Inženerleriň we tehnologlaryň ýaş hünärmenleri kemala gelýär

20-05-23

Ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, halkara ölçeglerine laýyk gelýän çuňňur bilimli, ruhy we beden taýdan sagdyn, kämil hünärmen bolup ýetişmekleri üçin Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda hem uly işler alnyp barylýar. Talyplara berilýän bilimiň halkara ölçeglerine laýyk gelmegi, ylma we önümçilige innowasiýalary ornaşdyrmak ýaly talaplary ýörelge edinýän institutyň mugallymlary özleriniň yhlasly zähmetleri bilen ýaşlara halypaçylyk edýärler.

Diýarymyzyň ähli künjeklerinde hereket edýän döwlet edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň we gurluş, inženerçilik çözgütleriniň döwrebaplygy, olarda tehnologiýanyň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagy netijesinde oňa erk edip we dolandyryp bilýän, täze taslamalary işläp düzmegi başarýan hünärmenleri ýetişdirmek işi döwletiň üns merkezinde saklanýar.

Bu ugurda alnyp barylýan  tehniki ylmy syýasatynyň rowaçlanýandygyny bolsa Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň döredilmeginiň mysalynda hem görmek bolýar. Bu ýokary okuw mekdebiniň döredilmeginiň esasy maksady ýurdumyzyň ulag we kommunikasiýa ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün etmek, bilim, ylym, önümçilik, senagat pudaklaryny toplumlaýyn bir ýere jemlemek bilen baglydyr.

Ýokary okuw mekdebimizde bilimiň halkara ölçeglerine, milli bilim ulgamynyň ýörelgelerine, döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryna laýyklykda ýüzlerçe talyba ýokary hünär bilimi berilýär. Institutymyzda ýurdumyzyň ykdysady, ylym, bilim, senagat kuwwatyny dünýä derejesinde ösdürmek üçin zerur bolan ugurlar we hünärler boýunça degişli fakultetlerde ýokary bilim-terbiýeçilik, ylmy-önümçilik işleri alnyp barylýar.

Mysal üçin, Demir ýol ulaglary fakultetimizde okuwlar ulaglar baradaky ylymlary we tehnologiýalary öwrenmekden başlanýar hem-de Demir ýollaryň hereket edýän düzümi; Demir ýol ulagynda gatnawlary guramak we hereketi dolandyrmak; Demir ýollaryň gurluşygy, ýol we ýol hojalygy ýaly hünärlerden ybarat.

Ähli fakultetlerde hem ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça talyp ýaşlara tejribeli mugallymlar, uly mugallymlar, ylymlaryň kandidatlary, doktorlary, dosentler we  professorlar hünär öwredýärler. Sapaklar sanly ulgamda, şol sanda daşary ýurt dillerinde hem özleşdirilip, onda bilim usulyýetiniň soňky gazananlary işjeň peýdalanylýar. Sapaklar amaly we umumy görnüşde bolmak bilen, tejribeler arkaly berkidilýär. Öwrenilenleri özleşdirmek, tejribeleri baýlaşdyrmak maksady bilen hünär ugurlaryna laýyklykda göçme okuw sapaklary, teleköpri arkaly baglanyşyk we önümçilik tejribelikleri hil we mazmun taýdan baýlaşdyrylýar. Bu bolsa biziň bilim almaga, hünär öwrenmäge bolan höweslerimizi has-da artdyrýar.

Ýokary okuw mekdebimiziň toplumlaýyn binalary kaşaňlygy, okuw otaglarynyň ýokary hilliligi, kitaphana, naharhana, umumy ýaşaýyş jaýy, sport merkezi we beýlekiler bu ýerdäki işleriň sazlaşykly ösüşini üpjün edýär. Okuwlary we ylmy-barlag işlerini ýokary derejede alyp barmak üçin institutyň ýanynda ýörite  Ulag-logistika ylmy merkezi hem hereket edýär. Onda ýaş alymlaryň hem ylmy işleri, täze taslamalary alyp barmaklary, inženerçilik we tehnologiýa boýunça işläp-düzmek boýunça tejribeleri geçirmek üçin giň mümkinçilik açylýandygyny hem bellemek gerek. Ylmy tejribe bilen utgaşdyrmak talyplaryň alan bilimlerini önümçilikde ulanmak başarnyklaryna eýe bolmak mümkinçiliklerini artdyrýar. Institutymyzyň mugallymlarynyň alyp barýan tutanýerli işleri hem-de talyplarymyzyň bilim almakdaky erjelligi ýaşlarymyzyň döwletiň ykdysady ösüşlerine özleriniň goşantlaryny goşjak hünärmenler bolup ýetişjekdiklerine ynam bildirmäge esas berýär.

Şeýle mümkinçilikleriň netijesinde Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda tehnologlaryň we inženerleriň täze nesli kemala gelýär. Bu bolsa ykdysady, syýasy we medeni taýdan kuwwatly ösýän döwletimiziň häzirki zaman gadamlarynyň diňe öňe ilerleýändiginiň alamatydyr. Watanyň kuwwatyna kuwwat goşjak, ýurdumyzda ulag we kommunikasiýa pudagyny ösdürmäge öz mynasyp goşantlaryny goşup biljek hünärmenleri kemala getirmek mugallymlarymyzyň baş maksadydyr. Ýurdumyzyň ýaş nesilleri üçin uly aladalar edýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun, tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Eziz KAKABAÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instititynyň Demir ýol ulaglary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

16aabc9b56a409.jpeg
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady

Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.


16aa9875b18c44.jpeg
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16aa91deb9c211.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.


16aa91cdfc54ce.jpeg
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.


16aa91c030579e.jpeg
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.