ŞYGYR ÄLEMINIŇ SÖZ USSADY
21-09-23

Halkymyzyň beýik akyldar ogly Magtymguly Pyragy özüniň baý mazmunly hem-de köptaraply döredijilik mirasy bilen tutuş ömrüni halkyna bagyşlan beýik şahsyýetdir. Ol şahyrana şygyrlary bilen Gündogaryň jemgyýetçilik-syýasy we edebi-ruhy pikirlenmelerine güýçli täsir eden dünýä edebiýatynyň görnükli söz ussadydyr. Türkmen halkynyň kalbynda we aňynda baky ýaşaýan beýik şahyryň dana goşgulary bu günki gün dünýä ynsanlarynyň dilinde barha belentden ýaňlanyp, gadyry günsaýyn artýar. Beýik akyldaryň ýürekden ýürege barýan, häzirki zamanyň adamlarynyň oý-pikirlerine we dünýägaraýyşlaryna laýyk gelýän, adamzadyň ýagşy duýgularyny oýaryp, akyl ummanyna ugrukdyrýan müdimi ideýalara bagyşlanan şygryýet çemeni dünýä möçberindäki ruhy medeniýetiň gymmatlyklaryna goşuldy. Öňdengörüji dana Pyragy Gündogaryň hem-de ýurdumyzyň döredijilik wekilleriniň ruhy halypasy bolup, onuň paýhas dürdänesi, mähire we söýgä ýugrulan şygyrlary hemmeleriň nusgalyk mekdebine öwrülýär.
Ussat pederi, beýik halypasy Döwletmämmet Azadynyň: «Baýlyklaryň baýlygy — parasat, miraslaryň iň gymmatlysy edep-terbiýe, gedaýlygyň gedaýlygy — nadanlyk» diýen öwüt-nesihatlaryna eýeren hem-de pikirlerini dowam etdiren Magtymguly döwletlilik hakyndaky pikirleri, adamzat bähbitli oýlanmalary, öz zamanasynyň ruhy-ahlak gatnaşyklaryny çeperçilikli özleşdirip, ýaşan döwrüne we geljege hakyky watançylyk gözi bilen garapdyr. Onuň durmuşynyň many-mazmunynda, baş maksadynda we döredijilik zehininiň özeninde ata Watan we onuň asudalygy, milli döwletlilik we onuň özygtyýarlylygy, ynsan we onuň terbiýesi baradaky aladalar esasy orun tutupdyr. Ol özüniň öňe süren gymmatly syýasy-jemgyýetçilik, filosofik, ynsanperwerlik, edep-ahlak garaýyşlarynda ynsan beýikligini, onuň häsiýetiniň aýratynlyklaryny, daş-töweregini gurşap alan jemgyýet bilen baglanyşygyny gaýtalanmajak goşgy setirleriň üsti bilen dogruçyl açyp görkezipdir. Watançy şahyr erkin jemgyýetiň, adalatly döwletiň bar ýerinde adama mahsus ynsanperwerligiň, deňhukuklylygyň, agzybirligiň, birek-birege sylag-hormatyň, ähli ýagşylyklaryň, päkize duýgularyň we ahlak kadalarynyň höküm sürjekdigini, bagtyýarlygyň mümkin boljakdygyny ündäpdir.
Tanymal halypalarynyň biri bolan Durdy şahyr: «Meniňkini ýel alar, sil alar, seniňkini — il alar» diýip, Magtymgulynyň beýikligine ilkinjileriň biri bolup göz ýetiripdir. Durdy şahyryň aýdyşy ýaly, Magtymguly Pyragynyň şygyrlary il-günüň, halk köpçüliginiň köňlüniň töründen orun alýar. Onuň şygyrlaryndaky watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, lebzihalallyk, raýdaşlyk, rehimlilik, mertlik-gahrymançylyk ýaly ýörelgeler ynsanyň ahlak sypatlaryna ornaşýar. Parasatly nesihatlary asyrlaryň dowamynda adamlaryň jemgyýetde özüni alyp barşyny düzgünleşdirip, kalplarynda nepis duýgulary oýaryp, abadan ýaşaýşa ruhlandyrýar. Türkmeniň pähim-parasatly, paýhasly halkdygyny dünýä tanadan beýik Pyragynyň nesilden-nesle, dilden-dile geçip, täsirliligi barha güýçlenýän şygyrlarynyň ynsan köňüllerine saçýan şuglasy has-da şöhlelenýär. Şoňa görä-de, dünýä edebiýatynyň ägirtleriniň hataryna giren dana şahyrymyzyň eserleri dürli daşary ýurt dillerine terjime edilip, höwes bilen okalýar. Magtymguly atamyzyň şahyrana dünýäsi milli terbiýeçilik mekdebiniň egsilmez gory bolup gelýär we şeýle bolmagynda-da galýar.
Watançylyk we erkinlik, ynsan mertebesi we haýyr-sahawatlylyk, ata-ene we perzent mähiri, maşgala we durmuş gatnaşyklary, tebigat gözelligi we söýgi tämizligi baradaky milli garaýyşlary ýörelgeleýin hazyna öwrülen akyldar şahyryň döredijiligi häzirki zaman jemgyýetiniň hem-de geljekki nesilleriň ruhy taýdan sagdynlaşmagyny, ahlak taýdan kämilleşmegini gazanmagyň gymmatly çeşmesi bolup durýar. Halkymyzyň ruhy hemaýatkäri hökmünde her bir türkmeniň kalp töründen orun alan dana şahyryň pähim-parasada, akyl-paýhasa ýugrulan şygyrlary ýaşuly nesliň ruhy buýsanjy, ýaşlaryň durmuş gözýetimini giňeltmeginiň deňsiz-taýsyz gollanmasy bolup hyzmat edýär. Merdana, zähmetsöýer halkymyzyň kalbynda aýdyň geljege ynam döredip, ruhy güýç-kuwwat paýlaýar. Dünýä türkmenleriniň ýüreklerinde ata Watana, ene topraga bolan çäksiz söýginiň nyşany, köňül nagşy bolup ýaşaýar. Ýer ýüzüniň millionlarça ynsanlarynyň ýüreklerini birleşdirip, birnäçe halklarynyň medeniýetlerini ýakynlaşdyryp, tutuş adamzady ynsanperwerlige, parahatçylyga we ynanyşmaga çagyrýar.
Dana şahyr çuňňur manyly oý-pikirlerinde öz döwrüniň jemgyýetçilik gurluşyny suratlandyrmak bilen, Watanyň mukaddesligini, adamlaryň birek-birege goldaw berip, agzybirlikde ýaşamagyny wagyz edipdir. Özüniň giň dünýägaraýyşly eserlerinde adamlaryň häsiýetindäki ýagşylyklaryny taryplap, nogsanlyklaryny, ýakymsyz endiklerini aç-açan ýazgarypdyr. Muňa şahyryň «Söwüş bile» goşgusynyň: «Mert ýigitler geçer serden, // Al meýdanda döwüş bile», «Meýdan ýoluksa» goşgusynyň: «Mert çykar myhmana güler ýüz bile, // Namart özün gizlär myhman ýoluksa» diýen ýaly setirlerini okanyňda aýdyň göz ýetirmek bolýar. Beýik akyldar dana jümlelerinde merdana gerçekleriň gahrymançylygyny öňe çykaryp, nusgalyk keşbini döredip, her bir ynsanyň öz ykbalyny Watanyň, halkyň bähbidi bilen baglamalydygyny, il-günüňe päk ýürekden hyzmat etmelidigini wesýet edýär. Türkmeniň asyl häsiýetine mahsus myhmansöýerligini ynsanyň mertlik derejesine, sahylygyny ahlak bezegine göterýär, myhmany gadyrly garşylaýan, oňa ak ýürek bilen gol uzadýan adamlaryň abraýly, rysgal-bereketli şahsyýetler hökmünde tanalýandygyny ündeýär, myhmansöýmezekligi bolsa, gysyklyga we namartlyga deňeýär. Şonuň ýaly-da, akyldar şahyr türkmeni bir agza bakmaklyga, berkarar döwleti, adalatly jemgyýeti bina edip, öz ykbalynyň eýesi bolmaklyga çagyrypdyr.
Magtymguly Pyragynyň külli türkmeniň köňül küýsegini siňdiren: «Bir suprada taýýar kylynsa aşlar, // Göteriler ol ykbaly türkmeniň», «Hor galmasyn puştdan-puşdum, // Berkarar döwlet islärin» diýen umytly arzuwlary 1991-nji ýylda döwletimiziň Garaşsyzlygyna eýe bolmagy bilen hasyl boldy. Türkmen halkynyň ruhy ganaty Magtymguly şahyryň şygyrlar diwanynda beýan eden döwlet berkararlygy Esasy Kanunymyzda: «Türkmenistan demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolup, onda döwlet dolandyryşy prezident görnüşinde amala aşyrylýar» diýilýän kadalarda berkidildi. Il-ýurdy üçin ýokary jogapkärçilik duýgusy bilen ýaşan, ynsan mertebesine içgin çemeleşen we ony çuňňur hormatlap, ýokary derejä göteren ynsanperwer şahyryň watandaşlarynyň we döwürdeşleriniň abadan durmuşda ýaşamaklary ugrundaky tagallalary Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr» diýilýän hem-de adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirýän kadalarynda şöhlelendi. Magtymguly atamyzyň bütin türkmen halkynyň we jemgyýetiniň geljegi baradaky şahsy garaýyşlary hem-de durmuş aladalary Gahryman Arkadagymyzyň yglan eden «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň özenini düzdi. Ady äleme dolan nusgawy şahyrymyzyň parahat durmuş, oňşukly ýaşaýyş, hoşniýetli hyzmatdaşlyk, dostlukly gatnaşyk, haýyr-sahawatlylyk hakyndaky öwüt-nesihatlary BMG tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ykrar edilmeginde we onuň alyp barýan ynsanperwer içeri we daşary syýasatynda öz beýanyny tapdy.
Bu gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda, halk agzybirliginde dana Magtymgulynyň abraý-mertebesi has belende galýar, onuň goşgularynyň köpüsi halk aýdymlary bolup ýaňlanýar. Goşgy setirlerinden gözbaş alýan akaba adamlaryň durmuşyna ornaşan ganatly sözlere we nakyllara öwrülýär. Türkmen halky, ady arşa göterilen Pyragynyň arzuwlan eýýamynda, onuň geçmiş bilen häzirki döwri baglanyşdyrýan, geljege şugla saçýan akyl akabasyndan galkynyp, bagtyýarlyk zamanynda azat-erkana ýaşaýar, parasatly sargytlaryna eýerip, päk yhlasy, kalp joşguny we zehin ylhamy bilen okaýar, döredýär, gurýar. Beýik akyldaryň hemişelik adalatlylyk, belent adamkärçilik, päklik, halallyk ýaly ýörelgeleýin ýoly bilen öňe barýar. Akyldar şahyrymyzyň döredijiligine çuň sarpa goýýan hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Magtymguly atamyzyň şygyrlary älem-jahana ýaýylyp, dünýä halklaryny mähribanlaşdyrýar, dostlaşdyrýar, doganlaşdyrýar.
Ramazan KURBANOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

Bitaraplyk — Parahatlyk
Häzirki wagtda döwletimiz ykdysadyýeti, durmuş ulgamy okgunly ösýän, döredijilik başlangyçlary öňe sürýän ýurt, halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde giňden tanalýar. Bu üstünlikleriň gözbaşynda giň ykrarnama we dünýäniň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk syýasatymyz durýar.

MUKADDESLIKLERIMIZE SEŽDE
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar.

«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi
24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.

Diýarymyzda Türkmen halysynyň baýramy bellenildi
25-nji maýda paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi.

Döwlet gullugy akademiýasynyň wekillleri adam serişdelerini dolandyrmakda innowasion çemeleşmeler boýunça onlaýn okuwlaryny geçdiler
2025-nji ýylyň maý aýynyň 26-30-y aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Russiýanyň halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasynyň arasynda Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň çäklerinde adam serişdelerini dolandyrmak ulgamy boýunça onlaýn okuwlaryny geçýärler.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.