Ykbalyň eçilen bagty — ýurt berkarar, ýaşlar bagtyýar

27-06-23

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni uly üstünliklere beslenýär. Döwletimiziň we jemgyýetimiziň ähli ugurlarynda, şol sanda, ylym-bilim ulgamynda hem uly ösüşler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli kabul edýän çözgütleri, berýän tabşyryklary eziz Watanymyzyň rowaçlanmagyna, halkymyzyň eşretli durmuşynyň hatyrasyna gönükdirilýär, ylym-bilim ulgamyna berýän ägirt ünsi zehinli ýaşlaryň ýüze çykmagynda, bilim ulgamynda täze-täze oýlap tapyşlaryň döremeginde, türkmen ylmynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginde oňyn netijeleri berýär.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde her ýyly döwrebap atlandyrmak täze taryhy döwürde-de mynasyp dowam  etdirilýär. Şoňa görä-de şu ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagynda hem halkymyzyň Arkadagly Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza, eziz Watanymyza bolan belent söýgüsi ýurdumyzyň röwşen geljeginiň ýaşlar bilendigine bolan mizemez ynamy aýratyn şöhlelenýär.

Berkarar Diýarymyzda bilimi hil taýdan täze derejä çykarmak, ylmyň, tehnikanyň gazananlaryny giňden ulanmak, ylmy barlaglaryň we tehniki işläp düzmeleriň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak, bilim ulgamynyň işini dünýä tejribesiniň gazananlarynyň derejesinde kämilleşdirmek babatda gysga döwürde bitirilen beýik işler bu gün halk hojalygynyň ähli ulgamlarynyň ösüşinde özüniň oňyn netijelerini berýär. Hormatly Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, ylmyň we bilimiň, ýokary tehnologiýalaryň ösen häzirki döwründe ýurduň mundan beýläkki ösüşini, bäsleşige ukyplylygyny üpjün etmek wezipesi hem köp babatda ykdysadyýetiň innowasion görnüşiniň kemala getirilmegi bilen pugta baglydyr. Bu möhüm wezipäni üstünlikli amala aşyrmakda bilim ulgamynyň kämilleşdirilmeginiň esasy şert bolup durýandygy hemmämize mälimdir.

Zehinli ýaşlarymyzyň ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän halkara bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp bolmaklary döwletimizde ýaş nesliň döwrebap bilim we ylym almaklary ugrunda amala aşyrylan toplumlaýyn işleriň aýdyň netijesidir. Dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzda üstünlikli geçirilýän halkara bäsleşikler hem ýaşlarymyzy täze üstünliklere ruhlandyryp, olaryň bilim babatdaky tejribesini has-da baýlaşdyrýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri halk hojalygynyň ähli ulgamlary üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak ýaly wajyp wezipäni üstünlikli berjaý edýärler. Ylymly-bilimli nesil jemgyýetiň ösüşine kuwwatly itergi berýär. Hut şu belent maksatlaryň netijesinde, häzirki wagtda Türkmenistanda ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösen, öňdebaryjy tilsimatlardan baş çykarýan, ylmyň dünýä derejesinde gazananlaryny başarnykly özleşdirip bilýän hünärmenleriň täze nesli kemala getirilýär. Türkmenistanda ylym-bilim ulgamynyň dolandyrylyşy, maliýeleşdirilişi, gurluşy, hukuk binýady tapgyrma-tapgyr döwrebaplaşdyryldy.

Diýarymyzyň ähli künjeklerinde gurlup, ulanylmaga berlen okuw mekdeplerinde ýaşlaryň innowasion tehnologiýalardan baş çykarmaklaryna niýetlenilip, iň häzirki zaman enjamlarynyň ornaşdyrylmagynyň netijesinde bilim berlişi dünýä hil derejesine çykarylýar. Biz — talyp ýaşlar hem döredilýän şertlerden ýerlikli peýdalanýarys. Özümiz hakynda döwletimiz tarapyndan edilýän aladalara jogap edip, oňat bahalar bilen okamak, saýlap alan hünärimiziň hakyky eýeleri bolmak üçin geljekde hem tagallamyzy gaýgyrmarys.

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutymyzy üstünlikli tamamlaýan ýaş hünärmenler ulag we kommunikasiýa ulgamynyň edaralaryna we kärhanalaryna işe ýollanýar. Institutymyzyň sanly portalynda okuw kitaplarydyr gollanmalar, okuw dersleri boýunça professor mugallymlaryň audio we wideo ýazgylary goýulýar, kitaphanamyzda we umumy ýaşaýyş jaýlarynda sanly bilim portaly we elektron resminama dolanyşygy işe girizildi. Institutymyzyň internet web-saýty döredildi we talyplara elýeterli edildi. Institutymyzyň professor mugallymlary ýokary bilimli, başarnykly hünärmenleri ýetişdirmekde, bu ugurdaky işleri giňeltmekde we çuňlaşdyrmakda agzybirlikli zähmet çekýärler. Arkadag Prezidentimiziň ynamyny döredijilikli hem-de yhlasly zähmetimiz, okuwda we işde gazanýan üstünliklerimiz bilen ödejekdigimize, ähli gujur-gaýratymyzy, ukyp-başarnygymyzy, ylym-bilimimizi ata Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin bagyş etjekdigimize ynandyrýarys.

 Nurmuhammet  ANNABERDIÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ykdysadyýet we sanly tehnologiýalar fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

169f2ed125bfcc.jpeg
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi

29-njy aprelde Söwda-senagat edarasynda Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


169f2e7757da78.jpeg
IŞEWÜRLIK FORUMY WE SERGISI: uzak möhletleýin dostlukly gatnaşyklaryň täze sahypasy

29-njy aprelde paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi guralýar. Mälim bolşy ýaly, türkmen-hytaý gatnaşyklary öz gozbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýar. Halklarymyzyň arasynda Beýik Ýüpek ýoly arkaly asyrlarboýy ösdürilen söwda-ykdysady we medeni gatnaşyklar dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine, adamzat ýaşaýşynyň özgermegine özboluşly goşant goşupdyr.


169f042b89fdfd.jpeg
«Ak şäherim Aşgabat» forumy: «Aşgabat 2045» strategik ugruna gönükdiriler

Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat» atly XXV köpugurly halkara sergä we maslahata taýýarlyk işleri batly gadamlar bilen dowam edýär. 24-25-nji maý günlerinde guraljak bu ýubileý forumy Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanyp, binagärlik, gurluşyk we senagat pudaklarynyň ösüşini halkara derejede ara alyp maslahatlaşmaga şert döreder. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.


169f040de72dbf.jpeg
Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy ýük awtoulaglarynyň sürüjilerini işe çagyrýar

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy "KamAZ 6520" kysymly awtoulaglary dolandyrmak üçin “C” derejeli sürüjilik şahadatnamasy bolan raýatlary işe çagyrýar.


169f03e9ad838f.jpeg
Türkmenabat halkara howa menzili halkara bäsleşik yglan edýär

Türkmenistanyň “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugynyň Türkmenabat halkara howa menzili ýöriteleşdirilen awtoulaglary üçin dürli görnüşli tekerleri satyn almak boýunça kotirowka görnüşde halkara bäsleşik yglan edýär

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.