Agaçlar dünýäsiniň täsinlikleri

27-05-23

Agaçlar planetanyň iň güýçli tebigy baýlygy we şol bir wagtyň özünde iň uly janly organizmleriň biridir. Olar diňe bir kömürturşy gazyny siňdirip, atmosferany arassalaman, eýsem, görnüşlerine garamazdan ýiti we täsirli durmuşda ýaşaýarlar. Agaçlaryň täsinlikleri baradaky dykgatyňyza ýetirmek islän maglumatlarymyz siziň üçin gyzykly bolsa gerek:

  • Agaçlar möhüm organlary bolan ähli organizmlerden has uzak ýaşaýarlar.
  • Alymlaryň gözlegleri ýaşynyň ulalmagy bilen agaçlaryň köpüsiniň has çalt ösüp başlaýandygyny görkezýär.
  • Bir agaç bir ýylda 113 kg kislorod berip bilýär. Şeýlelikde, iki agaç dört maşgalany bir ýyllap kislorod bilen üpjün etmäge ukyply.
  • Berýoza agajy her ýyl bir million mukdarda tohum öndürip bilýär.
  • Ýer ýüzündäki iň haýal ösýän agaç Kanadadaky Kedr agajy  bolup, onuň soňky 115 ýylyň içinde ösüşi bary-ýogy 10 sm deňdir. Pawloniýa atly ösümlik bolsa dünýäniň iň çalt ösýän agajy hasaplanýar.
  • Iň howply daragt  Florida we Karib deňziniň batgalyklarynda ösýär. Onuň şiresi derä düşen ýagdaýynda ýanma peýda bolýar. Göz bilen görüşiň doly ýitmegine sebäp bolup bilýär.
  • Şäher şertlerinde agaçlar 8 ýyl ýaşap bilýärler. Tebigy şertlerde bolsa, armyt 300 ýyl, alma agajy 200, Ýewropa sosnasy ýarym asyr töweregi, dub 1000 ýyla golaý ýaşaýar.
  • Agaçlar üçin ýokumly maddalaryň aglabasy daşky gurşawdan alynýar. Olaryň Diňe 10%-i ýerden alynýar.
  • Häzirki wagtda kanuny adalga hökmünde tanalýan “kod” sözi gadymy latyn dilinde “agaç bölegi” diýmegi aňladýar.
  • Ortaça bir agaç ömrüniň dowamynda bir tonna kömürturşy gazyny siňdirýär.

Toplan Selbi GULMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.