BIZ BAGTYÝAR ZAMANANYŇ YLYMDAN SERPAÝLY, BAGTDAN PAÝLY ÝAŞLARY
19-09-23
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan ynsanperwer döwlet syýasatynda Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň geljegi bolan ýaşlara kämil bilim, edep-terbiýe berilmegine uly üns berilýär. Eziz Diýarymyzyň ýagty ertiri, geljekki daýanjy bolan ýaş nesilleriň kämil bilimli, ösen hem giň dünýägaraýyşly şahsyýetler, ökde hünärmenler bolup ýetişmekleri babatda beýik işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şeýle asylly başlangyçlaryň ählisi bolsa ýaş nesliň döwrebap bilim almagynda, ussat hünärmen bolup ýetişmekliginde esas bolup çykyş edýär. Ýaşlar baradaky şeýle aladalar kalplary hyjuwly, ylymly-bilimli ýaş nesillerimizi uly ruhubelentlige besleýär, döwrüň kämil innowasion tehnologiýalaryndan baş çykaryp, ata Watanymyzyň dünýä derejesindäki, eziz halkymyzyň at-abraýyny has hem artdyrýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda kalplary jan Watanymyz eziz Türkmenistan diýip urýan, ylymdan paýly, bagtdan serpaýly talyp ýaşlar bu gün Mähriban Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarlar.
Eziz Watanymyz beýik ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýar, barha özgerýär. Diýarymyzyň sebitlerinde üstünlikli durmuşa geçirilýän önümçilik, ylym-bilim, saglygy goraýyş we medeni-durmuş maksatly iri taslamalar, gurulýan döwrebap desgalar milli ykdysadyýetimiziň has-da kuwwatlanmagyna, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna, obalarymyzyň, şäherçelerimiziň we şäherlerimiziň özgermegine oňyn täsirini ýetirýär. Şeýle taryhy ösüş-özgertmeler döwrümize we durmuşymyza buýsanjymyzy goşalandyrýar.
Arkadagly Serdarymyzyň “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” (rejelenen görnüşi) Türkmenistanyň Kanunyna gol çekmegi türkmen ýaşlary üçin buýsandyryjy waka boldy. Hormatly Prezidentimiziň gol çeken degişli Kanuny geljekde ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlarynda zähmet çekýän ýaşlaryň zehinini, ukyp-başarnygyny açyp görkezmeginde, olaryň bähbitlerini, hukuk-azatlyklaryny goramakda we bulary iş ýüzünde amala aşyrmakda örän ähmiýetli hukuk resminamasy bolar. Watanymyzyň geljegi bolan bagtyýar ýaşlarymyz ýurdumyzda döredilip berilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp mundan beýläk hem halk hojalygynyň dürli pudaklarynda milli hem-de döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde yhlasly zähmet çekerler. Ylym-bilim, sport, telekeçilik we jemgyýetçilik işleri bilen meşgullanyp, ykdysadyýetimizi ösdürmäge işjeň gatnaşarlar.
Watanymyzyň bu günki ýeten derejesi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň beren tükeniksiz bagtydyr, eçilen miwesidir. Biz ýaşlar — Garaşsyzlygymyzyň bize eçilýän miwesiniň gadyryny bilip, öz saýlap alan hünärimiz boýunça bilim alyp, Garaşsyz Watanymyzyň adyny dünýä ýaýmakda yhlasymyzy gaýgyrmaýarys. Ýokary okuw mekdebimizde geçirilýän duşuşyklardyr maslahatlar Watanymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda geçen şöhratly ýoly, halkymyzyň ýeten bimöçber bagty dogrusynda uly buýsanç bilen gürrüň edilýär.
Ýaşlygyň bar ýerinde, güýç-kuwwat bar, hyjuw bar. Uly hyjuwyň, joşgunly dünýäň eýesi bolan ýaşlaryň jemlenen ýerinde bolsa hemişe bagtyýarlyk, şatlyk höküm sürýär. Uly ruhubelentlik bilen geçen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýy hem ýaşlaryň öz öňlerinde goýan aýdyň wezipelerine düşünmäge, anyk maksatlaryna tarap ymtylmaga, ata Watanymyzyň at-abraýyny dünýä ýüzünde dabaralandyrmaga uly höwes, çäksiz söýgi döretdi. Bu gün buýsançly, kalby joşgunly bagtyýar ýaşlarymyz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň beýik ynamyndan ruhlanyp, döredýärler, gurýarlar, bagtly döwrüň sesine öz seslerini goşýarlar.
Ýurdumyzda gurlup ulanylmaga berilýän her bir bilim edaralary, okuw merkezleri döwrebap tehnologiýalar, akylly enjamlar bilen doly enjamlaşdyrylýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň barha gülläp ösmeginde, ata Watanymyzyň şan-şöhratynyň, abraý-mertebesiniň barha belende galmagynda bagtyýar ýaşlaryň mynasyp orny bardyr. Çünki ýaşlar döwletimiz tarapyndan döredilip berilýän şertlerden ruhlanyp, kämil ylym alyp, dünýä derejesinde dürli ugurlar boýunça geçirilýän halkara ýaryşlarynda ýaşyl Tugumyzy belentde galdyryp, baýrakly orunlara eýe bolýarlar. Arkadagly Serdarymyzyň parasatly başlangyçlary netijesinde häzirki wagtda ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilim ulgamy jemgyýetimiziň täzeçil döwrüniň esasyny düzýär. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän her bir başlangyçlarda ýaşlaryň ylymly bolmaklary, olaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeklerini gazanmak, milliligimize, baý sungatymyza, medeni gymmatlyklarymyza, milli däp-dessurlarymyza bolan buýsanjyny has-da artdyrmakda möhüm şertler yzygider döredilýär. Bu bolsa ýaş nesillerimiziň hemmetaraplaýyn kämilleşmegine, ylym-bilim gorunyň artmagyna, bagtyýar zamananyň ýeňişli menzillerde batly gadamlar bilen öňe gitmeklerine giň ýol açýar.Döwletimiz tarapyndan ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikler bize ylym-bilim ummanyny gulaçlap, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň abraý-mertebesini beýgeltmek ugrunda alyp barýan beýik işlerine öz mynasyp goşandymyzy goşmaga ruhlandyrýar. Ata Watanymyzyň bagtyýar geljegini ýaşlarda görýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!
Nurmyrat ÇARYMYRADOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalry institutynyň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
«IL SAGLYGY — ÝURT BAÝLYGY»
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Garaşsyz döwletimizde il saglygy ýurt baýlygyna deňelýär. Şoňa görä-de, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, keselleriň öňüni almaga uly ähmiýet berilýär. Beden hem-de ruhy taýdan sagdyn, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza wepaly, ukyp-başarnykly nesilleri ýetişdirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.
BAGTYÝARLYK SAGLYKDAN BAŞLANÝAR
Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy esasynda işlenip taýýarlanylan, strategik häsiýete eýe bolan, durmuş ugurly «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy hil taýdan täze derejelere çykýar.
SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESI ÝOL ALÝAR
Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Il saglygy — ýurt baýlygy» şygary astynda ilat arasynda geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.
BEÝIK IŞLER ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda: «Eger-de milletiň erkana we öz erkli ýaşaýşyny bürgüt hem laçyn guşlaryň öz dünýäsinde erkana, parahat ýaýnaşyna meňzetsek, olar şunda öz goşa ganatlaryna daýanýandyrlar. Şeýlelikde, Garaşsyzlyk we Bitaraplyk hem türkmen döwletiniň goşa ganatydyr» diýen dürdäne jümleler bar.
BITARAPLYK ÝOLY PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝOLUDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik we asyl syýasaty, türkmen halkynyň ata-baba, nesilme-nesil dowam edýän agzybirlik taglymaty netijesinde Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly Eziz Diýarymyzda bu gün durmuş daragty gül açyp, onuň hoşroýlygy gözellikden çar ýana serpaýdyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.