Halk Maslahaty – halkymyzyň jebisligi
25-07-26
Taryha altyn harplar bilen ýazylýan şan-şöhratly wakalary, toý-baýramlary bir-birine ulaşýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda amala aşyrylýan her bir iş, geçirilýän her bir syýasy-jemgyýetçilik çäre bagtyýar halkymyzyň arzuwlaryndan, isleglerinden ugur alýar we Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen naýbaşy ýörelgeleriniň rowaçlyklara beslenýändigini bütin aýdyňlygy bilen görkezýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul ediljek taryhy çözgütler munuň aýdyň subutnamasy bolar.
Garaşsyz Watanymyzyň şöhratly 35 ýylynyň içinde dost-doganlygyň, agzybirligiň, ynsanperwerligiň, asudalygyň watany bolan berkarar döwletimizde bedew batly ösüşler giň gerimde ýaýbaňlanýar. Watanymyzyň ähli ulgamlarynda gazanylýan ykdysady ösüşler, durmuş ähmiýetli desgalaryň açylyp, halkyň hyzmatyna berilmegi, köpugurly saglygy goraýyş merkezleriniň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, sport toplumlarynyň, ulag infrastrukturalarynyň we geçelgeleriniň gurulmagy, halkymyzyň iş we ýaşaýyş şertleriniň ýokarlandyrylmagy muňa aýdyň subutnamadyr.
Berkarar döwletimizde yglan edilen 2026-njy — «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde öňe barýan ýurdumyz ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýar. Ýokary derejede geçirilýän Halk Maslahatynyň mejlisi alnyp barylýan beýik işleriň many-mazmunyny çuňlaşdyrmakda, gerimini giňeltmekde aýratyn ähmiýete eýe bolýar.
Hormatly Prezidentimiziň we Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çuňňur manyly, taryhy çykyşlary öňde goýlan wezipeleri, belent maksatlary durmuşa geçirmekde aýratyn orny eýeleýär. Ýurdumyzyň mundan buýana hem ösdürilmegine gönükdirilen oňyn özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine giň mümkinçilikleri we şertleri döredýär. Bu taryhy wakalar ýurdumyzda döwrebap işleri ýola goýmakda, halkymyzyň asyrlaryň synagyndan geçen durmuş ýörelgesini täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmakda möhüm ähmiýetlidir. Halk we döwlet bähbitli möhüm wezipeleriň çözülmegine uly üns berilmegi geljekki ösüşleri üpjün edýär.
Mälim bolşy ýaly, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda geçen Halk Maslahatynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň Ýaşulular geňeşiniň agzalary bilen bilelikde umumymilli foruma gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent ada mynasyp bolan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa döwlet sylagyny dabaraly ýagdaýda gowşurmagy her bir türkmenistanlynyň buýsanjyny artdyrdy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda kanun çykaryjylyk işine, onuň döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösmegindäki möhüm ornuna uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlaryny öz içine alýan täze kanunlaryň kabul edilmegi, hereket edýän hukuk kadalarynyň durmuş-ykdysady ösüşe, täze taryhy döwrümize, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmelere laýyklykda döwrebaplaşdyrylmagy giň möçberli maksatnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegini, demokratik ýörelgeleriň dabaralanmagyny we jemgyýetçilik-syýasy gatnaşyklaryň berkidilmegini üpjün edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri, ine, şeýle şan-şöhratly wakalar bilen dabaralanýar. Bu wakalar il agzybirligini, ýurt parahatçylygyny ähli zatdan ilerde goýýan halkymyzyň arzuw-isleginiň hasyl bolýandygynyň, türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň daşyna berkden-berk jebisleşendiginiň we söýgi-buýsanjynyň egsilmezdiginiň aýdyň güwäsidir!
Aknur KOÇUMOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.