Ýatdan çykmajak waka
13-09-23
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyz Türkmenistan ähli babatda döwrebap ösüşler bilen kuwwatlanýar, mähriban halkymyz abadan hem bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Berkarar döwrümiziň ýokary döredijilik ruhuny şöhlelendirýän, milli bilim ulgamynyň okgunly ösýändigini alamatlandyrýan şanly wakalar ýurdumyzyň nurana geljegini, hemmetaraplaýyn ösüşini dabaralandyrýar.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň ylym-bilim binýadyny berkitmekde uly üstünlikler gazanylýar.
Bilimler we talyp ýaşlar güni Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalrynyň we talyp ýaşlaryň öňünde geçen umumy sapagy çuňňur many-mazmuny bilen ösüşleriň ak ýolunda öňe barýan raýatlarymyzyňbher biriniň kalbynda buýsanç döretdi. Gahryman Arkadagymyzyň geçiren sapagynda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan we Watanymyzyň okgunly ösüşine, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, halkymyzyň milli gymmatlyklary, däp-dessurlary, şöhratly taryhy, ýaş nesilleriň öňünde durýan wezipeler barada giňişleýin düşündiriň berdi.
Gahryman Arkadagymyzyň umumy sapagyny öz şygyrlary, beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň setirlerini mysal getirmek bilen düşündirmegi has-da täsirli boldy. Gahryman Arkadagymyz, Milli Liderimiz ýer ýüzünde adamzadyň beýik gymmatlygy bolan ähliumumy parahatçylygy we ynsanperwerligi dabaralandyrmak baradaky pikiri oturanlara täsirligi bilen kalplaryna doldy. Gahryman Arkadagymyzyň bu taryhy çykyşy ýatdan çykmajak möhüm waka hökmünde umumy sapagyna gatnaşyjylaryň kalbynda çäksiz buýsanç paýlady, eziz Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi üçin öňküden-de yhlasly zähmet çekmeklige ruhlandyrdy.
Hojamyrat BABAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.