“Bilimler baýramyna” sowgat
11-09-23
Ýurdumyzda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», beýleki milli maksatnamalarda bilim ulgamyny kämil derejede ösdürmek, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak ugrunda kesgitlenen wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Garaşsyz Watanymyzda ýaş nesil barada edilýän aladalar öz miwesini berýär. Soňky ýyllarda halkara ders bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolýan talyp ýaşlaryň, mekdep okuwçylarynyň sany artýar.
On iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini, tebigy we takyk ylma degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalaryna laýyklykda, bilim ulgamyny dünýä ölçeglerine çykarmak boýunça degişli işler durmuşa geçirilýär, sanly bilim ösdürilýär. Bu ulgamy kämilleşdirmek üçin anyk maksatlar we wezipeler öňde goýlan hem-de olary amala aşyrmak üçin uly mümkinçilikler bar.
2012-nji ýylyň 25-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty (TDBGI) ýaş, häzirki zaman ylmy we taslama bilim edarasy bolup döredildi.
Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 25-nji awgustynda gol çeken degişli Kararyna laýyklykda, Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň ugrunda bina ediljek bu desganyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, ýanaşyk çäkleri abadanlaşdyrmak, ozal bar bolan inženerçilik ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak we täzelerini gurmak Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Ajaýyp gurluşyk” hususy kärhanasyna tabşyryldy we resminama laýyklykda institutyň binalar toplumyny 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.
Häzirki wagtda institutda 7 fakultet, 126 kafedra hereket edýär, olardan 3 müňden gowrak talyp bilim alýar. Bu ýokary okuw mekdebinde her ýyl 600-den gowrak hünärmen taýýarlanylýar.
Perman AMANGELDIÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.