MILLI BILIM ULGAMY: ösüşleriň täze döwri
16-09-23

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasaty uly rowaçlyklara beslenýär, ýurdumyz gülleýär hem ösýär. Ata Watanymyzyň nurana ertiri bolan ýaş nesilleriň kämil bilimli, ruhy hem-de beden taýdan sagdyn, ylymly, kämil hünärli, ruhubelent ýaşlar hökmünde okamaklary, döredijilikli zähmet çekmekleri ugrunda zerur bolan ähli mumkinçilikler döredilyär. Bu gün gujurly, ylymly türkmen ýaşlary täze eýýamyň galkynyşyndan ruhlanyp, dünýä jemgyýetiniň ösüşi bilen deň gadam urýarlar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilmegi esasynda ýaş nesil baradaky alada, ony milli we umumadamzat gymmatlyklaryna ygrarlylyk ruhunda terbiýelemek meseleleri döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň çäklerinde milli bilim ulgamyny kämilleşdirip, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn ähmiýet berilýär.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň ykbalynda möhüm ähmiýete eýe bolan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda halk hojalygynyň ähli ugurlarynda uly ýeňişler, belent sepgitler, ajaýyp üstünlikler gazanylýar. Ýurdumyzyň durmuşyndaky şeýle beýik özgertmeler, täze gurulýan obalardyr şäherler, ýaşaýyş toplumlary jemgyýetimiziň kämillige tarap özgermegine, merdana halkymyzyň täze-täze zähmet üstünliklerini gazanmagyna uly itergi berýär. Munuň özi eziz ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatly ýurtlaryň hataryna ymykly goşulýandygyny äşgär edýär.
Sanly tehnologiýalaryň, sanly serişdeleriň, akylly enjamlaryň, elektron maglumat göterijileriň, wideo we audio şekilli ýazgylaryň bilim bermek işinde netijeli peýdalanylmagy dünýä ylmy hem ösen tejribesi bilen aýakdaş gitmäge uly mümkinçilikleri açýar.
Bilim – ösüşiň netijeli guraly hökmünde islendik döwletiň kuwwatlylygyny kepillendirmek bilen, ol kämilligiň çeşmesi, ähli özgerişleriň gözbaşydyr. Bu günki gün eziz Diýarymyzda 1-nji sentýabr – Bilimler we talyplar ýaşlar gününiň hem uly dabaralara beslenmegi ýöne ýerden däl. Çünki ýurdumyzda alnyp barylýan bilim özgertmeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň täze ruhunda has-da öňe ilerleýär, Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda barha döwrebaplaşdyrylýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Mähriban Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de häzirki wagtda Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda üstünlikli amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň biri bolan milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, iň täze tehnologiýalary, innowasiýalary giňden ornaşdyrmak möhüm ugur hökmünde kesgitlenen.
Ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak, ösen aň-düşünjeli bolup ýetişmegi ugrunda durmuşa geçirilýän işler Hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer, oňyn döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolmak bilen, döwrümiziň badyna bat, şanyna şan goşýar.Ýeri gelende aýtsak, berkarar döwletimiziň ösüş ýolunyň täze belentliklerine ýetmeginde ýurdumyzyň bilim edaralarynyň paýyna hem örän möhüm wezipeler düşýär. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjiligi esasynda ýurdumyzda köpsanly döwrebap, sanly bilimi ornaşdyrmak üçin ähli mümkinçilikleri bolan bilim edaralary açylyp, olarda türkmen ýaşlary dürli hünärler boýunça bilim alýarlar. Iň buýsançly ugurlaryň biri hem, ýaş nesliň kämil bilim almaklary üçin ähli amatlyklar göz öňünde tutulyp gurlan we ösen innowasion enjamlar bilen üpjün edilen şeýle bilim ojaklarynyň sany ýylsaýyn artýar. Olarda ýokary hilli bilim almak hem-de ylym bilen meşgullanmak, dünýäniň meşhur ylym, bilim merkezleri bilen aragatnaşygy ýola goýmak, maglumat alyşmak üçin zerur şertler döredilýär.
Bu beýik ädimler ýurdumyzda maglumat-aragatnaşyk infrastrukturasyny ösdürmegiň we il-ýurt hem-de bütindünýä ähmiýetli ylmy açyşlary etmäge ukyply hünärmenleriň taýýarlanylmagynyň ýokary derejesini üpjün edýär. Şeýle hünärmenler bolup ýetişmek düýpli ylmy, syýasy we hukuk taýdan ýokary medeniýeti, ösen dünýägaraýşy talap edýär. Ol bolsa innowasiýalara, ylmyň täze gazananlaryna we usulyýetlere goşulyşmazdan mümkin däldir. Milli bilim ulgamymyzyň dünýäniň bilim giňişligine goşulyşmagy häzirki wagtda hünärmenleri taýýarlamak üçin täze ugurlary we wezipeleri kesgitledi. Olaryň hatarynda häzirki zaman hünärmeniniň zähmet bazaryndaky bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak we halkara ölçeglerine laýyk hünär derejesini ele almak wezipesi bar. Şunuň bilen baglylykda, jemgyýetiň maglumatlaşmagy şertlerinde ýokary hünär başarnygyna ukyply hünärmenleri taýýarlamagyň möhüm şerti hökmünde daşary ýurt dillerini öwretmek meselesine hem aýratyn üns bermek zerur bolup durýar.
Şeýle ajaýyp mümkinçilikleri, asylly ýörelgeleri bilen milli bilim ulgamyny uly özgerişlere besleýän, ösüp gelýän ýaş nesilleriň kämil bilim almagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Milli Liderimiz Mähriban Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza alkyşlarymyz egsilmezdir. Biz — ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, akyl taýdan kämil, ökde hünärmenler bolup ýetişmegimiz üçin tagalla edýän hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys.
Allaberdi AŞYROW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

Bitaraplyk — Parahatlyk
Häzirki wagtda döwletimiz ykdysadyýeti, durmuş ulgamy okgunly ösýän, döredijilik başlangyçlary öňe sürýän ýurt, halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde giňden tanalýar. Bu üstünlikleriň gözbaşynda giň ykrarnama we dünýäniň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk syýasatymyz durýar.

MUKADDESLIKLERIMIZE SEŽDE
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar.

«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi
24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.

Diýarymyzda Türkmen halysynyň baýramy bellenildi
25-nji maýda paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi.

Döwlet gullugy akademiýasynyň wekillleri adam serişdelerini dolandyrmakda innowasion çemeleşmeler boýunça onlaýn okuwlaryny geçdiler
2025-nji ýylyň maý aýynyň 26-30-y aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Russiýanyň halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasynyň arasynda Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň çäklerinde adam serişdelerini dolandyrmak ulgamy boýunça onlaýn okuwlaryny geçýärler.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.