TOÝLARY TUTUMLY GELJEGI AÝDYŇ
24-09-23
Ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda arzuwlap gelen Garaşsyzlygy bu günki gün türkmen halkyna miýesser etdi. 32 ýyl mundan ozal Garaşsyz döwlet hökmünde dünýäniň syýasy kartasynda orun alan Türkmenistan döwletimiz bu gün Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli hem-de parasatly ýolbaşçylygynda dünýä döwletleri bilen hoşniýetli, dost-doganlyk, birek-birege ynanyşmak, arkalaşykly hereket etmek ýaly syýasatlaryny alyp barýar. Şu günler Berkarar Watanymyz özüniň baş baýramyna uludan taýýarlyk görýär. Bu toýuň tutumy, şatlyk-şagalaňy ulus-ilimiziň baýramçylyk ruhuna ruh goşup, göwünlerine ganat bekleýär. Ösüşleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýan eziz Diýarymyzda her bir toý-baýram, şanly seneler uly dabara, şatlyk-şowhun bilen garşylanylýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň toýy toýlanylýan buýsançly günlerde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahaty bolsa ýurdumyzyň ösüşleriniň aýdyň beýanydyr.
Döwlet Garaşsyzlygymyz halkymyzyň öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan maddy we ruhy gymmatlyklaryny, nesilden-nesle geçip gelýän beýik ynsanperwerlik däplerini gaýtaryp berdi. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça uly üstünlikler gazanylyp, belent sepgitlere ýetildi. Bitarap Türkmenistan dünýäde çalt depginler bilen ösýän döwletleriň hataryna goşuldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzy ösen döwletleriň hataryna goşmaga, mukaddes Garaşsyzlygymyzy berkitmäge, Diýarymyzyň durmuş-ykdysady ösüşleriniň depginlerini çaltlandyrmaga gönükdirilen içeri we daşary syýasatymyz netijesinde belent sepgitlere ýetilýär, ýokary netijeler gazanylýar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň we mähriban halkymyzyň gazanýan üstünlikleriniň her biri bizi buýsandyrýar, göwün guşumyzy ganatlandyrýar. Munuň özi halkymyzyň eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda anyk, netijeli we beýik işleriň amala aşyrylýandygynyň subutnamasydyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan döwletimiz Garaşsyzlyk baýramyny ajaýyp zähmet üstünliklerine besleýär. Türkmenistanyň Garaşsyzlygy türkmen halkynyň abraý-mertebesiniň göterilmegidir. Garaşsyzlyk — bu eziz Watanymyzyň özygtyýarlylygyny we berkararlygyny şöhratlandyrýan mukaddeslikdir. Garaşsyzlyk bize milli baýramlarymyzy, pederlerimizden gelýän däp-dessurlarymyzy gaýdyp berdi. Ýurdumyz gysga döwrüň içinde asyrlara barabar taryhy ýol geçdi. Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda bedew bady bilen öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz dost-doganlygyň, agzybirligiň, jebisligiň has-da gülläp ösýän mekanyna öwrüldi.
Eziz Diýarymyzda halk bilen döwletiň jebisligi ähli ösüşleriň, öňegidişlikleriň esasy kepili bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz: «Watan diňe halky bilen Watandyr!» diýip, ilkinji nobatda, halkymyza, onuň agzybirligine we jebisligine, aň-düşünjesine hem-de merdanalygyna bil baglaýar. Bu günki gün ýurdumyz parahatçylygyň mekany hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Türkmenistan halkara maslahatlaryň, forumlaryň, sergileriň we beýleki möhüm ähmiýetli çäreleriň geçirilýän mekanyna öwrüldi. Häzirki ajaýyp günlerimizde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine hem taýýarlykly barýarys. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň baş maksady we esasy wezipesi döwlet ähmiýetli meseleleri çözmäge, ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň we durmuş-ykdysady maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine halk köpçüligini giňden çekmek, teklipleri işläp taýýarlamak, halkymyzyň agzybirligini, bitewiligini, jebisligini, asudalygyny, abadançylygyny berkitmäge hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň täze döwürde beýik özgerişler ýoly bilen depginli ösmegine, has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermek bolup durýar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň ata-babalarymyzyň eýerip gelen we asyrlaryň synagyndan geçen demokratik ýol-ýörelgeleriniň mynasyp dowamyny emele getirýändigini bellemek guwandyryjydyr. Şunuň bilen baglylykda, döwletimiziň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyny baýlaşdyrmakda aýratyn ähmiýetlidigini nygtamak wajypdyr. Çünki bu döwletli maslahatda ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüşiniň has-da dabaralanmagy üçin kabul edilýän möhüm kararlardyr çözgütler mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň has-da berkemegine itergi berer. Watanymyzyň ösmegi, halkymyzyň bolelin durmuşda ýaşamagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Merdan ŞAMYRADOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.
«IL SAGLYGY — ÝURT BAÝLYGY»
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Garaşsyz döwletimizde il saglygy ýurt baýlygyna deňelýär. Şoňa görä-de, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, keselleriň öňüni almaga uly ähmiýet berilýär. Beden hem-de ruhy taýdan sagdyn, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza wepaly, ukyp-başarnykly nesilleri ýetişdirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.
BAGTYÝARLYK SAGLYKDAN BAŞLANÝAR
Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy esasynda işlenip taýýarlanylan, strategik häsiýete eýe bolan, durmuş ugurly «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy hil taýdan täze derejelere çykýar.
SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESI ÝOL ALÝAR
Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Il saglygy — ýurt baýlygy» şygary astynda ilat arasynda geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.
BEÝIK IŞLER ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda: «Eger-de milletiň erkana we öz erkli ýaşaýşyny bürgüt hem laçyn guşlaryň öz dünýäsinde erkana, parahat ýaýnaşyna meňzetsek, olar şunda öz goşa ganatlaryna daýanýandyrlar. Şeýlelikde, Garaşsyzlyk we Bitaraplyk hem türkmen döwletiniň goşa ganatydyr» diýen dürdäne jümleler bar.
BITARAPLYK ÝOLY PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝOLUDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik we asyl syýasaty, türkmen halkynyň ata-baba, nesilme-nesil dowam edýän agzybirlik taglymaty netijesinde Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly Eziz Diýarymyzda bu gün durmuş daragty gül açyp, onuň hoşroýlygy gözellikden çar ýana serpaýdyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.