ÝURDUMYZYŇ BIOLOGIKI KÖPDÜRLILIGI GORAMAK UGRUNDA

19-05-23

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy goramak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenildi. Ýurdumyzda ykdysady we durmuş ulgamlaryndaky giň möçberli milli özgertmeler maksatnamalarynyň ähli babatda adamlaryň abadançylygynyň aýrylmaz şerti bolan ekologiýa bilen ysnyşykly baglanyşykly bolmagyna aýratyn üns berilýär. Bu ugur Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň hem esasy meseleleriniň biri hökmünde bellenilýär. Ýurdumyz bu wajyp ugurda halkara gatnaşyklara işjeň gatnaşmak bilen, gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň ählisi, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak we giňeltmek ugrunda çykyş edýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu ulgamda üstünlikli amala aşyrylýan milli strategiýa Milletler Bileleşiginiň durnukly ösüşiniň maksatlary hem-de dünýäniň ekologiýa ulgamyny goramak boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler bilen sazlaşykly utgaşýar. BMG-niň tebigaty goramak baradaky resminamalarynyň - biologik köpdürlülik baradaky, çölleşmäge garşy göreşmek baradaky, howanyň üýtgemegi hakyndaky, howanyň üýtgemegi hakyndaky, ozon gatlagyny goramak baradaky, serhetüsti suw akymlaryny we halkara kölleri goramak we ulanmak, UNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak hakyndaky resminamalar, Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak baradaky Çarçuwaly Konwensiýa, Suw-batgalyk ýerler hakyndaky Ramsar Konwensiýasy, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Daşky gurşawy goramak boýunça maksatnamasy, Ählumumy ekologiýa gaznasy bilen bilelikde amala aşyrylýan taslamalaryň onlarçasy we beýlekiler munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyz olary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça anyk ädimleri ädýär, ilkinji nobatda bolsa, bu ulgamy kadalaşdyrýan ygtybarly hukuk binýadyny döredýär.

Häzirki wagtda Aralýaka sebitiniň daşky gurşawyny sagdynlaşdyrmak ulgamyndaky işler şu ugurlar boýunça alnyp barylýar: suw serişdelerini toplumlaýyn ulanmak; ekologiýa; durmuş-ykdysady; institusional-hukuk gurallaryny kämilleşdirmek. Hazar deňziniň ekologiýa goraglylygynyň ygtybarly ulgamyny döretmek hem türkmen döwletiniň tebigaty goramak strategiýasynyň ileri tutulýan wezipeleriniň hatarynda durýar. Munuň özi, ilkinji nobatda, onuň aýratyn derejesi bilen şertlendirilendir. Bu iň iri içerki, dünýä ummanyndan aýratyn suw howdany tebigatyň hakyky merjenidir. Ol ösümlik we haýwanat dünýäsine baýdyr. Hazaryň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň köp görnüşleri endemiki häsiýete eýedir we sebitiň biologik köpdürlüliginiň bahasyna ýetip bolmajak genofonduny düzýär. Ýewropa-Kawkaz-Aziýa halkara ulag geçelgesiniň deňiz, howa, awtomobil ýollarynyň çatrygynda amatly ýerleşmegi, baý uglewodorod, balyk we beýleki serişdeleri, amatly howa şertleri Hazar sebitini okgunly ösýän senagat, ulag we şypahana merkezine öwürdi. Dünýä ykdysadyýetinde hem oňa möhüm orun degişlidir.

Soňky ýyllarda Türkmenistan milli derejede bu ugurda maksadalaýyk işleri alyp barmak bilen, Hazardaky bar bolan ekologiýa meselelerini we bu ugurda ýüze çykyp biläýjek meseleleri özüniň ýakyn goňşulary we hyzmatdaşlary hem-de abraýly guramalar, ilkinji nobatda bolsa, BMG bilen bilelikde çözmekde täze çemeleşmeleri teklip edýär. Türkmen döwleti öz tarapyndan, BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna laýyklykda, Hazar deňziniň ekologiýa deňagramlylygyny üpjün etmek we daşky gurşawy goramak baradaky ähli wezipeleri netijeli çözýär. Hormatly Prezidentimiziň ykdysadyýetiň durnuklylygy, energetika howpsuzlygy, ekologiýa deňagramlylygy umumy Hazar sebitiniň esasy binýady bolup durýandygy baradaky sözleri köpugurly hyzmatdaşlygyň taglymatynyň esasy bolup hyzmat eder. Onuň durmuşa geçirilmegi bolsa Hazar deňziniň sebitine dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň ulgamynda öňdebaryjy orny eýelemäge ýardam eder. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Garagum çölüniň täsin goraghana zolaklaryny gorap saklamagyň we dünýäde wagyz etmegiň meselelerine berýän aýratyn ünsi netijesinde ýurdumyzda olaryň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşulmagy boýunça möhüm işler alnyp barylýar.

Häzirki wagtda Türkmenistanda goraghanalaryň 9-sy we çäkli goraghanalaryň 16-sy, tebigy ýadygärlikleriň 15-den gowragy bar. Bu toplum tebigat ewolýusiýasynyň, biziň planetamyzyň geologiki ösüşiniň aýdyň subutnamalaryny saklap galan we dünýäniň genefondy, ekologiýa deňagramlylygyny we ýer ýüzüniň durnukly ösüşini üpjün etmek üçin aýratyn gymmatlylyga eýe bolan ösümlik we haýwanat dünýäsiniň köp sanly seýrek görnüşleriniň taryhy watany bolup durýar. Bu desgalaryň esasy maksady biologiki köpdürlüligi gorap saklamak haýwanat we ösümlik dünýäsiniň genetiki goruny, täsin ekologiýa we geologiýa ulgamlaryny we landşaftlary öwrenmek tebigy prosesleriň we hadysalaryň tebigy akymyny üpjün etmek üçin şertleri döretmek bolup durýar.

Umuman alanyňda, mähriban topragymyzyň tebigy baýlyklaryny we köpdürlüligini artdyrmaga we gorap saklamaga gönükdirilen netijeli çäreleriň geçirilmegi arkaly hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň düýpli we öňdengörüji syýasaty netijesinde amala aşyrylýan giň möçberli işler Watanymyzyň gülläp ösmeginiň kepilidir. Ýufrdumyzyň goralyp saklanýan ajaýyp tebigy täsinlikleri dünýä jahankeşdelerini bu gözellikleri görmäge çagyrýar. Ýurdumyzda şeýle döwletli işleriň sakasynda durup, eşretli zamanamyzda halk bähbitli işlere giň gerim berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Ogulşat ODEÝEWA, 
Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalygynda maglumat ulgamlary hünäriniň 402-nji toparçasynyň talyby.

169eefa8756e01.jpeg
Rus dilini öwrenmekde türkmen-rus gumanitar gatnaşyklarynyň ähmiýeti

Bütindünýä derejesinde ählumumy parahatçylyk, howpsuzlyk hem-de ata-baba ynsanperwerlik syýasatyny üstünlikli alyp barýan Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz durnukly ösüş depginleri bilen öňe barýar. Türkmen döwleti özüniň Bitaraplyk derejesiniň çäklerinde dünýäniň ýurtlary bilen deňhukuklylyk esasynda, ähli ugurlar boýunça özara bähbitli, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýýar hem-de yzygiderli ösdürýär.


Ahalteke bedewleriniñ dünýä jemgyýetindäki orny.

Ahalteke bedewi diňe bir at däl-de, eýsem türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren janly sungat eseridir. Taryhyň dowamynda türkmen halkynyň aýrylmaz bölegine öwrülen ahalteke bedewleri, diňe bir gözelligiň nusgasy däl, eýsem, Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýynyň we medenýetiniň möhüm sütünidir.


TÜrkmen bedewi ― parahatçylygyň ilçisi

«Türkmen bedewleri gadymy topragymyzyň gudratydyr, öý-ojagymyzyň ýaraşygydyr, bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygymyzdyr» diýip hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu günki eşretli Diýarymyzyda ahalteke bedewleri dünýä arenasynda abraýyna mynasyp hormat münberinde orun alýar.


169f2fea920e7f.jpeg
DÖWREBAP MERKEZ

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň okamagy öwrenmegi döretmegi üçin uly mümkinçilikler döredilýär. Talyp ýaşlarymyzyň ýokary okuw jaýlarynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän ösen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan labaratoriýalarda okan zatlaryny tejribe usulda özleşdirmekleri olaryň okuw sapaklaryna bolan höwesini hasda artdyrýar.


169e8553a1c8a5.jpeg
BEDEW BATLY ÖSÜŞLER

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda döwrüň talaplaryndan ugur alnyp we möhüm wakalara bagyşlanyp, her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy agzybir halkymyzyň watançylyk ruhunyň ýokarlanmagyna, her bir raýatyň Watanymyzda durmuşa geçirilýän beýik işlere dahylly bolup, oňa öz goşandyny goşmak höwesiniň artmagyna getirýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.