Ylym-bilim ulgamy döwrebaplaşýar
28-12-25
Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny mundan beýläk-de gowulandyrmagyň esasy şerti hökmünde bilim ulgamyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga hem-de yzygiderli ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzy dünýäniň okgunly ösýän, ykdysady, medeni giňişlikde bäsdeşlige ukyply döwletleriň hataryna çykarmak üçin aýratyn tagalla edilýär. Türkmenistanda ylmy-tehniki ösüşden hem-de innowasiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamaga uly üns berilýär. Şu maksat bilen, döwletimizde milli bilim ulgamynyň mümkinçiliklerini we many-mazmunyny halkara ölçeglere kybap getirmek üçin giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynyň maddy-enjamlaýyn hem-de ylmy-usulyýet binýady yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar.
Bilim bermek işi kämilleşdirilip, sanly ulgama geçirilýär. Bu babatda bilimiň yzygiderli ösmegi bilen bagly ýagdaýlar hem-de halkara tejribeler nazara alynýar. Munuň özi häzirki zaman jemgyýetini ösdürmekde döwlet dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ylmyň we işewürligiň tagallalaryny birleşdirmek, ileri tutulýan milli maksatnamalary netijeli durmuşa geçirmek, tehnologiýalary hem-de içerki bazarda ylym bilen baglanyşykly önümlere gönükdirilen innowasion taslamalary höweslendirmek we ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini görkezmek bilen baglanyşyklydyr.
Täze taryhy döwür jemgyýeti hemmetaraplaýyn ösdürmäge, milli düşünjäni kemala getirmäge, halkymyzyň intellektual derejesini ýokarlandyrmaga itergi berýär. Bu döwürde Türkmenistanda bilimi ösdürmekde uly üstünlikler gazanylýar. «Bilimli nesil — kuwwatly döwlet» diýen şygar astynda kämil şahsyýeti kemala getirmäge aýratyn üns berilýär. Okuw-tehniki enjamlar bilen üpjün edilen hem-de öňdebaryjy tehnologiýalaryň esasynda hereket edýän mekdebe çenli çagalar edaralarynyň we orta mekdepleriň sany artýar. Ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlaýan okuw mekdeplerinde okatmagyň täze ugurlary özleşdirilýär. Döwrüň talabyna görä bilim ulgamynda umumadamzat ruhy-ahlak gymmatlyklary, ynsanperwer däpler hem-de dünýäniň ösen ýurtlarynyň tejribesi nazara alynýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda beden we ruhy taýdan kämil, döwrebap bilimlere we ýokary tehnologiýalara, öz intellektual we döredijilik mümkinçiliklerini amala aşyrmaga ukyply nesli terbiýelemek boýunça ylma esaslanýan düýpli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda ylmy hemmetaraplaýyn ösdürmek, ýokary hünärli ylmy işgärleri taýýarlamak işleri giň gerime eýe bolýar. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag edaralarynda we ýokary okuw mekdeplerinde aspiranturalaryň we doktoranturalaryň önjeýli işlemegi, alymlaryň höweslendirilmegi muňa köp babatda ýardam etdi. Şeýlelikde, hemmetaraplaýyn bilimli we ylmy gözlegiň döwrebap usullaryna eýe bolan alymlaryň täze neslini taýýarlamak meselesine aýratyn üns berilýär.
Eziz Diýarymyzda yzygiderli geçirilýän halkara ylmy maslahatlaryň, pudaklaýyn forumlaryň çäklerinde taslamalar barada özara pikir alşylýar. Sözüň doly manysynda ylma we bilime daýanýan beýik işler ýurdumyzda işjeň durmuşa geçirilýär.
Ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän ylmy we medeni özgertmeler halkymyzyň ençeme asyrlaryň dowamynda sünnäläp, taraşlan ruhy-ahlak gymmatlyklaryny mundan beýläk-de kämilleşdirip, dünýä ýaýýar. Şonuň bilen birlikde, ýaş nesli şeýle gymmatlyklar esasynda terbiýelemek ýaly asylly ýörelgelerden ugur alynýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň has-da kämilleşdirilmegi, bilimli ýaşlaryň köpelmegi üçin düýpli işleriň amala aşyrylmagy halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Şeýle hem döwletimiziň mundan beýläk-de belent sepgitleri eýeläp, has-da gülläp ösjekdiginiň aýdyň güwäsidir.
Şeýle mümikinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähimýetli alyp barýan işleriniň elmydama rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!
Aýnagözel ATAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Endokrinologiýa kafedrasynyň assistenti.
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.
TÜRKMEN BEDEWLERI BÜTIN DÜNÝÄŇ YKRARYNDA
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň milli buýsanjy we baýlygy hasaplaýan behişdi ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, olaryň baş sanyny köpeltmek boýunça başyny başlan başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär.
BAGTLY DÖWRE BUÝSANÇ
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, ýaşlary ylmy gözleglere we innowasion açyşlara ugrukdyrmak döwlet syasatynyň iň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bagtyýar döwrümiziň berýän şeýle giň mümkinçiliklerinden ruhlanyp, ylmyň çet-gyrasyz dünýäsine gadam basan ýaşlaryň biri hökmünde, golaýda maňa "Ýaş alym" diýen abraýly adyň dakylmagy meniň üçin örän uly buýsanç we şol bir wagtda belent jogapkärçilik boldy.
Ahalteke bedewleriniñ dünýä jemgyýetindäki orny.
Ahalteke bedewi diňe bir at däl-de, eýsem türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren janly sungat eseridir. Taryhyň dowamynda türkmen halkynyň aýrylmaz bölegine öwrülen ahalteke bedewleri, diňe bir gözelligiň nusgasy däl, eýsem, Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýynyň we medenýetiniň möhüm sütünidir.
TÜrkmen bedewi ― parahatçylygyň ilçisi
«Türkmen bedewleri gadymy topragymyzyň gudratydyr, öý-ojagymyzyň ýaraşygydyr, bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygymyzdyr» diýip hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu günki eşretli Diýarymyzyda ahalteke bedewleri dünýä arenasynda abraýyna mynasyp hormat münberinde orun alýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.