BILIM OJAGYMYZDA DÖWREBAP MÜMKINÇILIKLER
20-09-23
Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ykdysadyýeti we durmuş ulgamyny sanlylaşdyrmak babatda düýpli işler alnyp barylýar. Sanly ulgama üstünlikli geçmek üçin ýurtda ygtybarly hukuk we maddy-enjamlaýyn binýat we zerur şertler döredildi. Döwletiň we jemgyýetiň ähli ulgamlaryny sanlylaşdyrmak hem-de umumy sanly gurşawy döretmek boýunça işler has-da çaltlandyryldy.Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny yzygiderli we maksada okgunly kämilleşdirmek hem-de innowasiýalary ornaşdyrmak işleri hem ýokary derejelere eýe bolýar.
Şeýle giň gerimli sanly ulgama geçmek boýunça amala aşyrylýan çäreler hemmetaraplaýyn ösen, häzirki zamanyň ýokary tehnologiýalaryny işjeň özleşdirmäge ukyply nesliň kemala getirilmegini talap edýär. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» ýerine ýetirmegiň çäklerinde birnäçe möhüm işler amala aşyryldy. Ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda zähmet çekýän işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin uzak aralykdan hünär bilimini bermek usullaryndan peýdalanylýar. Sanly bilim portalyny döretmekde, ylaýtada, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda hem işjeňlik görkezýärler.
Institutda sanly bilim portalynyň döredilmegi bilen wideo-audio ýazgylaryndan, multimedia tehnologiýalaryndan, täze-täze okuw kitaplaryndan, esbaplardan, sözlüklerden, aýry-aýry sapaklaryň nusgawy berlişiniň beýanyndan gerekli maglumatlary almak okadýan mugallymada, öwrenýän talybada elýeterli edilýär. Sanly bilim portaly internet arkaly uzak aralykdan bilim almagy we öwretmegi amala aşyrýar. Sanly bilimi ösdürmek üçin, ilkinji nobatda, bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlaryň, hünärmenleriň, şeýle-de bilim alýanlaryň häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarmaklarynyň zerurlygyny ýüze çykarýar. Şeýlelikde, häzirki zaman tehniki serişdeleriň we maglumat gorlarynyň ulanylyşynda bilim işgärleriniň taýýarlygyny kämilleşdirmek wezipesi öňe çykarylýar. Şunda ýurdumyzyň bilim edaralarynyň ösen innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi, mugallymlaryň kompýuter sowatlylygynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi örän uly ähmiýete eýedir.
Häzirki wagtda institutda professor-mugallymlar, şeýlede talyp ýaşlar tarapyndan sanly bilim ulgamynyň tor programma üpjünçiligi, onuň binýadynda sanly bilim portallary işlenip taýýarlanyldy. Sanly bilim portaly elektron poçta, elektron resminama, uzak aralykdan bilim almak, ylmy işler, okatmagyň elektron serişdesi, bäsleşikler, olimpiadalar, maslahatlar, forumlar, okuw kitaplary, okuw gollanmalary, sözlükler ýaly bölümleri özünde jemleýär. Bulardan başga-da, bilim ojagynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde, ýurdumyzyň ýokary hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda, şol sanda bilim babatda hyzmatdaşlyk edilýän daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri, ylym-bilim merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar yzygiderli guralýar. Ýokary okuw mekdebinde halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde, alnyp barylýan bilim terbiýeçilik, ylym, sport, medeni-köpçülik işlerini, döwlet ähmiýetli özgertmeleri, ösüşleri giňden şöhlelendirmekde ýurdumyzda amala aşyrylýan sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanylýar. Şonuň ýalyda, bilim ojagymyzda sanly bilim tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen döredýän portalymyz elektron okuwlary, elektron okuw kitaplary, okuw gollanmalary, wideo audio materiallar, interaktiw-multimedia programmalary, okuw-görkezme esbaplary, maglumat kitapçalary toplamaga mümkinçilik döredýär. Munuň özi iş ýüzünde maglumatlar gorumyzyň derejesini ýokarlandyrýar.
Mundan başga-da professor-mugallymlarymyz sanly bilim portalynyň kömegi bilen talyplara uzak aralykdan bilim berip bilýärler. Şeýle ýagdaýda mugallym bilen talybyň arasynda elektron hyzmatdaşlyk ýüze çykýar. Bu maglumatlaşdyrmagyň aýratyn ýörelgesi hökmünde bilim işine gatnaşyjylaryň ählisine, ilkinji nobatda, mugallymyň okuw wagtyny tygşytlamaga, erkin döredijilikli işlemäge mümkinçilik döredýär. Zerur bolan elektron hyzmatlar ýola goýulýar.
Arslan HOJAGULYÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
TÜRKMEN BEDEWLERI BÜTIN DÜNÝÄŇ YKRARYNDA
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň milli buýsanjy we baýlygy hasaplaýan behişdi ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, olaryň baş sanyny köpeltmek boýunça başyny başlan başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär.
BAGTLY DÖWRE BUÝSANÇ
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, ýaşlary ylmy gözleglere we innowasion açyşlara ugrukdyrmak döwlet syasatynyň iň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bagtyýar döwrümiziň berýän şeýle giň mümkinçiliklerinden ruhlanyp, ylmyň çet-gyrasyz dünýäsine gadam basan ýaşlaryň biri hökmünde, golaýda maňa "Ýaş alym" diýen abraýly adyň dakylmagy meniň üçin örän uly buýsanç we şol bir wagtda belent jogapkärçilik boldy.
Ahalteke bedewleriniñ dünýä jemgyýetindäki orny.
Ahalteke bedewi diňe bir at däl-de, eýsem türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren janly sungat eseridir. Taryhyň dowamynda türkmen halkynyň aýrylmaz bölegine öwrülen ahalteke bedewleri, diňe bir gözelligiň nusgasy däl, eýsem, Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýynyň we medenýetiniň möhüm sütünidir.
TÜrkmen bedewi ― parahatçylygyň ilçisi
«Türkmen bedewleri gadymy topragymyzyň gudratydyr, öý-ojagymyzyň ýaraşygydyr, bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygymyzdyr» diýip hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu günki eşretli Diýarymyzyda ahalteke bedewleri dünýä arenasynda abraýyna mynasyp hormat münberinde orun alýar.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlar wekiliýetiniň Hindistan bilen tanyşlyk sapary
Häzirki döwürde ýaşlaryň arasynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, medeniýetleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak we ylym-bilim ugrundaky täze tejribeleri alyşmak aýratyn ähmiýete eýedir. Şu maksat bilen 2026-njy ýylyň 24-nji marty 2-nji apreli aralygynda Hindistan Respublikasynyň Mumbai, Goa we New Delhi şäherlerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň gatnaşmagynda tanyşlyk sapary geçirilýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.