Ylyma-bilime höwesli bagtyýar ýaşlar

18-09-23

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilimi ösdürmek, ýaşlaryň giň dünýägaraýşyny üpjün etmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Bu ugurdan durmuşa geçirilýän işler özüniň oňat netijesini berip, bilim ulgamynda ajaýyp üstünlikler gazanylýar. Şeýle bolansoň, bu günki ýaşlarymyz dünýä dillerini bilýän, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişýärler. Bu bolsa, uly üstünlikleriň, beýik ösüşleriň gözbaşydyr.

Türkmen halkynyň her bir güni taryhy wakalara beslenýär. Häzirki ajaýyp günlerde buýsandyryjy wakalara şaýat bolýarys. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň geljegini röwşen günlere utgaşdyryp, belent maksatlary durmuşa geçirýär. Hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär: «Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk».

Şu sözlerden görnüşi ýaly, ýurdumyzy has-da ösdürmekde, milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de kuwwatlandyrmakda, halkymyzyň röwşen geljegini üpjün etmekde belent maksatlar ýola goýuldy. Ynha, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» ýurduň täze döwür üçin uzak möhletli ösüş ýoluny aýdyňlaşdyrdy. Bu maksatnamada ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän durmuş-ykdysady ösüşiň milli nusgasynyň döwletimiziň doly syýasy bitewüligini we ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň üznüksiz ýokarlanmagyny üpjün edýändigi nygtalýar. Şeýle hem ylym-bilimiň döwrebap ösdürilmegi, kämil hünärmenleriň taýýarlygy, sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri aýdyň beýan edilýär. Ýurdumyzyň ösüşinde şeýle belent maksatlar, aýdyň wezipeler, röwşen ýollar bar. Şu aýdyň ýolda hem ýaş hünärmenleri ýetişdirmek we olaryň geljekki ösüşimize goşant goşmaklaryny üpjün etmek bilim işgärleriniň öňünde esasy ugur bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz wezipä girişmek dabarasynda eden çykyşynda: «Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünärli, taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalar ediler» diýip belledi. Munuň özi ýurdumyzyň ösüşiniň ylym-bilim bilen berk baglanyşdyrylýandygyny, kämil hünärmenlere aýratyn üns berilýändigini aýdyň beýan edýär.

Ylym-bilime bolan söýgi, öwrenmäge bolan hyjuw milli aýratynlyklarymyzyň biridir. Bu biziň ýaşlarymyzyň hem okamaga bolan höwesini, bilimli bolmak ukybyny üpjün edýär. Bilime, ylma bolan basgançaklar okamakdan, kitaba bolan söýgüden gözbaş alýar. Türkmen halky gadymdan bäri medeniýete, ylma sarpa goýupdyr. Pederlerimiziň döreden gymmatly eserleri, dessanlary, goşgy-gazallary aýratyn bellärliklidir. Bu günki günde şeýle asylly ýörelgeleri döwrebap ösdürip, iň kämil hünärmenleri, ylymly ýaşlary ýetişdirmek baş maksatdyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrümiz ylym-bilimi has-da ösdürmek, häzirki döwrüň ýaş nesillerine öwretmek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Watanymyzyň ykdysadyýetiniň ýokary depginde ösmegini üpjün etmek we sanly ykdysadyýete uýgunlaşdyrýan bazar ykdysadyýetiniň özgertmelerini üstünlikli amala aşyrmak, ylymly-bilimli hünärmenleri taýýarlamak esasy ugur bolup durýar. Munuň özi ýurdumyzyň ösüşini has-da kuwwatlandyrýar we täze mümkinçilikleri döredýär.

Hormatly Prezidentimiz döredijilikli zähmet çekmäge, üstünlikleri gazanmaga, kämil we watansöýüji nesli terbiýeläp ýetişdirmäge ähli mümkinçilikleri döredýär. Hormatly Prezidentimiz: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýip belleýär.

Ogulgerek ÖDÄÝEWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Demir
ýol ulaglary fakultetiniň Demir ýollaryň hereket edýän düzümi hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

«IL SAGLYGY — ÝURT BAÝLYGY»

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Garaşsyz döwletimizde il saglygy ýurt baýlygyna deňelýär. Şoňa görä-de, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, keselleriň öňüni almaga uly ähmiýet berilýär. Beden hem-de ruhy taýdan sagdyn, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza wepaly, ukyp-başarnykly nesilleri ýetişdirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.


BAGTYÝARLYK SAGLYKDAN BAŞLANÝAR

Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy esasynda işlenip taýýarlanylan, strategik häsiýete eýe bolan, durmuş ugurly «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň  hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy hil taýdan täze derejelere çykýar.


SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESI ÝOL ALÝAR

Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Il saglygy — ýurt baýlygy» şygary astynda ilat arasynda geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.


BEÝIK IŞLER ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda: «Eger-de milletiň erkana we öz erkli ýaşaýşyny bürgüt hem laçyn guşlaryň öz dünýäsinde erkana, parahat ýaýnaşyna meňzetsek, olar şunda öz goşa ganatlaryna daýanýandyrlar. Şeýlelikde, Garaşsyzlyk we Bitaraplyk hem türkmen döwletiniň goşa ganatydyr» diýen dürdäne jümleler bar. 


BITARAPLYK ÝOLY PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝOLUDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik we asyl syýasaty, türkmen halkynyň ata-baba, nesilme-nesil dowam edýän agzybirlik taglymaty netijesinde Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly  Eziz Diýarymyzda bu gün durmuş daragty gül açyp, onuň hoşroýlygy gözellikden çar ýana serpaýdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.