Watan gülleýändir bagtyýar ýaşlar bilen
02-10-23
Bagtyýar ýaşlar ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň röwşen geljegimiziň hatyrasyna amala aşyrylýan beýik işlere gowy okamak, çuň bilim almak we hünär öwrenmek bilen jogap berip, ata Watanymyzyň mynasyp ogul-gyzlary bolmaga çalyşýarlar. Güneşli Diýarymyzyň gülläp ösmegi, durmuşymyzyň has-da gözelleşmegi giň düşünjeli, çuňňur ylymly-bilimli, watansöýüji ýaşlara baglydyr. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, biz ata-babalarymyzyň ündän ynsanperwer ýörelgelerini mynasyp dowam etdiriji merdana nesillerimizden beýik işlere garaşýarys.
Ýaş nesilleri Watana wepaly, halka gerekli, arassa ahlakly, berk bedenli, zähmetsöýer, bilimli, ylymly, däp-dessurlara hormat goýýan, giň dünýägaraýyşly adamlar edip ýetişdirmek döwrüň baş wezipesi bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaşlar babatda ýaýbaňlandyrylýan aladalar Arkadagly Serdarymyzyň häzirki we geljekki nesilleriň eşretli durmuşyny üpjün etmegiň ugrunda durmuşa geçirýän öňdengörüjilikli, ynsanperwer we parasatly syýasatynyň aýdyň beýanydyr. Ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna aýratyn uly ähmiýet berilýär. Munuň özi ýaşlarda döwletli döwrümize bolan söýgini artdyryp, ata Watanymyza bolan guwanjymyzy goşalandyrýar.
Eziz Watanymyzyň bagtly geljegini gazanmagyň baş şerti türkmen ýaşlaryny ylymdan ýüki ýetik, ösen tehnologiýalardan baş çykaryp bilýän hünärmenler edip ýetişdirmekden ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz turuwbaşdan ýurdumyzyň bilim ulgamyna degişli edara-kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, olaryň häzirki zamanyň iň kämil enjamlary bilen enjamlaşdyrylmagyny üpjün etmek babatda tutumly işleriň başyny başlady we ol işler Arkadagly Serdarymyz tarapyndan yzygiderli dowam etdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz sporty we bedenterbiýäni giň gerimde ösdürmek üçin uly tagallalar edýär. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde gurlan iri sport toplumlary, ilkinji nobatda, çagalaryň we ýaşlaryň köpçülikleýin sporta we bedenterbiýä giňden çekilmegini üpjün etmäge gönükdirilen işler munuň aýdyň subutnamasydyr. Bilim we sport babatda halkara gatnaşyklaryny giňeltmek meselesi-de hemişe üns merkezinde saklanylýar.
Ýurdumyzda geçirilýän il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli özgertmeler, ýetilýän uly sepgitler, üstünlikli alnyp barylýan içeri we daşary syýasat ýaşlary maddy we ruhy taýdan galkyndyrmagyň özenidir. Her bir ýurduň geljegi onuň ýaşlary bilen baglanyşdyrylýar. Hut şu nukdaýnazardan, döwlet Baştutanymyz ýaşlara ynamly bil baglaýar.Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň çäklerinde ýaş raýatlary durmuş taýdan goramaga, ýaş maşgalalara goldaw bermäge, ýaş hünärmenleri iş bilen üpjün etmäge berilýän üns hem bellenilmäge mynasypdyr. Bu günki günde türkmen ýaşlary kämil bir maşgalany esaslandyrmagyň, zähmet çekýän ulgamynda öndürijilikli işlemegiň hötdesinden gelmegi başarýarlar. Türkmen ýaşlarynyň ösüşiň ähli ugurlary boýunça gazanýan üstünlikleri mähriban halkymyzy guwandyrýar we buýsandyrýar. Türkmen ýaşlarynyň milli mertebämize mahsus sypatlary, gaýratly we dogumly keşbi ak geljege bolan umytlara ganat, ynamlara ygtybarlyk bagyşlaýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdymyzda sport we sagdynlygy ösdürmek, ruhubelent ýaşlary kemala getirmek babatda hem uly işler alnyp barylýar. Üstümizdäki ýylda ýurdumyzda giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyny ýaşlaryň gazanýan üstünliklerinde hem görmek bolýar. Ýaşlarymyz sport, medeniýet, ylym-bilim ulgamlarynda öz ukyp-başarnyklaryny görkezip, diňe bir ýurdymyzda däl, eýsem, daşary döwletlerde hem ýaşyl Tugumyzy belentde pasyrdatýarlar. Bu bolsa örän buýsandyryjy hem-de guwandyryjydyr. Beýik işleriň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyza, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys!
Agahan MÄLIKGULYÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýary institutynyň Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.
Halypa mugallymy Aýgül JAPBAROWA.
TÜRKMEN BEDEWLERI BÜTIN DÜNÝÄŇ YKRARYNDA
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň milli buýsanjy we baýlygy hasaplaýan behişdi ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, olaryň baş sanyny köpeltmek boýunça başyny başlan başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär.
BAGTLY DÖWRE BUÝSANÇ
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, ýaşlary ylmy gözleglere we innowasion açyşlara ugrukdyrmak döwlet syasatynyň iň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bagtyýar döwrümiziň berýän şeýle giň mümkinçiliklerinden ruhlanyp, ylmyň çet-gyrasyz dünýäsine gadam basan ýaşlaryň biri hökmünde, golaýda maňa "Ýaş alym" diýen abraýly adyň dakylmagy meniň üçin örän uly buýsanç we şol bir wagtda belent jogapkärçilik boldy.
Ahalteke bedewleriniñ dünýä jemgyýetindäki orny.
Ahalteke bedewi diňe bir at däl-de, eýsem türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren janly sungat eseridir. Taryhyň dowamynda türkmen halkynyň aýrylmaz bölegine öwrülen ahalteke bedewleri, diňe bir gözelligiň nusgasy däl, eýsem, Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýynyň we medenýetiniň möhüm sütünidir.
TÜrkmen bedewi ― parahatçylygyň ilçisi
«Türkmen bedewleri gadymy topragymyzyň gudratydyr, öý-ojagymyzyň ýaraşygydyr, bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygymyzdyr» diýip hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu günki eşretli Diýarymyzyda ahalteke bedewleri dünýä arenasynda abraýyna mynasyp hormat münberinde orun alýar.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlar wekiliýetiniň Hindistan bilen tanyşlyk sapary
Häzirki döwürde ýaşlaryň arasynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, medeniýetleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak we ylym-bilim ugrundaky täze tejribeleri alyşmak aýratyn ähmiýete eýedir. Şu maksat bilen 2026-njy ýylyň 24-nji marty 2-nji apreli aralygynda Hindistan Respublikasynyň Mumbai, Goa we New Delhi şäherlerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň gatnaşmagynda tanyşlyk sapary geçirilýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.