Geljege yhlasly, hünäre höwesli ýaşlar
16-09-23
Berkarar ýurdumyzyň bilime höwesli, zehinli ýaşlary bar. Biziň her birimiz mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşandymyzy goşmak üçin höwes bildiren hünärlerimizi öwrenýäris. Hünär ynsany täze belentliklere galkyndyrýar, ruhubelent edýär, durmuşyna çuňňur many çaýýar. Türkmenistanda döwrüň talap edýän ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlamagyň kämil ulgamyny döretmek häzirki zaman ylym-bilim ulgamyny mundan beýläk-de özgertmekde esasy wezipedir. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde kämil bilimli, giň gözýetimli, saýlap alan hünärini oňat bilýän, başarnykly hünärmenleri taýýarlamakda alnyp barylýan işler barha giň gerime eýe bolýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hünäre goýulýan sarpa hem has ýokarlandy. Döwrümiziň özgermegi bilen hünärler hem kämilleşýär. Munuň özi ozaly bilen Arkadagly Serdarymyzyň ylmy-bilimi jemgyýeti ösdürýän güýç hökmünde öňe sürmegi bilen baglanyşyklydyr. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda amala aşyrylýan beýik işler ýurdumyzy ösdürmek boýunça öňde goýlan belent maksatlara ýetmekde ýaş nesle uly ornuň degişlidigini görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, ýaşlar jemgyýetimiziň iň işjeň bölegidir.
Bilim bagynyň ilkinji basgançaklaryndan biri bolan mekdep ýyllarynyň tamamlanmagy bilen, hünär saýlamak meselesi hem örboýuna galýar. «Haýsy hünäri saýlasam, dogry bolarka?», «Saýlan hünärim dogrumyka?» diýen ýaly soraglar islendik ýaş ýetginjegiň aňynda köwsarlap başlaýar. Aslynda, ýönekeýje bolup görünýän bu soragyň ykbal kesgitleýji güýji bar. Şeýle ýagdaýlarda maşgalada ýaşulularyň, ata-eneleriň şahsy göreldesi zerur bolup, olaryň degerli maslahatlary möhüm rol oýnaýar. Ýöne öz geljekki durmuş ýolumyzy saýlamak özümize has köpräk bagly.Hünär saýlamakda öňüňde goýan maksadyň ýa-da çagalykdan köňlüňde beslän arzuwdyr hyýalyň bolmagy hünär saýlamak üçin sarp etjek wagtymyzy tygşytlamaga ýardam edýär. Höwes-islegiň, sowadyň, bilim derejäň hem-de ukyp-başarnygyň hem bu ýagdaýa güýçli täsir edýär. Zähmet ýolumyzy saýlamakda goýberen ýalňyşlygymyz bize berlen uly baýlyk bolan ömrümizi manysyz geçirmegimize, wagtymyzy bihuda sarp etmegimize sebäp bolup biler. Köňül maksadyňa görä saýlanan durmuş ýoluň her güni-de, her sagady-da, her minudy-da üýtgeşik!
Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny ösdürmek we häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda özgertmek, milli ykdysadyýetimiziň pudaklary, beýleki ulgamlar üçin häzirki zaman tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan ýokary bilimli, kämil hünärmenleri taýýarlamak babatda uly tagalla edýär. Şonuň bilen baglanyşykly, üstümizdäki okuw ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleriň onlarçasynyň girizilmegi, şeýle-de ýaşlara bakalawr maksatnamasy esasynda bilim berilmegi häzirki döwrüň bilimlerinden ýüki ýetik hünärmenleriň taýýarlanmagynyň ýolunda möhüm ädime öwrüldi. Bu zatlar ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamaga, bilim almaga höwes edýän ýaşlara hünär saýlamaga täze mümkinçilikler açýar. Ýaşlar şol mümkinçiliklerden peýdalanmaga höweslidiklerine talyplyga dalaşgärlerden resminamalaryň kabul edilýän şu günlerde guwanç bilen göz ýetirýärsiň.
Giň gözýetimli, ösen tehnologiýalardan baş çykarýan, watansöýüji, sagdyn ruhly we berk bedenli ýaş nesli kemala getirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir, jemgyýetçilik guramalary tarapyndan alnyp barylýan işleriň esasy maksadydyr. Bu işleri has-da üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi tassyklandy. Bu resminamanyň kabul edilmegi ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ýaşlar syýasatynyň hukuk binýadyny pugtalandyrdy, ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikleriň gerimini giňeltdi.
Ýurdumyzda tehnologiýalaryň ösen zamanynda kompýuterleşdirilen bilimlere daýanyp, häzirki zaman önümçilik desgalaryny işe girizmek ýola goýuldy. Bu bolsa ylmyň gazananlaryna esaslanýan milli ykdysadyýetiň pudaklary üçin zerur hünärmenleri taýýarlamagy talap edýär. Hünärmenleriň öz bilim derejesini ýokarlandyrmagy, ösen tehnologiýalardan kämil baş çykarmagy möhümdir. Şoňa görä-de, ýaşlaryň saýlap alan ugurlaryndan oňat baş çykarmaklary has derwaýysdyr. Bu babatda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy we hünär öwrenmegi üçin ähli şertleriň we mümkinçilikleriň döredilýändigi aýratyn bellärliklidir. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine kabul edilýän talyp ýaşlaryň sany ýyl-ýyldan artýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýaşlary özleri üçin döredilýän giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, Watanymyz, halkymyz üçin peýdaly adamlar bolup ýetişmek maksady bilen yhlasly okaýarlar, öwrenýärler, ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirýärler. Häzirki döwürde ýaşlar halk hojalygynyň ulag we kommunikasiýa pudaklarynda zähmet çekmäge isleg bildirýän hünärleri saýlap almak mümkinçiligine eýe boldular. Olar höwes edýän hünärleri boýunça okamaga doly mümkinçilik aldylar. Magtymguly atamyz: «Yhlas bile bir kämile gol beren, // Ýeter bir menzile, ýetmeýen galmaz» diýipdir. Yhlas sizi maksadyňyza ýetirer, arzuwlaryňyzy wysala gowşurar. Siziň saýlan ýoluňyz — bilimler dünýäsi, hünär edinmek islegi ynsan ömrüni nurlandyrýan, geljegi ýagtyldýan ýol. Şonuň üçin yhlas ediň, alan bilimleriňiz boýunça güýç-gaýratyňyzy bir ýere jemläň, tijeniň! Sebäbi siz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar perzentleri, bagtly ýaşlary! Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň, Arkadagly döwrümiziň talyby bolmak ruhubelent ýaşlaryň her biriniň gursagyna beslän belent arzuwydyr. Ýaşlara şol ajaýyp maksat-myradyna ýetmegi arzuw edýäris.Ýaşlaryň döwrebap bilim almagyna we mugallymlaryň döredijilikli zähmet çekmegine, okamaga, döretmäge, işlemäge giň mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, alyp barýan beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris!
Ayjahan GURBANDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.
TÜRKMEN BEDEWLERI BÜTIN DÜNÝÄŇ YKRARYNDA
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň milli buýsanjy we baýlygy hasaplaýan behişdi ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, olaryň baş sanyny köpeltmek boýunça başyny başlan başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär.
BAGTLY DÖWRE BUÝSANÇ
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, ýaşlary ylmy gözleglere we innowasion açyşlara ugrukdyrmak döwlet syasatynyň iň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bagtyýar döwrümiziň berýän şeýle giň mümkinçiliklerinden ruhlanyp, ylmyň çet-gyrasyz dünýäsine gadam basan ýaşlaryň biri hökmünde, golaýda maňa "Ýaş alym" diýen abraýly adyň dakylmagy meniň üçin örän uly buýsanç we şol bir wagtda belent jogapkärçilik boldy.
Ahalteke bedewleriniñ dünýä jemgyýetindäki orny.
Ahalteke bedewi diňe bir at däl-de, eýsem türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren janly sungat eseridir. Taryhyň dowamynda türkmen halkynyň aýrylmaz bölegine öwrülen ahalteke bedewleri, diňe bir gözelligiň nusgasy däl, eýsem, Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýynyň we medenýetiniň möhüm sütünidir.
TÜrkmen bedewi ― parahatçylygyň ilçisi
«Türkmen bedewleri gadymy topragymyzyň gudratydyr, öý-ojagymyzyň ýaraşygydyr, bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygymyzdyr» diýip hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu günki eşretli Diýarymyzyda ahalteke bedewleri dünýä arenasynda abraýyna mynasyp hormat münberinde orun alýar.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlar wekiliýetiniň Hindistan bilen tanyşlyk sapary
Häzirki döwürde ýaşlaryň arasynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, medeniýetleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak we ylym-bilim ugrundaky täze tejribeleri alyşmak aýratyn ähmiýete eýedir. Şu maksat bilen 2026-njy ýylyň 24-nji marty 2-nji apreli aralygynda Hindistan Respublikasynyň Mumbai, Goa we New Delhi şäherlerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň gatnaşmagynda tanyşlyk sapary geçirilýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.