Bagtyýardyr ogul-gyzyň, jan Watanym Türkmenistan!

28-09-23

Baky berkarar Watanymyz häzirki eşretli döwrümizde hemmetaraplaýyn düýpli özgerýän we dünýäniň ösüşine oňyn täsir edýän ýurt hökmünde tanalýar.  Şeýle asuda, abadan ýurduň bagtyýar geljeginiň ýaş nesle baglydygyndan ugur alnyp, ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik  durmuşynyň  ähli ugurlaryny çalt depginler bilen ösdürmek, ýokary bilimli, döredijilikli, häzirkizaman ylmy-tehniki ösüşiniň gazananlaryndan baş çykarýan  ýaş nesli kemala getirmek maksady bilen, döwrebap bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär, bilim  ulgamyna täze tehnologiýalar, ylmyň gazananlary giňden ornaşdyrylýar. Şäherdir obalarda häzirkizaman enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap çagalar baglarynyň, orta, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň gurulmagy, täze ýokary okuw mekdepleriniň, täze hünärleriň açylmagy, dünýäniň ösen ýurtlary, şeýle-de halkara guramalar bilen bilim, sport ulgamlarynda ygtybarly hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy Arkadagly Serdarymyzyň amala aşyrýan il-ýurt bähbitli beýik işleriniň rowaçlanýandygyny aýdyň görkezýär.r. Ýurdumyzyň röwşen geljeginiň eýeleri bolan ýaşlaryň tebigy ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak, goldamak, olaryň ylymly-bilimli, hünärli, giň dünýägaraýyşly kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerini gazanmak hem ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegidir. Bagtyýar ýaşlaryň buýsanjyny artdyrýan şeýle döwletli tutumlaryň degişli kanunlara, maksatnamalardyr konsepsiýalara daýanmagy alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrýar. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi ýaşlarymyzyň kämil şahsyýetler hökmünde kemala gelmeginde döwlet goldawynyň hukuk binýadyny has-da berkitdi.

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan beýik işlerinde eziz watandaşlarymyzyň aýdyň geljeginiň aladasy aýdyň görünýär. Bu günki günde ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, sport ulgamlarynda, durmuş üpjünçiliginde ýetilen sepgitler bimöçberdir. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy ykdysady-medeni taýdan gülledip ösdürmek bilen baglanyşykly öňde duran belent wezipeleriň çäklerinde ýaşlar syýasatyna hem uly üns berilýär. «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys» diýip, nygtaýan Arkadagly Serdarymyz ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň okamagy, döretmegi, kämil bilim almagy ugrunda netijeli işleri bilen göwünleri galkyndyrýar.

Ýurdumyzyň geljegini gurujylar hökmünde ýaşlara bildirilýän ýokary ynamyň oňyn netijeleri Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň häsiýetli aýratynlygyna öwrülýär. Munuň özi döwletimiz tarapyndan özlerine bildirilýän belent ynamy gündelik durmuşynyň mizemez ýörelgesine öwrüp, «Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» diýen şygary baýdak edinýän ýaşlaryň syýasy-ykdysady, medeni işlere işjeň gatnaşmaklarynda, Diýarymyzy dünýäniň okgunly ösýän kuwwatly döwletine öwürmek, halkyň durmuş hal-ýagdaýyny yzygiderli ýokarlandyrmak maksadyna gönükdirilen taryhy tutumlaryň rowaçlyklara beslenmegindäki saldamly goşantlarynda mynasyp beýanyny tapýar. Şeýle döwletli tutumlar Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dowamat-dowam bolýar. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» bu durmuş hakykatyny doly tassyklaýar. Ýaş nesilleri watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemek bu resminamalaryň baş maksady bolup, olarda şeýle döwletli maksada ýetmegiň anyk ugurlary kesgitlenildi. Munuň özi ýaşlarymyzyň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaga, olaryň ylym-bilime, döredijilikli zähmete bolan höweslerini artdyrmaga netijeli itergi berýär. Bu bolsa döwletimiziň gülläp ösüşiniň bilimli, ylymly, hünärlerden ussatlyk bilen baş çykarýan ýaş nesiller bilen berk baglydygyny ýene bir ýola tassyklaýar. 

Watan diňe halky bilen Watandyr! Mähriban halkymyzyň bagtyýarlygy we abadançylygy, jemgyýetimiziň sagdynlygy, nesillerimiziň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösüşi bilen berk baglanyşykly özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge döredýän mümkinçilikleri üçin hormatly milli Liderimize we Arkadagly Serdarymyza welaýatymyzyň ähli ýaşlarynyň adyndan köp sagbolsun aýdýarys. Biz Siziň ýol-ýörelgäňize eýermek bilen uly buýsanç, ruhubelentlik bilen okarys mähriban Arkadagly Serdarymyz!

Halmuhammet AGABAÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynuň Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

16a50d3298549c.jpeg
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda  talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.


TÜRKMEN BEDEWLERI BÜTIN DÜNÝÄŇ YKRARYNDA

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň milli buýsanjy we baýlygy hasaplaýan behişdi ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, olaryň baş sanyny köpeltmek boýunça başyny başlan başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär.


BAGTLY DÖWRE BUÝSANÇ

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, ýaşlary ylmy gözleglere we innowasion açyşlara ugrukdyrmak döwlet syasatynyň iň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bagtyýar döwrümiziň berýän şeýle giň mümkinçiliklerinden ruhlanyp, ylmyň çet-gyrasyz dünýäsine gadam basan ýaşlaryň biri hökmünde, golaýda maňa "Ýaş alym" diýen abraýly adyň dakylmagy meniň üçin örän uly buýsanç we şol bir wagtda belent jogapkärçilik boldy.


Ahalteke bedewleriniñ dünýä jemgyýetindäki orny.

Ahalteke bedewi diňe bir at däl-de, eýsem türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren janly sungat eseridir. Taryhyň dowamynda türkmen halkynyň aýrylmaz bölegine öwrülen ahalteke bedewleri, diňe bir gözelligiň nusgasy däl, eýsem, Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýynyň we medenýetiniň möhüm sütünidir.


TÜrkmen bedewi ― parahatçylygyň ilçisi

«Türkmen bedewleri gadymy topragymyzyň gudratydyr, öý-ojagymyzyň ýaraşygydyr, bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygymyzdyr» diýip hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu günki eşretli Diýarymyzyda ahalteke bedewleri dünýä arenasynda abraýyna mynasyp hormat münberinde orun alýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.