Bagtyýar nesilleriň ruhlandyryjy sapagy
13-09-23
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaşlaryň ähli taraplaýyn ösen, beden we ruhy taýdan sagdyn, bilimli-ylymly we eli hünärli bolmagy üçin başlangyçlaryny başlap beren Gahryman Arkadagymyzyň asylly ýoluny hormatly Prezidentimiz uly üstünlikler bilen dowam edýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda döwlet derejesinde edilýän giň gerimli aladalardan ruhlanyp ylymda- bilimde ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda gazanjak üstünliklerimiz, eýelejek belent sepgitlerimiz Arkadag Serdarymyzyň bildirýän şeýle uly ynamyna abraý bilen hötde gelmekde edýän tagallalarymyzyň mynasyp beýanyna öwrülmelidir.
Türkmenistanlylaryň häzirki we geljek nesilleriniň bagtyýar durmuşynyň binýadyny goýan milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişe nygtaýşy ýaly, geljegi diňe geçmişe daýanyp gurmalydyr.
Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň umumy sapagy geçirmeginde çuňňur many bar. Gahryman Arkadagymyz umumy sapagyndaky çykyşynda Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň türkmen halkyna beren ajaýyp eşretleri, ýurdumyzyň bilim ulgamyny özgertmekdäki wezipeleriň ýerine ýetirilişi hem-de beýleki ulgamlarda öňde durýan işler dogrusynda giňişleýin beýan etdi.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň möhüm wakalarynyň birine öwrülen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýynyň «Türkmen halkynyň Milli Lideri — bagtyýar ýaşlaryň durmuş uniwersiteti» diýlip atlandyrylan 2-nji mowzugy boýunça ýurdumyzyň ýaşlarynyň buýsançly çykyşlarynyň giň seslenmä eýe bolandygyny şu pursatda uly buýsanç bilen ýatlasyň gelýär. Bagtyýar nesilleriň ýagty geljegi ugrunda ägirt uly işleri bitirýän, Watany söýmegiň beýik nusgasyny görkezýän, ýurdumyzy dünýä tanadan, ýaşlaryň juwan kalbynda baky orun tutan Gahryman Arkadagymyzyň täzeçillige beslenen her bir tutumy, manyly ömür ýoly bu gün ykbaly galkynan bagtyýar ýaşlaryň durmuş uniwersitetine öwrüldi.
Narbaý ÖZBEKOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Geodeziýa kafedrasynyň uly mugallymy.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.