Başarjaň hünärmenler – bagtyýar geljegiň eýeleri
12-09-23

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän beýik işler biziň her birimizi buýsandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan döwlet syýasaty ähli ugurlar bilen bir hatarda, ýaşlar hakyndaky aladany hem baş wezipe edip goýýar. Çünki ýaşlar Watanymyzyň ösüşlerine goşant goşýan kämil hünärmenlerdir, aýdyň geljegimizdir. Aýratynam, orta mekdebi tamamlaýan ýaşlara bilim berip, hünär öwretmekde, olary ylmy işlere höweslendirmekde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine uly orun degişlidir.
Şeýle ýokary okuw mekdepleriniň birem Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutymyzdyr. Institutymyzda ýurdumyzyň ulag we kommunikasiýalary pudaklary üçin ýokary taýýarlykly hünärmenler ýetişdirilip, olar çylşyrymly tehnologiýaly önümçiligi dolandyrmakda uly işleri bitirýärler. Önümçiligiň jogapkärli wezipelerinde döredijilikli zähmet çekýän uçurymlarymyz biziň guwanjymyz hem-de buýsanjymyzdyr. Sebäbi biz, mugallymlara öz taýýarlan ýaş hünärmenlerimiziň jogapkärli wezipelerde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna çekýän döredijilikli zähmeti, ata Watanymyza, il-günümize haýyrly adamlar bolup ýetişmekleri institutymyzyň zähmetsöýer mugallymlarynyň tutanýerli zähmetiniň datly miwesidigi guwandyrýar.
Institutymyzy ýaşlaryň ýüzlerçesi tamamlap, bu günki gün milli ykdysadyýetimiziň ulag we kommunikasiýa pudaklarynda zähmet çekýärler. Geçen ýyllaryň içinde institutymyzyň baý iş tejribeli professor-mugallymlar dowamynda kemala geldi. Institutda ýaş hünärmenleri taýýarlamakda ýokary derejeli mugallymlar bilim berýärler: ykdysady ylymlaryň kandidatlary, ykdysady ylymlaryň kandidatlygyna dalaşgärler we ýokary derejeli mugallymlar. Olar okuw prosessini we döredijilikli ylmy işleri alyp barýarlar. Mugallymlaryň we talyplaryň ylmy işleri we makalalary yzygiderli metbugatda çap edilýär. Mugallymlar hünär we bilim derejelerini ýokarlandyrmak boýunça birnäçe ykdysady okuwlara we seminarlara gatnaşýarlar. Häzirki wagtda institutymyzyň Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermeginde ulanmaga berlen kaşaň binasy Aşgabat şäheriniň günbatar künjeginde görküne görk goşýar.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda institutymyzyň mugallymlary we talyplary Beýik Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygynyň toýuna barýarlar. Toýa sowgatly barmagyň asylly däbine eýerýän mugallymlarymyzdyr talyp ýaşlarymyz ýeňişli menzillere ynamly gadam urýarlar.
Hawa, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň professor-mugallymlary tarapyndan talyplaryň saýlap alan ugrundan ökde hünärmenler bolup ýetişmegi üçin dynuwsyz tagalla edilýär. Bu ýokary okuw mekdebinde ýöriteleşdirilen otaglarda okuwlar täsirli guralýar. Täze okuw ýylyndan Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda täze hünärleriň birbada 8-si açyldy. Ýaşlara demir ýoluň elektrik üpjünçiligi, lokomotiwler, wagonlar hünäri boýunça hünärmen, gozgalmaýan emläkleriň ekspertizasy we dolandyrylyşy, ýerüsti ulag-tehnologik serişdeler, sanly infrastruktura we kiberhowpsuzlyk, howa hereketiniň dolandyrylyşy, howa ulgamynda gatnawlary guramak we dolandyrmak ýaly ugurlarda bakalawr maksatnamasy esasynda bilim berler.
Has anygy, ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, ony ösüşiň belent sepgitlerine ýetirmek maksady bilen, ýokary bilimli hünärmenleriň taýýarlanýandygyny, okuwlaryň kämilleşdirilýändigini görmek has ýakymly bolýar. Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň watansöýüji, işine ökde, hemmetaraplaýyn taýýarlykly, kämil hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda giň mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.
Şamuhammet AŞYROW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

MÖHÜM ÇÄRELERIŇ MERKEZI
Hazaryň türkmen kenary «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy — bu diňe bir dynç alyş ýeri bolman, eýsem häzirki zaman halkara syýahatçylyk merkezidir. Türkmenistanyň Prezidentiniň taýsyz tagallalary netijesinde Awazada geçirilýän halkara forumlar we maslahatlar diňe bir syýahatçylygy däl, eýsem sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmekde hem uly ähmiýete eýedigini bellemelidiris.

AWAZA FORUMY HALKARA HYZMATDAŞLYGA ÝOL AÇÝAR
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir ugurda öňegidişlikler öz beýanyny tapýar. Türkmenistan döwletimiz adamzadyň parahatçylyk we ynsanperwer ýörelgeleriniň has-da baýlaşdyrylýan, sagdyn-durmuş ýörelgeleriniň giňden ornaşdyrylýan ýurdudyr. Häzirki ajaýyp döwürde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz beýik ösüşlere beslenýär. Halkymyz abadan, bagtyýar durmuşda ýaşaýar.

Halkara derejeli güwänamalar we baýraklar gowşuryldy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyş dabarasy geçirildi. Ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününe gabat gelen bu waka milli bilim ulgamyny dünýäniň öňdebaryjy tejribesine laýyklykda ösdürmekde nobatdaky möhüm ädim boldy.

Türkmenistanyň we Russiýanyň DIM-leriniň ýolbaşçylary 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdiler
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow we Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdiler. Gol çekmek dabarasy Aşgabat şäherinde geçirildi.

Medeniýet hepdeligi — 2025: üçünji gün
Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dürli çärelere beslenen üçünji güni ýurdumyzyň baý medeni mirasynyň we parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň arasyndaky çuňňur arabaglanyşygy nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.