Garaşsyzlyk — milli buýsanjymyz
25-09-24

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň beýik ösüşlerinden, üstünliklerinden ylham alýan mähriban halkymyz agzybirlikde uly ruhubelentlik bilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýy barha golaýlaýan baş baýramymyz mynasybetli ýurdumyzda joşgunly baýramçylyk dabaralaryny geçirmäge möhüm ähmiýet berilýär. Buýsanç bilen bellemeli wakalaryň biri hem mähriban halkymyz Garaşsyzlyk toýuny «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda toýlaýar. Bu bolsa baýramçylyk dabaralaryny has-da çuňňur many-mazmun bilen baýlaşdyrýar. Şeýle ajaýyp toý joşguny bagtyýar ildeşlerimiziň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrýar.
Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň ykbalynda möhüm ähmiýeti bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramy bosagada dur. Merdana halkymyzyň özbaşdak, Garaşsyz döwletli bolmak baradaky asyrlarboýy edip gelen arzuwy 1991-nji ýylyň altyn güýzünde hasyl bolup, Garaşsyz Türkmenistan döwleti dünýä ýaň saldy. Garaşsyzlyk halkymyzyň milli buýsanjydyr. Berkarar döwletimiziň mizemezliginiň, il-günümiziň agzybirliginiň we abadançylygynyň binýadydyr. Ýadymyzda bolsa, türkmen Garaşsyzlygynyň beýik waspyny ilkinjileriň hatarynda söz sungatynda beýan eden Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýewiň «Garaşsyz» atly goşgusy bolupdy: «Goý, güller açylsyn sähraň ýüzünde, Asmanam, goý, rahmet nuruny saçsyn! // Müň dokuz ýüz togsan biriň güýzünde, Türkmenistan — ata mekan Garaşsyz!». Şahyryň bu ajaýyp setirleri häli-häzirlerem hakydalarda aýdym bolup, mukam bolup ýaňlanýar.
Hormatly Prezidentimiz: «Mukaddes Garaşsyzlygymyz merdana halkymyzyň asyrlarboýy kalbynda besläp gelen nurana arzuwlarynyň, arzyly umytlarynyň, erk-islegleriniň hasyl bolmagydyr» diýip belläp geçýär. Arkadagly Serdarymyzyň parasatly, çuň manyly sözlerinde ata-babalarymyzyň özygtyýarly, abadan hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamak baradaky süýji arzuw-maksatlary, ata Watanymyzyň şanly geçmişi, şu güni hem-de beýik geljegi jemlenendir. Garaşsyzlyk halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini dünýäde dabaralandyrmaga ýardam eden mukaddeslikdir.
Garaşsyzlyk — biziň ýurdumyza halkara gatnaşyklarynyň doly hukukly agzasy hökmünde öz syýasy garaýşyny beýan etmäge mümkinçilik berdi. Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen halkynyň diňe bir ykdysady garaşsyzlygy we durmuş goraglylygy doly üpjün edilmän, medeni mirasymyz, ata-babalarymyzdan galan ruhy, maddy gymmatlyklarymyz, taryhymyz, dilimiz, saz sungatymyz, dinimiz, ajaýyp däp-dessurlarymyz täzeden dikeldildi. Garaşsyzlyk ýyllarynda çap edilen kitaplarda milli taryh, milli medeniýet, adatlar, däp-dessurlar, türkmeniň beýik-beýik döwletleriniň taryhy, şahslary, edim-gylymlary has giňişleýin şöhlelendirildi. Milli ykdysadyýetimiziň, milli aňyýetimiziň ýörelgeleri, ýurdumyzyň öz döwlet syýasaty işlenip düzüldi. Şol syýasatdan ugur alyp halkymyz, ilki bilen, öz mümkinçilikleriniň çäksizdigini, durmuş-ykdysady ösüşde hem dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesine çykmaga ähli şertleriň bardygyna düşündi.
Şu ýerde möhüm bir zady aýratyn belläp geçmek juda ýerlikli bolsa gerek. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýerine ýetirilen işleriň, durmuşa ornaşdyrylan özgertmeleriň hemmesi halkymyzyň söýgüsine mynasyp bolan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gije-gündiz çeken ýadawsyz zähmetleri, taýsyz tagallalary bilen amala aşdy. «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgäni baş şygara öwrüp, ähli aýdanlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň dowamatyny dowam etdirýän Gahryman Prezidentimiziň öňdengörüjilikli başlangyçlarynyň oňyn netijeleri täze döwürde Garaşsyzlygymyzyň halkymyza eçilýän miweleridir.
Garaşsyzlyk diýen mukaddes düşünjä bir sözlem bilen jogap bermeli bolanda, Magtymguly Pyragynyň çoh garaşan ajap eýýam baradaky arzuwy wysal boldy diýmek bolar. Şu mukaddes ýörelgeden ugur alyp, abadan durmuşda ýaşaýan bagtyýar halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýuny jebislikde toýlaýar.
Goý, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem Garaşsyz Watanymyzy ösüşleriň ýokary derejelerine ýetirýän, halkara abraýyny mundan beýläk hem belende galdyrmak ugrunda taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Zulfiýa HAÝDAROWA,
Çärjew etrabynyň 28-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy.

Bitaraplyk — Parahatlyk
Häzirki wagtda döwletimiz ykdysadyýeti, durmuş ulgamy okgunly ösýän, döredijilik başlangyçlary öňe sürýän ýurt, halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde giňden tanalýar. Bu üstünlikleriň gözbaşynda giň ykrarnama we dünýäniň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk syýasatymyz durýar.

MUKADDESLIKLERIMIZE SEŽDE
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar.

«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi
24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.

Diýarymyzda Türkmen halysynyň baýramy bellenildi
25-nji maýda paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi.

Döwlet gullugy akademiýasynyň wekillleri adam serişdelerini dolandyrmakda innowasion çemeleşmeler boýunça onlaýn okuwlaryny geçdiler
2025-nji ýylyň maý aýynyň 26-30-y aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Russiýanyň halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasynyň arasynda Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň çäklerinde adam serişdelerini dolandyrmak ulgamy boýunça onlaýn okuwlaryny geçýärler.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.