Bilim kämillige tarap
21-06-25
Ýaş nesillere döwrüň talabyna laýyklykda bilim-terbiýe bermek, olaryň Watana wepaly, ilhalar, giň dünýägaraýyşly, ösen tehnologiýalardan ökdelik bilen baş çykarýan adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmak Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan parasatly döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiz: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe okamak, öwrenmek, döredijilikli zähmet çekmek bilen, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny, mertebesini öňküden-de belende götermelisiňiz» diýip, ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesillere uly ynam bildirýär, olary Watanymyzyň ganaty, röwşen geljegi hasaplaýar.
Döwletimizde milli bilim ulgamyny ösdürmeklige aýratyn ähmiýet berlip, onuň işini dünýä ülňülerine laýyk getirmek üçin düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Bilim özgertmeleriniň esasy maksady edep-terbiýeli, watansöýüji, sagdyn ruhly, berk bedenli, kämil hünärli, ilhalar nesilleri kemala getirmekden ybarat bolup, ata Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan çalt depginde ösmeginiň, jemgyýetimiziň medeni we ruhy taýdan has-da kämilleşmeginiň esasy şertleriniň biridir. Maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrmak, döwrebap okuw-terbiýeçilik işlerini alyp barmak, okadylyşyň hilini innowasion tehnologiýalaryň hasabyna gowulandyrmak arkaly kämil bilim ulgamy döredildi. Munuň özi Arkadagly Serdarymyzyň röwşen geljegimiz bolan ýaş nesiller baradaky ýadawsyz aladasynyň aýdyň netijesidir. Ýaş nesliň ösen döwrüň talaplaryna laýyk derejede bilim, terbiýe almaklary, özleriniň saýlap alan hünärleriniň hakyky eýeleri bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler döredilýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgesinden ugur alnyp, pugta binýady bolan milli bilim ulgamy döredildi. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenen düýpli wezipelerden ugur alyp, milli bilim ulgamy yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar, mekdebe çenli, orta, başlangyç hünär, orta hünär, ýokary hünär bilimi edaralaryndaky okuwlaryň ýokary hili üpjün edilýär. «Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň Konsepsiýasynyň», «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň», «Daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň», şeýle hem «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» esasynda mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli bilim bermegiň ähli derejelerinde iň öňdebaryjy usullar, pedagogik tejribeler giňden ornaşdyrylýar.
Milli bilim ulgamynyň sanlylaşdyrylmagynda internet ulgamynyň mümkinçilikleriniň hem wajypdygy bellärliklidir. Häzirki döwürde internetiň giň maglumatlar gorundan peýdalanmak bilen, ýaşlar sowatlaryny artdyrýarlar, özlerini gyzyklandyrýan islendik tema boýunça gözýetimlerini giňeldýärler. Ýaşlar hem-de mugallymlar elektron serişdelerden peýdalanmak bilen, halkara hem-de ýurdumyzda geçirilýän bäsleşiklere, olimpiadalara, maslahatlara, forumlara onlaýn görnüşde gatnaşmaga, daşary ýurtly kärdeşleri bilen tejribe alyşmaga mümkinçilik aldylar. Sanly bilim ulgamynyň üsti bilen her bir okuwça, talyba, mugallyma okuw kitaplaryndan, gollanmalardan, sözlüklerden, elektron kitaplardan peýdalanmak hem elýeterlidir. Hünärli ýaşlar bolsa Watanymyzyň daýanjydyr. Olar özleriniň ýokary başarnyklary, ukyplary, döredijilikli zähmet çekmäge egsilmez hyjuwlary bilen ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerine mynasyp goşant goşmalydyrlar. Şeýle döwrebap ýaşlary taýýarlamak işine biziň mekdebimizde hem netijeli gatnaşylýar.
Hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim ulgamynda amala aşyrýan oňyn özgertmeleri netijesinde, ýurdumyzda geçirilýän ylmy hem-de taslama bäsleşikleridir halkara olimpiadalarda baýrakly orunlara mynasyp bolýan zehinli ýaşlaryň sanynyň ýylsaýyn artmagy has-da buýsandyryjydyr. Bu gün ýaşlar bilimiň dürli ugurlaryny üstünlikli özleşdirýärler. Biz bilim işgärleri ata Watanymyzyň geljegi bolan edep-terbiýeli, ýokary ahlakly, kämil bilimli ýaşlary, öz kärine ussat hünärmenleri kemala getirmekde döredýän şertleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.
Baýram JUMAÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Epidemiologiýa kafedrasynyň mugallymy.
«IL SAGLYGY — ÝURT BAÝLYGY»
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Garaşsyz döwletimizde il saglygy ýurt baýlygyna deňelýär. Şoňa görä-de, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, keselleriň öňüni almaga uly ähmiýet berilýär. Beden hem-de ruhy taýdan sagdyn, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza wepaly, ukyp-başarnykly nesilleri ýetişdirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.
BAGTYÝARLYK SAGLYKDAN BAŞLANÝAR
Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy esasynda işlenip taýýarlanylan, strategik häsiýete eýe bolan, durmuş ugurly «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy hil taýdan täze derejelere çykýar.
SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESI ÝOL ALÝAR
Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Il saglygy — ýurt baýlygy» şygary astynda ilat arasynda geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.
BEÝIK IŞLER ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda: «Eger-de milletiň erkana we öz erkli ýaşaýşyny bürgüt hem laçyn guşlaryň öz dünýäsinde erkana, parahat ýaýnaşyna meňzetsek, olar şunda öz goşa ganatlaryna daýanýandyrlar. Şeýlelikde, Garaşsyzlyk we Bitaraplyk hem türkmen döwletiniň goşa ganatydyr» diýen dürdäne jümleler bar.
BITARAPLYK ÝOLY PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝOLUDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik we asyl syýasaty, türkmen halkynyň ata-baba, nesilme-nesil dowam edýän agzybirlik taglymaty netijesinde Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly Eziz Diýarymyzda bu gün durmuş daragty gül açyp, onuň hoşroýlygy gözellikden çar ýana serpaýdyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.