Watançy nesilleriň buýsanç sapagy
13-09-23
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Gahryman Arkadagymyzyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramyna buýsanç bilen taýýarlyk görýän günlerimizde Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren okuw sapagy ýurdumyzyň her bir raýaty üçin merdana halkymyzyň geçen şähratly taryhy ýoluna, belent sepgitler bilen dabaralýan şöhratly şu gününe, bahasyz gymmatlyklara eýe bolan ýaşlarymyzyň döwletiň, jemgyýetiň, ene-atanyň we maşgalanyň öňündäki wezipe borçlaryna düşünmekde taýsyz mekdep boldy.
Gahryman Arkadagymyzyň bu umumy sapagy türkmen halkynyň geçmişini, şu gününi, geljegini bir ýere jemlenýän, onuň many-mazmunyny açyp görkezýän, Ýer ýüzünde şanyna-şan goşýan ýörelgelerini, milli gymmatlyklaryny, asylly däplerini açyp görkezýän taryha we watançy nesilleriň aňyna hem kalbyna ýazyljak täsirli çykyş boldy.
Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly: “Mundan 32 ýyl ozal – 1991-nji ýylyň güýzünde Garaşsyz Türkmenistan döwletimiz döredildi hem-de dünýä bilelişigi tarapyndan ykrar edildi. Şol taryhy günden başlap ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny özbaşdak kesgitläp, okgunly ösýän ykdysatyýeti, kämil durmuş ulgamy bolan, dünýä bilelişiginde uly abraýdan peýdalanýan demokratik, hukuk we dünýewi döwleti gurmak ugrunda ägirt uly işleri amala aşyrdyk” diýip belläp geçýär.
Maksat IŞANOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Geodeziýa kafedrasynyň uly mugallymy.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.