bilimi ösdürmek üçin, ilkinji nobatda, bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlardyr hünärmenleriň, şeýle-de bilim alýanlaryň häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarmaklarynyň zerurdygy öz-özünden düşnüklidir. Şeýlelikde, häzirki zaman tehniki serişdeleriň we maglumat gorlarynyň ulanylyşynda bilim işgärleriniň bu ugurda taýýarlygyny kämilleşdirmek wezipesi hem öňe çykarylýar.
Şunda ýurdumyzyň bilim edaralarynyň biri bolan Türkmenistanyň Inžener-tehnki we ulag kommunikasiýalary institutynda hem ösen innowasion tehnologiýalary bilen üpjün edilmegi, mugallymlaryň kompýuter sowatlylygynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi örän uly ähmiýete eýedir. Ony durmuşa geçirmegiň birinji tapgyrynda meýilleşdirilen çäreler boýunça ýokary okuw mekdebinde hünärmenler, professor mugallymlar, şeýle-de ýaşlar tarapyndan sanly bilim ulgamynyň tor programma üpjünçiligi, onuň binýadynda sanly bilim portallary işlenip taýýarlanyldy.
Bilim ojagymyzda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde, ýurdumyzyň ýokary hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda, şol sanda bilim babatda hyzmat daşlyk edilýän daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri, ylym-bilim merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar yzygiderli guralýar. Çünki ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde alnyp barylýan bilim–terbiýeçilik ylym, sport, medeni-köpçülik işlerini ýurdumyzda amala aşyrylýan döwlet ähmiýetli özgertmeleri, ösüşleri giňden şöhlelendirmekde sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak maksadalaýykdyr.
Institutda hem ähli sapaklar öwredilende hem multimedia serişdeleri giňden peýdalanylýar. Sapaklarda talyplaryň hünärlerine degişli ýazgylar okadylýar we olaryň geljekki kärlerine degişli wideo ýazgylar hödürlenýär. Institutda sanly ulgamyň mümkinçilikleri esasynda bilim bermek, okatmak we dürli hili edebiýatlardan peýdalanmak, maglumat alyşmak işleri ulag we kommunikasiýa ýaly halkara derejesindäki dünýewi işleri göz öňünde tutýan ugurlarda okap bilim alýan, hünär öwrenýän ýaşlaryň tejribesi üçin has-da ähmiýetlidir. Şonuň üçin hem degişli ulgamlaryň işi boýunça bilim alýan talyp ýaşlar döwrebap mümkinçilikler esasynda dünýä tejribesini öwrenýärler.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz batly gadamlar bilen öňe barýar. Ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda, ylym-bilim ulgamynda hem ägirt uly özgert meler durmuşa geçirilýär. Ýaşlaryň öz işine ökde hünärmenler bolup ýetişmegi üçin ýokary okuw mekdebinde berilýän bilimiň hilini gowulandyrmak üçin meýilnamalar esasynda sapaklar döwrüň talabyna laýyk geler ýaly guralýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň bilim-terbiýesine we başarnygyna aýratyn üns berilýär, olaryň sagdyn ösmegi, kämil bilim almagy baş alada bolup durýar.Ýaş nesillerimiziň giň dünýägaraýyşly, kämil hünärmenler bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ylym-bilimi ösdürmekde beýik işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!
Saparmyrat HANOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiyalary institutynyň mugallymy.
TÜRKMEN TOPRAGY DERMANLYK ÖSÜMLIKLERE BAÝ TOPRAK
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, egsilmez yhlasy bilen ýurdumyzda halkymyzyň eşretli ýaşaýşyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, asylly başlangyçlar, tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir.
MUKADDES GYMMATLYK
Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, parahatçylyk we dostluk dünýädäki iň uly gymmatlykdyr. Türkmenler adamzat taryhynyň ähli döwürlerinde hem bu gymmatly kadalara ygrarly bolan halkdyr. Aziýany we Ýewropany birleşdirýän türkmen topragy hemişe parahatçylygyň, ygtybarlylygyň we howpsuzlygyň sebiti hökmünde giňden tanalypdyr.
BEDEW BATLY, AT-MYRATLY ÝYLYMYZ
Ata-babalarymyzyň asyrlar boýy kemala getirip, umumadamzat gymmatlygyna öwrülen bedew atlarymyzyň gadyr-gymmaty ajaýyp zamanamyzda has hem arşa göterildi. Hormatly Prezidentimiz “Bagtyýar türkmen halkynda buýsanmaga, guwanmaga zat kän. Ata-babalarymyzyň döreden maddy gymmatlyklarynyň naýbaşylarynyň biri hasaplanýan türkmen bedewleri halkymyzyň buýsanjydyr” diýip belleýär. Hakykatdan hem bedew halkymyzyň şany-şöhraty, milli buýsanjy, göz guwanjydyr.
DAŞARY ÝURT DILLERINI ÖWRENMEK DÖWRÜŇ TALABY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýaşlaryň döwrebap bilim almaklaryna, dünýä dillerini öwrenmeklerine, saýlap alan kärlerine eýe bolmaklaryna, ylmy işlerini alyp barmaklaryna, aň-paýhas ösüşine, döredijilik başarnyklaryny durmuşa geçirmeklerine, sport bilen meşgullanmaklaryna uly ähmiýet berilýär.
Watanymyzyň rowaçlygynyň we ählumumy abadançylygyň bähbidine strategik hyzmatdaşlyk
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.