Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy
16-09-26
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze-täze ösüşleriň, öňegidişlikleriň belent basgançaklaryna galýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny berkden goýan öňdengörüji, ynsanperwer syýasatyny döwrebap ösdürmegiň netijesinde, Arkadagly Gahryman Serdarymyz eziz Diýarymyzy dünýäniň iň bir ösen döwletleriniň birine öwürdi.
Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, şeýle-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda her ýylyň güýz paslynyň ilkinji aýynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly şygar bilen biraýlyk geçirmek indi asylly däbe öwrüldi. Biraýlygyň çäklerinde ýurdumyzda hereket edýän edara-kärhanalarda, ýokary we orta okuw mekdeplerinde, çagalar baglarynda, şeýle hem jemgyýetçilik dynç alyş merkezlerinde terbiýeçilik ähmiýetli çäreler, ýygnaklar, söhbetdeşlikler, maslahatlar geçirilýär. Bu çäreler, bir tarapdan, köçe-ýol hereketiniň düzgünleriniň bozulmagy netijesinde ýüze çykýan ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almaga ýardam etse, beýleki tarapdan, herekete gatnaşýan adamyň öz jogapkärçiligine düşünmegine iterýär.
Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmeklige degişli işleri durmuşa geçirmekde «Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny we ýol hereketiniň kadalaryny kesgitleýän beýleki hukuk namalary möhüm kadalaşdyryjy binýat bolup hyzmat edýär. Bu Kanun döwletimiziň çäginde ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmegiň hukuk esasyny kesgitleýär, ýol hereketiniň howpsuzlygy çygrynda döreýän gatnaşyklary düzgünleşdirýär we raýatlaryň janyny, saglygyny we emlägini gorap saklamagy üpjün etmäge, olaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini, şeýle hem daşky gurşawy goramaga gönükdirilendir.
Ýurdumyzyň bagtyýarlyga beslenen ýollarynda howpsuz hereketi amala aşyrmak, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak maksady bilen uly aladalar edilýär, döwlet derejesinde oňyn mümkinçilikler döredilýär. Awtoulaglaryň bagtyýarlyga beslenen ýollar bilen arzuwlarymyzyň myradyna tarap göwnejaý hereket etmegi, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde, ilkinji nobatda, ulaglaryň tehniki taýdan gurat bolmagy aýratyn ähmiýete eýedir. Şol sebäpli, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy tarapyndan ulaglaryň tehniki taýdan gurat bolmagy aýratyn gözegçilikde saklanylýar. Awtoulaglaryň sanynyň barha artmagy bilen, olaryň tehniki taýdan guratlygyny barlamak işini kämilleşdirmek, döwrebaplaşdyrmak, täze tehnologiýalar bilen işlemek zerurlygyny ýüze çykarýar. Ýurdumyzda ýeňil we ýük awtoulaglaryny, olaryň tirkegleriniň pasyllara görä derejesini tehniki barlagdan geçirmekde hemmetaraplaýyn enjamlar toplumy bilen üpjün edilen ýörite merkezler bar. Awtoulaglaryň tehniki taýdan anyklaýyş merkezleri indi diňe bir paýtagtymyz Aşgabat şäherinde ýa-da welaýat merkezlerde däl, eýsem, her bir welaýatyň şäherdir etraplarynda hem gurlup ulanylmaga berlip, olar halka hyzmat edýär. Ýol hereketiniň howpsuzlygyny gazanmak, ilkinji nobatda, herekete gatnaşyjylaryň ýol hereketiniň kadalaryny dogry berjaý edişlerine bagly. Awtoulagy bellenen tizlikden ýokary sürmek, ýoly pyýadalar üçin göz öňünde tutulmadyk ýerlerinden kesip geçmek ýol-ulag hadysalarynyň döremegine getirip bilýän ýaramaz ýagdaýlardyr.
Ýol-ulag hadysasynyň we düzgün bozmalaryň öňüni almak maksady bilen, pyýadalaryň hem borçlary kesgitlenendir. Şolara laýyklykda, pyýadalar mümkin boldugyça awtoulaglaryň gatnaw böleginden peýdalanmaly däl, eger peýdalanaýsalar hem örän seresaply bolmaly. Hereket düzgünleşdirilýän ýerlerde pyýadalar düzgünleşdirijiniň ýa-da ýolyşygyň duýdurmalaryndan ugur almalydyrlar. Häzirki wagtda giň gerimde ýaýbaňlandyrylýan biraýlyk ýurdumyzda ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilmegi netijesinde ilatyň saglygyny, howpsuzlygyny goramaga gönükdirilendir.
Raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini döwrüň ösen talaplaryna laýyk getirmek maksady bilen, ýurdumyzda ähli amatlyklary bolan awtomobil ýollary, estakadalar, köprüler yzygiderli gurulýar. Ýollaryň ugrunda döwrebap duralgalaryň, ýerasty, ýerüsti geçelgeleriň, hereketiň kadaly ýola goýulmagyna mümkinçilik berýän ýolyşyklaryň we beýleki degişli enjamlaryň bolmagy sürüjilere, pyýadalara hereket etmekde amatly şertleri döredýär.
Biraýlygyň dowamynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýollarda özüňi alyp barmagyň medeniýetini wagyz etmäge gönükdirilen çäreler guralyp, olaryň oňyn netijeleri berýändigi guwandyryjydyr. «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygar bilen ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Saýara BALTAÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň uly mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.