Ýaşlar — rowaçlygyň kuwwatly güýji

29-09-23

«Bilimli nesil — kuwwatly Watan» diýen şygary dabaralandyrýan ýurdumyzda bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek, giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalardan oňat baş çykarýan, başarjaň hünärmenleri taýýarlamak ugrunda uly möçberli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň Ýaşlar guramasynyň esasy wezipesi adamyň we jemgyýetiň ösmegine ýardam etmek, onuň aň-paýhas we zähmet mümkinçiliklerini kemala getirmek bolup durýar. Durmuş ähmiýetli çäreleri geçirmegiň meýilnamalaryna hem-de ýurdumyzyň beýleki jemgyýetçilik guramalary, döwlet edaralary, şeýle hem ýokary we orta mekdepleri, ylym we medeniýet edaralary bilen hyzmatdaşlykda ösüp gelýän nesil bilen işlemek boýunça dürli taslamalary amala aşyrmagyň ugurlary bu guramanyň baş wezipeleriniň hatarynda durýar.

Ylym-bilimde, döredijilikde, sportda we beýleki ugurlarda nusgalyk görelde bolýan hormatly Prezidentimiz ertirki günümiziň eýeleri boljak, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin öz mynasyp goşantlaryny goşjak ýaş nesiller baradaky aladalary döwletimiziň  ileri tutulýan syýasy ugruna öwürdi. Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021—2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak

boýunça Meýilnamanyň hereket etmegi ýurdumyzyň ähli künjeginde ýaşlaryň arasynda iş alyp barýan ýurdumyzyň iň iri jemgyýetçilik guramalarynyň biri bolan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, welaýat, şäher, etrap geňeşleriniň agzybir işgärleriniň we işjeň agzalarynyň öňlerinde durýan belent borçlary, jogapkärçilikli wezipeleri kesgitledi. Maksatnamada we ony amala aşyrmak üçin tassyklanan meýilnamada ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda alnyp barylmaly işler giň beýanyny tapýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem Ýaşlar baradaky maksatnamanyň çäklerinde ähli ugurlar, ýagny bilim, medeniýet, döredijiligiň dürli görnüşleri boýunça zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, sagdyn, ruhubelent nesilleri kemala getirmek maksadynda sportuň dürli görnüşlerinden kämil türgenleri taýýarlamak, ata-babalarymyzdan asyrlar aşyp gelýän milli gymmatlyklarymyzy, asylly ýörelgelerimizi ýaşlara çuňňur öwretmek, olarda ata Watanymyza, ajaýyp tebigatymyza bolan söýgini terbiýeläp, halk hojalygynyň dürli ulgamlarynda göreldeli zähmeti bilen tapawutlanan ýaşlary höweslendirmek hem-de beýleki ugurlar boýunça ýaşlaryň arasynda degişli işleri geçirmäge hormatly Prezidentimiz tarapyndan ähli mümkinçilikler we şertler döredilýär.

Şahyryň «Daglaryň üstünden daglar görünýär» diýen setirinde beýan edilýän pikir ýaly, ýetilen sepgitleriň aňyrsyndan has arzyly sepgitler görünýär, üstünlikleriň aňyrsynda täze üstünlikler bar. Elbetde, olary amal etmek üçin kuwwatly güýje eýe bolan ýaş nesil gerek. Ýaş nesliň şeýle kuwwata eýe bolmagy üçin zerurlyklaryň üpjün edilmegi, öz mümkinçiliklerini ösdürmekleri üçin belli bir şertleriň döredilmegi zerur. Biziň ýurdumyzda ýaşlar üçin ähli şertleriň döredilýändigini bellemek örän buýsandyryjydyr. Sebäbi diňe bu günki gün ýaşlaryň zerurlyklaryny üpjün edip bilýän millet ertir onuň miwelerine garaşyp biler, döredijilik kuwwaty bolan nesil bolsa, Watanyň has-da ösmegini dowam etmäge ukyply täze nesli terbiýeläp, ýetişdirip biler.

Ýaşlaryň hukuk goragy milli kanunçylygymyzda bellenilen tertipde amala aşyrylýar. Ýurdumyzda çuňňur bilimli, giň gözýetimli, dünýä ykdysadyýetiniň, medeniýetiniň, jemgyýetçilik-durmuş ugurlarynyň ýeten sepgitlerinden habarly we oňat baş çykarýan ökde hünärmenleri taýýarlamaga uly ähmiýet berilýär. Bilim berlişiniň hiliniň ýokarlanmagy işiň netijeliligini artdyrýar. Şunda zehinli talyplar öz döredijilikleri, taslama işleri bilen ukyp-başarnyklaryny açyp görkezýärler. Şeýle guwandyryjy netijeler hormatly Prezidentimiziň ýaş nesilleriň giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegi üçin döredýän mümkinçilikleriniň aýdyň beýany bolup durýar.

Watanymyza, halkymyza, ahlak ýörelgelerimize, milli däp-dessurlarymyza wepaly, bilimini ýokarlandyrmaga, sport bilen meşgullanmaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli, ruhubelent ýaşlary kemala getirmekde tagallalaryny gaýgyrmaýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!

 Göwher NURGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

16a50d3298549c.jpeg
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda  talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.


TÜRKMEN BEDEWLERI BÜTIN DÜNÝÄŇ YKRARYNDA

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň milli buýsanjy we baýlygy hasaplaýan behişdi ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, olaryň baş sanyny köpeltmek boýunça başyny başlan başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär.


BAGTLY DÖWRE BUÝSANÇ

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, ýaşlary ylmy gözleglere we innowasion açyşlara ugrukdyrmak döwlet syasatynyň iň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bagtyýar döwrümiziň berýän şeýle giň mümkinçiliklerinden ruhlanyp, ylmyň çet-gyrasyz dünýäsine gadam basan ýaşlaryň biri hökmünde, golaýda maňa "Ýaş alym" diýen abraýly adyň dakylmagy meniň üçin örän uly buýsanç we şol bir wagtda belent jogapkärçilik boldy.


Ahalteke bedewleriniñ dünýä jemgyýetindäki orny.

Ahalteke bedewi diňe bir at däl-de, eýsem türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren janly sungat eseridir. Taryhyň dowamynda türkmen halkynyň aýrylmaz bölegine öwrülen ahalteke bedewleri, diňe bir gözelligiň nusgasy däl, eýsem, Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýynyň we medenýetiniň möhüm sütünidir.


TÜrkmen bedewi ― parahatçylygyň ilçisi

«Türkmen bedewleri gadymy topragymyzyň gudratydyr, öý-ojagymyzyň ýaraşygydyr, bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygymyzdyr» diýip hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu günki eşretli Diýarymyzyda ahalteke bedewleri dünýä arenasynda abraýyna mynasyp hormat münberinde orun alýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.