BILIM ULGAMY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR
15-12-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzda ylym, bilim ulgamy belent sepgitleri nazarlap, uly üstünliklere beslenýär. Okamak, bilim almak - bize ata-babalarymyzdan galan mirasdyr. Pederlerimiz okamak, ylym öwrenmek bilen dünýä akyl ýetiripdirler. Dana atamyz Magtymguly Pyragynyň «Kitap okan gullar magnydan dokdur» diýen setirlerini okanymyzda hem geçmiş pederlerimiziň kitaba, ylym-bilime hormatynyň uludygyny bilmek bolýar. Arkadagly Serdarymyz hem ata-babalarymyzdan gelýän ýoly dowam etmek, olara sarpa goýmak barada yzygiderli tagallalary edýär.
Soňky ýyllarda ýurdumyzyň bilim ulgamy üçin döwlet tarapyndan goýberilýän serişdeleriň möçberi ep-esli ýokarlandy we häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim ulgamy üçin gurulýan täze binalaryň sany hem artdy. Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary netijesinde berilýän bilimiň hilini dünýä derejesinde laýyk ýola goýmak, ýaş neslimize döwrümiziň ösen talaplaryna laýyk bilim we terbiýe bermekde milli ruha ýugrulan, türkmen halkynyň geçmişde ýörelge edinen, taryhy döwürleriň içinde gaýnap, durmuşyň synaglaryndan geçip, biziň günlerimize çenli gelip ýeten milli edep-terbiýe mekdebini ýörelge edinmek, onuň bilen ugurdaşlykda ösen döwletleriň bilim ulgamyny dolandyrmakdaky tejribesine daýanmak däbe öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiz «Biz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňümizde belent maksatlary goýduk. Mähriban Watanymyzyň abadançylygyny we durmuş-ykdysady ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, dünýäde parahatçylygy hem-de ynanyşmagy berkitmek wezipelerini öňe sürdük. Şu belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys» diýip bellemek bilen, ýaşlarymyza uly ynam bildirýär. Ýaşlar ýurdumyzyň ösüşiniň özenidir. Şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz ösüp gelýän ýaş nesliň bilim derejesiniň dünýä ülňülerine gabat getirilmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýär. Häzirki wagtda ýaşlara bi-lim bermekde ylmyň iň soňky gazananlary durmuşa ornaşdyrylýar. Ýurdumyzda sanly bilim ulgamynyň ornaşdyrylmagy hem munuň aýdyň mysalydyr.
Bilim ulgamynyň döwrebap mazmuny adamzat ýaşaýşynyň aň-düşünjesini häzirki zamanyň ösen talaplaryna kybapdaş dowam etdirmekdir, onuň geçmiş mirasyny we häzirki wagtdaky gazananlaryny dolulygy bilen geljekki nesillere ýetirmekdir. Kämil nesli kemala getirmek bilim ulgamynyň öňünde durýan döwlet derejesindäki baş aladalaryň biridir. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň bu ulgamy kämilleşdirmek hakynda Permanlarydyr Kararlarynyň, Konsepsiýalarynyň kabul edilmegi, düýpli bilim özgertmelerini durmuşa geçirmäge, ýurdumyzy ykdysady, syýasy we medeni taýdan ösdürjek, giň gözýetimli, döwrümiziň ösen talaplaryna laýyk ýokary derejede pikirlenýän, ökde hünärmenleri taýýarlamaga, ýaş nesliň sagdyn ösmegi üçin ähli şertleri döretmäge, olary halka, Watana, hormatly Prezidentimize söýgi hem wepadarlyk ruhunda terbiýelemekde bilim ulgamynyň işgärleriniň ýokary hil netijelerini gazanmaklaryna giň ýol açdy.
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan şeýle döwlet syýasaty, bilim özgertmeleri ýaşlarda geljege, ösüşe bolan ynamy has hem berkidýär. Türkmen ýaşlarynyň dünýä derejesinde geçirilýän olimpiadalarda, bäsleşiklerde baýrakly orunlara mynasyp bolmagy buýsandyrýar. Türkmen halkynyň zehinli mekdep okuwçylarydyr talyp ýaşlary dünýä derejesinde geçirilýän ýaryşlarda uly üstünlikler gazanyp, Watanymyzyň abraýyna öz goşantlaryny goşýarlar. Goý, ylym-bilim ulgamynyň ösmegine, ösüp gelýän ýaş nesliň ylymly-bilimli, asylly, terbiýeli, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin, atalyk aladasyny edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Kasym YLÝASOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Bedenterbiýe kafedrasynyň müdiri.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.