Garaşsyzlyk — halkymyzyň gözbaşy
21-09-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň beýik ösüşlerinden, üstünliklerinden ylham alýan mähriban halkymyz agzybirlikde uly ruhubelentlik bilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk toýuny baýram edýär. Barha golaýlaýan baş baýramymyz mynasybetli ýurdumyzda, şol sanda paýtagtymyz Aşgabatda hem joşgunly baýramçylyk dabaralaryny geçirmäge möhüm ähmiýet berilýär. Buýsanç bilen bellemeli wakalaryň biri hem mähriban halkymyz Garaşsyzlyk toýuny Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda toýlaýar. Bu bolsa baýramçylyk dabaralaryny has-da çuňňur many-mazmun bilen baýlaşdyrýar. Şeýle ajaýyp toý joşguny bagtyýar ildeşlerimiziň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrýar.
Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň ykbalynda möhüm ähmiýeti bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk baýramy bosagada dur. Merdana halkymyzyň özbaşdak, Garaşsyz döwletli bolmak baradaky asyrlarboýy edip gelen arzuwy 1991-nji ýylyň güýzünde hasyl bolup, Garaşsyz Türkmenistan döwleti dünýä ýaň saldy. Garaşsyzlyk halkymyzyň milli buýsanjydyr. Berkarar döwletimiziň mizemezliginiň, il-günümiziň agzybirliginiň we abadançylygynyň binýadydyr. Ýadymyzda bolsa, türkmen Garaşsyzlygynyň beýik waspyny ilkinjileriň hatarynda söz sungatynda beýan eden Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýewiň «Garaşsyz» atly goşgusy bolupdy: «Goý, güller açylsyn sähraň ýüzünde, Asmanam, goý, rahmet nuruny saçsyn! // Müň dokuz ýüz togsan biriň güýzünde, Türkmenistan — ata mekan Garaşsyz!». Şahyryň bu ajaýyp setirleri häli-häzirlerem hakydalarda aýdym bolup, mukam bolup ýaňlanýar.
Gahryman Arkadagymyzyň: «Türkmenistanyň garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary» hakyndaky Konstitusion kanun belent maksatlaryň hatyrasyna Türkmenistany Garaşsyz, demokratik döwlet diýip yglan etdi» diýen buýsançly jümleleri her bir türkmenistanlyny iňňän guwandyrýar. Hut şonuň üçin hem, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň raýaty bolmak her bir türkmeniň çalşyp bolmajak bagtydyr, bagtyýarlygydyr.
Garaşsyzlyk — biziň ýurdumyza halkara gatnaşyklarynyň doly hukukly agzasy hökmünde öz syýasy garaýşyny beýan etmäge mümkinçilik berdi. Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen halkynyň diňe bir ykdysady garaşsyzlygy we durmuş goraglylygy doly üpjün edilmän, medeni mirasymyz, ata-babalarymyzdan galan ruhy, maddy gymmatlyklarymyz, taryhymyz, dilimiz, saz sungatymyz, dinimiz, ajaýyp däp-dessurlarymyz täzeden dikeldildi. Garaşsyzlyk ýyllarynda çap edilen kitaplarda milli taryh, milli medeniýet, adatlar, däp-dessurlar, türkmeniň beýik-beýik döwletleriniň taryhy, şahslary, edim-gylymlary has giňişleýin şöhlelendirildi. Milli ykdysadyýetimiziň, milli aňyýetimiziň ýörelgeleri, ýurdumyzyň öz döwlet syýasaty işlenip düzüldi. Şol syýasatdan ugur alyp halkymyz, ilki bilen, öz mümkinçilikleriniň çäksizdigini, durmuş-ykdysady ösüşde hem dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesine çykmaga ähli şertleriň bardygyna düşündi.
Şu ýerde möhüm bir zady aýratyn belläp geçmek juda ýerlikli bolsa gerek. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýerine ýetirilen işleriň, durmuşa ornaşdyrylan özgertmeleriň hemmesi halkymyzyň söýgüsine mynasyp bolan Gahryman Arkadagymyzyň gije-gündiz çeken ýadawsyz zähmeti, taýsyz tagallalary bilen amala aşdy. «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgäni baş şygara öwrüp, ähli aýdanlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň dowamatyny dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli başlangyçlarynyň oňyn netijeleri täze döwürde Garaşsyzlygymyzyň halkymyza eçilýän miweleridir.
Garaşsyzlyk diýen mukaddes düşünjä bir sözlem bilen jogap bermeli bolanda, Magtymguly Pyragynyň çoh garaşan ajap eýýam baradaky arzuwy wysal boldy diýmek bolar. Şu mukaddes ýörelgeden ugur alyp, abadan durmuşda ýaşaýan bagtyýar halkymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk toýuny jebislikde toýlaýar.
Goý, Garaşsyz Watanymyzy ösüşleriň ýokary derejelerine ýetirýän, halkara abraýyny mundan beýläk hem belende galdyrmak ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Oguljemal ANNAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň lukmançylyk uniwersitetiniň Mikrobiologiýa kafedrasynyň mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.