Döwrebap bilime giň ýol
28-12-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän bilim diplomatiýasynyň netijesinde milli bilim ulgamymyzda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler mugallymlaryň döredijilikli işlemekleri, ýaş nesillerimiziň kämil bilim almaklary üçin giň mümkinçilikleri açýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bilim ulgamyna aýratyn üns berýän döwlet Baştutanymyzyň ýardamlaryndan hem-de sargytlarydyr öňde goýýan wezipelerinden ruhlanyp işleýän mugallymlar ýokary bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, olaryň bilim derejesini häzirki zamanyň ylmy gazananlaryna laýyk ösdürmek maksady bilen, zehin-ukyplaryny orta goýup işleýärler. Elbetde, munuň üçin dünýä bilim ulgamynda peýdalanylýan bilim bermegiň häzirki zaman usulyýetlerinden we okatmagyň iň täze tehnologiýalaryndan peýdalanmak zerurdyr.
Ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, täze innowasiýa tehnologiýalary ornaşdyrmak, ulgamyň işini döwrebap derejede guramak, dünýä tejribesinden ugur almak, sanly bilim ulgama geçmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, häzirki döwürde ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň hatarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň tassyklan “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny” mysal getirmek bolar. Watanymyzyň bilim edaralarynyň ösen innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen dersler boýunça döwrebap elektron okuw kitaplary, wideo, audio materiallary, interaktiw-multimedia programmalary, okuw görkezme esbaplary, maglumat kitapçalary döredilýär. Bu bolsa ýaşlaryň kompýuter sowatlylygynyň yzygiderli kämilleşdirmeklerinde örän uly ähmiýete eýedir.
Her bir ýurduň ösüşi ozaly bilen, şol ýurtda ylym-bilim ulgamynyň kämilleşdiriliş derejesi bilen kesgitlenilýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda döwrebap bilim almak we döredijilik mümkinçilikleriniň şeýle tiz ösüş derejesini bu ulgamyň merkezinde goýlup, onuň maddy-tehniki, okuw-usulyýet, tejribe esaslary pugtalandyrylýar. Türkmenistanda bilim ulgamyny ösen döwrüň talaplaryna laýyk has-da kämilleşdirmek ugrunda giň gerimli özgertmeler maksatnamasy toplumlaýyn durmuşa geçirilýär.
Bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek hem-de hil taýdan täze derejä çykarmak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ylym-bilim ulgamynda özgertmeleriň maksada laýyk durmuşa geçirilmegi bu ulgamy yzygiderli kämilleşdirip, ony hil taýdan täze derejä çykarýar. Täze ýokary okuw mekdepleriniň açylmagy häzirki döwürde zerur bolan hünärleriň sanawynyň giňeldilmegi muňa ýardam edýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen, ýurdumyzda ýaş nesli hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmek babatda ähli mümkinçilikler döredilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilimli, ýokary aň düşünjeli, giň dünýägaraýyşly ýaşlar kemala gelýär. Olaryň dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim almagy üçin milli bilim ulgamynda döwrebap özgertmeler amala aşyrylýar.
Hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan döwlet syýasatynyň netijesinde, bilim ulgamyna sanly tehnologiýalary we innowasion özgertmeleri ornaşdyrmak işi barha giň gerime eýe bolýar. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» esasy maksady ýurdumyzyň innowasion ösüşine laýyklykda bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmekden, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmakdan, hilini ýokarlandyrmakdan we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekden ybaratdyr.
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde hem talyp ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryndan kämil baş çykarmaklary babatynda çuňňur bilim bermek ugrunda döwrebap işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda ylym-bilim, döwrebap, ösen innowasion tehnologiýalar bilen düýpli gyzyklanýan ýaşlary ýüze çykaryp, olaryň ukyp-başarnygyny açyp görkezmegi üçin ähli şertler döredilýär.
Ýaşlaryň döwrebap bilimli, geljekde öz hünärleriniň ussatlary bolup ýetişmegi babatda bimöçber alada edýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Ogulkeýik ANNAMUHAMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Endokrinologiýa kafedrasynyň müdiri.
TÜRKMEN BEDEWLERI BÜTIN DÜNÝÄŇ YKRARYNDA
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň milli buýsanjy we baýlygy hasaplaýan behişdi ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, olaryň baş sanyny köpeltmek boýunça başyny başlan başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär.
BAGTLY DÖWRE BUÝSANÇ
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, ýaşlary ylmy gözleglere we innowasion açyşlara ugrukdyrmak döwlet syasatynyň iň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bagtyýar döwrümiziň berýän şeýle giň mümkinçiliklerinden ruhlanyp, ylmyň çet-gyrasyz dünýäsine gadam basan ýaşlaryň biri hökmünde, golaýda maňa "Ýaş alym" diýen abraýly adyň dakylmagy meniň üçin örän uly buýsanç we şol bir wagtda belent jogapkärçilik boldy.
Ahalteke bedewleriniñ dünýä jemgyýetindäki orny.
Ahalteke bedewi diňe bir at däl-de, eýsem türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren janly sungat eseridir. Taryhyň dowamynda türkmen halkynyň aýrylmaz bölegine öwrülen ahalteke bedewleri, diňe bir gözelligiň nusgasy däl, eýsem, Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýynyň we medenýetiniň möhüm sütünidir.
TÜrkmen bedewi ― parahatçylygyň ilçisi
«Türkmen bedewleri gadymy topragymyzyň gudratydyr, öý-ojagymyzyň ýaraşygydyr, bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygymyzdyr» diýip hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu günki eşretli Diýarymyzyda ahalteke bedewleri dünýä arenasynda abraýyna mynasyp hormat münberinde orun alýar.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlar wekiliýetiniň Hindistan bilen tanyşlyk sapary
Häzirki döwürde ýaşlaryň arasynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, medeniýetleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak we ylym-bilim ugrundaky täze tejribeleri alyşmak aýratyn ähmiýete eýedir. Şu maksat bilen 2026-njy ýylyň 24-nji marty 2-nji apreli aralygynda Hindistan Respublikasynyň Mumbai, Goa we New Delhi şäherlerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň gatnaşmagynda tanyşlyk sapary geçirilýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.