SANLY YKDYSADYÝET — AÝDYŇ GELJEK
22-09-23
Döwletiň ösüş-özgerişiniň özenini ýurduň ykdysadyýeti düzýär. Ykdysadyýetiň döwrebaplaşdyrylyp, sanlylaşdyrylyp, täzeçil usul bilen ýöredilmegi bolsa, ähli işleriň sazlaşygyna oňyn täsir edýär. Sanly özgertmeleriň dünýäde ýokary tizlik bilen ýaýraýan döwründe milli ykdysadyýetimize sanly ulgamy ornaşdyrmak, elektron senagatyny döretmek, işewürlige we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ykdysadyýeti kemala getirmek gaýragoýulmasyz wezipeler bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, Arkadagly Serdarymyz ykdysadyýetimize sanly ulgamy doly ornaşdyrmaga, ösdürmäge aýratyn üns berýär. Durmuşa geçirilýän sanly özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen, bu ulgam bilen bagly kanunçylyk binýady berkidilýär, möhüm resminamalar yzygiderli kabul edilýär we durmuşa geçirilýär.
Ykdysadyýet örän çylşyrymly we ähli zady öz içine alýan gural hökmünde her bir adamyň durmuşyna gatnaşýar. Ol önümçiligi we sarp edişi, şeýle hem şunuň bilen baglylykda kesgitlenen haryda ýa-da hyzmata bolan islegiň we teklibiň emele gelmegini özünde jemleýär. Sanly ykdysadyýet düşünjesi giňden ulanylýar we soňky döwürde bilermenler tarapyndan giňden ara alnyp maslahatlaşylýan ugra öwrüldi. Munuň esasy sebäbini köp ýurtlaryň ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryny, hususan-da, sanly maglumatlary ykdysadyýete ornaşdyrmak netijesinde uly öňegidişlikleri gazanmagy başarandyklary bilen düşündirip bolar.
Sanly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň peýdalanylmagyna esaslanýan ykdysady gatnaşyk lar ulgamyna sanly ykdysadyýet diýilýär. Ol wagtyň we harajatlaryň tygşytlanylmagy bilen bir hatarda, girdejileriň täze çeşmelerini ýüze çykarmaga şert döredýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler halkymyzyň bähbidine we döwletimiziň gülläp ösmeginiň hatyrasyna gönükdirilendir. Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiò mazmunyna, onuň ýurdumyzyň kuwwatyny artdyrmakdaky ornuna, şeýle-de dünýä ykdysadyýetiniň häzirki zaman ösüşiniň netijeli ýollarynyň biri hökmünde häsiýetlendirilýär. Ykdysadyýetiň bu görnüşine geçmegiň zerurlygyna dogry düşünilmeginiň özi öňde duran wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna itergi berýär.
Şeýlelikde, sanly ykdysadyýet tizlik, ýokary hil we amatlylyk babatynda has netijeli we köptaraplaýyn ähmiýete eýe bolýar. Şeýle-de, sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi ýurtda uzak möhletleýin ykdysady ösüşi we ýokary öndürijiligi gazanmaga ýardam berýän netijeli jemgyýetçilik hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlanmagyna we kämil görnüşleriniň ýola goýulmagyna, halkyň durmuş şertleriniň özgerdilmegine, internet ulgamynyň mümkinçilikleriniň giňeldilmegine ýardam berýär. Sanly ykdysadyýet durmuş çäreleriniň ählumumy ulgamy bolmak bilen, internetiň mümkinçiliklerine daýanýan ykdysady ösüşi emele getirýär. Şunda, esasan, zähmet öndürijiliginiň artmagy, önümçilik harajatlarynyň peselmegi we bäsdeşlige ukyplylygyň ýokarlanmagy ýaly mümkinçilikler göz önünde tutulýar.
Maglumatlary alyşmagyň elektron ulgamlaryny (internet) we olaryň elýeterliligini, kanunçylyk binýadyny sanly ykdysadyýetiň aýrylmaz bölegi hökmünde görkezmek bolar. Sanly ykdysadyýet harajatlary peseltmäge, bazardaky üýtgeşmelere az wagtda uýgunlaşmaga hem-de ýokary çeýeligi üpjün etmäge ýardam berýär. Sanly ykdysadyýet maglumatlaryň we tehnologiýalaryň ähli ýerde, hemme wagtda elýeterliligine daýanýar.
Jemläp aýdanymyzda, elektronikasyz şu günki durmuşymyzy göz öňüne getirmek mümkin däldir. Elbetde, döwrüň ösüşleri-de şony talap edýär. Maksadyň tiz netijeliliginiň düýp köki hem şundan gaýdýar. Işleriň ilerlemegi, wagtyň tygşytlanmagy, ösüş ugrundaky habarlaryňdyr maglumatlaryň salgysyna tiz gowuşmagy hem tehnologiýalar bilen amala aşyrylýar. Biziň döwletimizde bolsa häzirki zamanyň iň kämil enjamlary halkymyzyň ygtyýaryndadyr. Şonuň esasynda ýurdumyzda ykdysady üstünlikleriň barha ýokarlanmagy döwrebap tehnologiýalary ulanmak arkaly ýerine ýetirilýär. Ýeri gelende bellesek, bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň halkymyza döredip beren ägirt uly mümkinçilikleridir. Halkymyzy şeýle elýeterli şertleriň, asuda hem-de abadan ýaşaýşyň eýesi edýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan umumadamzat ähmiýetli işlerinde uly üstünlikler we rowaçlyklar ýar bolsun!
Maksat RESULOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary hünäriniň 5-nji ýyl talyby.
TÜRKMEN BEDEWLERI BÜTIN DÜNÝÄŇ YKRARYNDA
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň milli buýsanjy we baýlygy hasaplaýan behişdi ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, olaryň baş sanyny köpeltmek boýunça başyny başlan başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär.
BAGTLY DÖWRE BUÝSANÇ
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, ýaşlary ylmy gözleglere we innowasion açyşlara ugrukdyrmak döwlet syasatynyň iň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bagtyýar döwrümiziň berýän şeýle giň mümkinçiliklerinden ruhlanyp, ylmyň çet-gyrasyz dünýäsine gadam basan ýaşlaryň biri hökmünde, golaýda maňa "Ýaş alym" diýen abraýly adyň dakylmagy meniň üçin örän uly buýsanç we şol bir wagtda belent jogapkärçilik boldy.
Ahalteke bedewleriniñ dünýä jemgyýetindäki orny.
Ahalteke bedewi diňe bir at däl-de, eýsem türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren janly sungat eseridir. Taryhyň dowamynda türkmen halkynyň aýrylmaz bölegine öwrülen ahalteke bedewleri, diňe bir gözelligiň nusgasy däl, eýsem, Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýynyň we medenýetiniň möhüm sütünidir.
TÜrkmen bedewi ― parahatçylygyň ilçisi
«Türkmen bedewleri gadymy topragymyzyň gudratydyr, öý-ojagymyzyň ýaraşygydyr, bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygymyzdyr» diýip hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu günki eşretli Diýarymyzyda ahalteke bedewleri dünýä arenasynda abraýyna mynasyp hormat münberinde orun alýar.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlar wekiliýetiniň Hindistan bilen tanyşlyk sapary
Häzirki döwürde ýaşlaryň arasynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, medeniýetleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak we ylym-bilim ugrundaky täze tejribeleri alyşmak aýratyn ähmiýete eýedir. Şu maksat bilen 2026-njy ýylyň 24-nji marty 2-nji apreli aralygynda Hindistan Respublikasynyň Mumbai, Goa we New Delhi şäherlerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň gatnaşmagynda tanyşlyk sapary geçirilýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.