Ýaşlar bilen öňe barýar Diýarym
20-09-23
Ýaş nesiller ýurduň hereketlendiriji güýjüdir. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasaty nesillerimiziň geljekde ruhy-medeni hem-de durmuş-ykdysady ösüşiniň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna itergi berer. Ösen jemgyýetimiziň işjeň güýjüne öwrülen türkmen ýaşlarynyň kämil bilimli we medeniýetli bolup ösüp ýetişmekleri üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny alyp barýar.
Berkarar döwletimiziň ösüş strategiýasy erkinligimize we döredijiligimiziň baýlaşmagyna getirdi. Munuň özi biziň döwletimizde ýaşlar meselesine juda jogapkärçilikli çemeleşilýändiginiň subutnamasydyr.
Milli Liderimiz «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmegiň ýolunda döwlet tarapyndan ýaşlara goldaw bermegiň anyk ugurlary ýola goýuldy. Bu ugurda geçirilmeli çäreleriň meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy. Ýaş maşgalalar üçin elýeterli nyrhlardan ýaşaýyş jaýlaryny gurmaga döwlet tarapyndan goldaw berilýär. Medeni zolakdan uzak ýerlere işe iberilýän maşgalaly hünärmenler ýaşaýyş jaýlar bilen üpjün edilýär. Ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegi döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde sazlaşykly we maksadalaýyk amala aşyrmak üçin ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň düzüminde ýaşlaryň meseleleri bilen meşgullanýan bölüm hereket edýär. Türkmenistanyň Mejlisinde bu ugurda ýörite komitet iş alyp barýar. Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýaşlaryň arasynda jemgyýetçilik işini durmuşa geçirmegi hem-de bu babatda halkara hyzmatdaşlygynyň üstünlikli alnyp barylmagy möhüm ähmiýete eýedir.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň dürli derejedäki okuw mekdeplerinde guralýan sapaklar we jemgyýetçilik işleri arkaly ýaşlaryň raýatlyk medeniýetini kemala getirmek boýunça oňyn tejribe toplandy. Ýurduň ýaş raýatlarynyň bilimliliginiň derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak wezipesiniň wajyplygynyň artýandygyny bellemek gerek. Olaryň dürli pudaklara innowasion taslamalary we tehnologiýalary ornaşdyrmaga, düýbünden täze bilimleri we pikirleri özleşdirmäge has uýgunlaşan derejede, döredijilik güýçlerine we başlangyçlaryna eýe bolmagy üçin döwlet möhüm şertleri döredýär. Bilim bermegiň we hünär öwretmegiň milli ýollary bilen kämil medeniýetli nesli kemala getirýäris.
Durmuşa, öz-özüňe, jemgyýetiň öňündäki borjuňa jogapkärçiligi terbiýelemek ösen ahlak duýgusynyň ölçegi hasaplanylýar. Raýatyň jogapkärçiligi, jemgyýete we öz-özüne bolan gatnaşygy, akyl ýetirilen hajatlar we nusgalar, hukuk we ahlak kadalary, jemgyýetçilik artykmaçlyklary we demokratik gymmatlyklar adamyň durmuşda özüni alyp barşynyň ugruny kesgitleýär. Hut şu nukdaýnazardan nesilleriň döwrümize we döwletimize mynasyp şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin ähli amatly şertler we zerur bolan mümkinçilikler döredildi. Bu tagallalar bolsa hakyky manysynda oňat netijelerini berýär.
Arkadagly Serdarymyzyň bilim syýasaty şahsyýetiň ruhy-ahlak ösüşine, watançylyk we ahlak-etiki häsiýetleriniň kemala gelmegine ýardam edýär. Türkmen ýaşlarynda umumadamzat gymmatlyklaryna hormat goýmagy kemala getirsek, olaryň durnukly ösüşine kuwwatly itergi bereris. Terbiýeçilik işiniň özeni ýaşlarda ahlak medeniýetini kemala getirmäge gönükdirilendir. Häzirki döwürde bilim ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler bilen okuw işlerinde halkara tejribesi we ylmyň häzirki zaman gazananlary ulanylýar. Okuwlaryň mazmuny medeniýetde, ykdysadyýetde, ylymda, tehnikada we ýokary tehnologiýalarda gazanylýan üstünlikler bilen baýlaşdyrylýar.
Watana söýgi, raýatlyk borjuňa wepalylyk, ahlak-etiki gymmatlyklara hormat goýmak, milli mirasyňy sarpalamak, jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmak ýaşlaryň geljege bolan ynamyny artdyrýar. Onuň esasynda bolsa Watan gülleýär, Watanyň ertirki kuwwaty has-da ýokarlanýar.
Öz ata ýurduňy bilimiň, döredijiligiň, zähmetiň bilen kuwwatlandyrmak ýokary borçdur. Watançylygyň çuň kökleri biziň jemgyýetçilik gurluşymyzda jemlenendir. Munuň özi milli ýörelgelerimizde, ynsanperwer gatnaşyklarymyzda adamlara we ata Watana gulluk etmekde ýüze çykýar.
Şu ýerde ösüp gelýän ýaş nesli milli däp-dessurlara, umumadamzat medeni gymmatlyklaryna sarpa goýmak ruhunda terbiýelemäge, ýaş zehinleri ýüze çykarmaga, dürli ýurtlaryň halklarynyň arasyndaky dostlukly, döredijilik we ruhy gatnaşyklaryň berkemegine Türkmenistanda geçirilýän köp sanly çagalar we ýaşlar bäsleşikleriniň, halkara maslahatlarynyň, folklor festiwallarynyň ýardam edýändigini belläp geçmek gerek. Bu çäreler türkmen ýaşlarynyň medeni ulgamda ornuny açyp görkezmek bilen, olaryň döredijilik derejesini hem aýdyň äşgär edýär. Munuň özi dünýäniň döwrebap medeniýetini milli ruhda özleşdirmekde we türkmen ýaşlarynyň dünýägaraýşyny özgertmekde möhümdir.
Bu aýdylanlar biz ýaşlar baradaky aladanyň döwletimiziň ynsanperwer syýasatynyň esasy ugurlaryny görkezýär. Şunuň ýaly uly alada bilen gurşalýan biz ýaşlaryň halkymyzyň mundan beýläk hem bagtyýar, eşretli durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge goşant goşjakdyklarymyza ynamymyzy artdyrýar.
Oraznabat ŞAGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Demir ýol ulaglary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.
TÜRKMEN BEDEWLERI BÜTIN DÜNÝÄŇ YKRARYNDA
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň milli buýsanjy we baýlygy hasaplaýan behişdi ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, olaryň baş sanyny köpeltmek boýunça başyny başlan başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär.
BAGTLY DÖWRE BUÝSANÇ
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, ýaşlary ylmy gözleglere we innowasion açyşlara ugrukdyrmak döwlet syasatynyň iň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bagtyýar döwrümiziň berýän şeýle giň mümkinçiliklerinden ruhlanyp, ylmyň çet-gyrasyz dünýäsine gadam basan ýaşlaryň biri hökmünde, golaýda maňa "Ýaş alym" diýen abraýly adyň dakylmagy meniň üçin örän uly buýsanç we şol bir wagtda belent jogapkärçilik boldy.
Ahalteke bedewleriniñ dünýä jemgyýetindäki orny.
Ahalteke bedewi diňe bir at däl-de, eýsem türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren janly sungat eseridir. Taryhyň dowamynda türkmen halkynyň aýrylmaz bölegine öwrülen ahalteke bedewleri, diňe bir gözelligiň nusgasy däl, eýsem, Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýynyň we medenýetiniň möhüm sütünidir.
TÜrkmen bedewi ― parahatçylygyň ilçisi
«Türkmen bedewleri gadymy topragymyzyň gudratydyr, öý-ojagymyzyň ýaraşygydyr, bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygymyzdyr» diýip hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu günki eşretli Diýarymyzyda ahalteke bedewleri dünýä arenasynda abraýyna mynasyp hormat münberinde orun alýar.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlar wekiliýetiniň Hindistan bilen tanyşlyk sapary
Häzirki döwürde ýaşlaryň arasynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, medeniýetleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak we ylym-bilim ugrundaky täze tejribeleri alyşmak aýratyn ähmiýete eýedir. Şu maksat bilen 2026-njy ýylyň 24-nji marty 2-nji apreli aralygynda Hindistan Respublikasynyň Mumbai, Goa we New Delhi şäherlerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň gatnaşmagynda tanyşlyk sapary geçirilýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.