AÝDYŇ MAKSATLY BAGTYÝAR ÝAŞLAR
14-09-23

Häzirki döwürde ýaşlara örän uly ynam bildirilýär. Şol belent ynam bu günki gün durmuşymyzyň ähli ugurlarynda aýdyň duýulýar. Şu ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy hem şol synmaz ynamyň has-da belent derejä göterilmegidir, ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmekde ýaş nesillere bil baglanylýandygynyň, olaryň beýik işlerine, uly üstünliklerine garaşylýandygynyň alamatydyr. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan ýaşlar baradaky parasatly syýasaty Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde Watanymyza, halkymyza, oňyn ýörelgelerimize, milli däp-dessurlarymyza wepaly, bilimini ýokarlandyrmaga, sport bilen meşgullanmaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli, ruhubelent ýaşlar kemala gelýär.
Biz Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda eziz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlar baradaky alyp barýan döwlet syýasaty, ýaşlar üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri esasynda türkmen ýaşlarynyň jemgyýetçilik-syýasy işjeňliginiň barha ýokarlanýandygynyň şaýady bolýarys. Ynha, golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzasy diýlip ykrar edilendigi hakynda gelip gowşan hoş habar bütin halkymyzda, aýratyn hem ýaşlarda buýsanç, begenç duýgularyny döretdi. Munuň özi döwletimiziň halkara ýaşlar dialogyny pugtalandyrmak, şeýle hem ýaş nesliň ruhy-ahlak, medeni, aň-paýhas we beden taýdan sazlaşykly ösmegini üpjün etmek baradaky tagallalarynyň nobatdaky subutnamasydyr.
Her bir güni şanly senelere, möhüm wakalara beslenýän «Arkadag Serdarly Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen hyzmatdaşlygynyň şanly 30 ýyllyk senesiniň bellenilýän günlerinde bu Guramanyň sekretariatyndan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň agzalygyna resmi taýdan kabul edilendigi baradaky hoş habaryň gelip gowuşmagy, döwletimiziň halkara ýaşlar dialogyny giňeltmekdäki netijeli hyzmatlarynyň nobatdaky ykrarnamasy bolup durýar.
ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýeti dünýädäki ýaşlaryň arasyndaky halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, özara bilimleri paýlaşmak, bu babatdaky hereketleri artdyrmak maksady bilen döredilip, dünýäniň 18—35 ýaş aralygyndaky ýaş raýatlaryny we ýaşlaryň ýolbaşçylygyndaky guramalary özünde birleşdirýär. Şunda bu jemgyýet ýaşlary degişli guramalaryň işine giňden çekmäge, hususan-da, ÝUNESKO bilen işjeň hyzmatdaşlyga höweslendirýär. Şeýle hem ÝUNESKO-nyň işine degişli taslamalary bilelikde öwrenmäge, işläp taýýarlamaga we durmuşa geçirmäge çalyşýan ýaşlar hem-de ýaşlar guramalary üçin özbaşdak bilim giňişligi hökmünde çykyş edýär.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy hem ýurdumyzyň ilatynyň esasy bölegini düzýän 14 ýaşdan 37 ýaşa çenli aralykdaky ýaşlary özüne birleşdirip, döwletiň durnukly we ýokary depginli ösüşini üpjün etmekde, ykdysady kuwwatyny berkitmekde, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen milli maksatnamalary durmuşa geçirmekde ýaşlaryň erk-isleginiň goragynda durýan, öz maksatlaryny erkin amala aşyrýan, döwlet bähbitlerini ileri tutýan, Watanyň hyzmatyna berlen wepaly ýaşlaryň guramasy bolup durýar. Mundan başga-da, bu gurama tejribe alyşmak, ýurdumyzyň ýaşlarynyň ukyp-başarnyklaryny hem-de zehinini ýüze çykarmak, olaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmek, işewürlik hem-de döredijilik başlangyçlaryny höweslendirmek maksady bilen, işjeň halkara hyzmatdaşlygyny alyp barýar.
Ýaşlaryň döwlet-jemgyýetçilik, syýasy-ykdysady, medeni we ylmy durmuşyna işjeň gatnaşmaklary ugrundaky tagallalar «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» hem giň beýanyny tapýar. Maksatnama ýaş nesli milli gymmatlyklaryň esasynda watançylyk, milli däp-dessurlarymyza we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine hormat goýmak ruhunda terbiýelemäge, ýaş maşgalalary goldamaga, arassa ahlaklylyk barada wagyz-nesihat häsiýetli duşuşyklary geçirmäge ýardam berýär. Ýaşlaryň zähmetsöýerligi, tutanýerliligi, belent adamkärçiligi, sagdyn durmuş kadalaryny ýörelge edinmegini, oňyn şahsy-jemgyýetçilik başlangyçlarynyň höweslendirilmegini, ýaş alymlaryň taýýarlanmagyny göz öňünde tutýar. Olaryň yhlasly zähmet çekmegini, sport bilen yzygiderli meşgullanmagyny, abadan durmuşyň hatyrasyna kämillige gadam basmagyny baş maksat hökmünde öňe çykarýar.
Umuman, döwlet Baştutanymyzyň ýaşlar hakdaky çäksiz aladalary we oňyn özgertmeleri tutuş türkmen halkynyň ykbalynda bolşy ýaly, durmuşyň her bir pursadynda aýdyň görünýär. Döwletimiz tarapyndan ýaş nesilleriň beden we ruhy taýdan sagdyn ösmegi, özbaşdak hem täzeçe pikir öwürmegi, milli ykdysadyýetiň eksport mümkinçiliklerini artdyrýan täze kuwwatlyklaryň işe girizilmegi, ekologiýa netijeleriniň gazanylmagy, bereketli topragymyzdan az harajat bilen köp hasyl alynmagy üçin syrly çözgütleriň açaryny tapmaga niýetlenendir.
Ýaşlaryň hemmetaraplaýyn kämil şahsyýetler bolup kemala gelmekleri üçin ähli zerur şertler döredilýär. Bize bolsa bu şertlerden netijeli peýdalanyp, Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin zähmet çekmek, gurmak, döretmek galýar. Ýaşlaryň ylymly-bilimli, ilhalar nesiller bolup ýetişmekleri ugrunda taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleri rowaç bolsun.
Begnur AGAÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Demir ýol ulaglary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.
Halypa mugallymy: Orazmyrat REJEPOW.

Bitaraplyk — Parahatlyk
Häzirki wagtda döwletimiz ykdysadyýeti, durmuş ulgamy okgunly ösýän, döredijilik başlangyçlary öňe sürýän ýurt, halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde giňden tanalýar. Bu üstünlikleriň gözbaşynda giň ykrarnama we dünýäniň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk syýasatymyz durýar.

MUKADDESLIKLERIMIZE SEŽDE
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar.

«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi
24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.

Diýarymyzda Türkmen halysynyň baýramy bellenildi
25-nji maýda paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi.

Döwlet gullugy akademiýasynyň wekillleri adam serişdelerini dolandyrmakda innowasion çemeleşmeler boýunça onlaýn okuwlaryny geçdiler
2025-nji ýylyň maý aýynyň 26-30-y aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Russiýanyň halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasynyň arasynda Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň çäklerinde adam serişdelerini dolandyrmak ulgamy boýunça onlaýn okuwlaryny geçýärler.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.