Bedew batly ösüşlere buýsanç

02-10-23

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyzyň ykdysadyýetinde ägirt uly özgerişler amala aşyryldy, durnukly ösüşiň binýady pugtalandyryldy. Älemi haýrana goýýan özgerişleriň, bedew batly ösüşleriň şöhratly eýýamynda — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzda gazanylýan buýsandyryjy ösüşler ýurdumyzyň täze taryhynyň altyn sahypalaryny zer setirleri bilen bezeýär. Ýurdumyzda gazanylýan ähli üstünliklerimiziň gözbaşynda Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän beýik işleri bardyr.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmäge, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen düýpli maliýe özgertmeler ykdysady ösüşiň esasy bolup durýar we durmuşa geçirilýär.Arkadagly Serdarymyzyň giň möçberli özgertmeleriniň netijesinde öz ösüşiniň täze tapgyryna ynamly gadam urýan ýurdumyzda milli Garaşsyzlygymyzyň binýadyny berkitmek, döwlet berkararlygyny, halk bagtyýarlygyny üpjün etmek boýunça ägirt uly üstünlikler gazanylýar. Milli mirasymyzyň iň gowy däplerine eýermek bilen, hormatly Prezidentimiz döwlet gurluşynda, ykdysady özgertmeleri amala aşyrmakda, içeri we daşary syýasaty durmuşa geçirmekde gymmatly halk tejribesini bu ugurda dünýäde gazanylan oňyn netijeler bilen utgaşdyrmak arkaly ýurdumyzy ähli ugurlar boýunça düýpli özgerdýär, onuň şan-şöhratyny beýgeldýär.

Şeýle beýik işleriň netijesinde ýurdumyzyň ösüşleriniň uly rowaçlyklara beslenmegi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Munuň özi döwlet durmuşynyň ähli ugurlarynda uly üstünlikleriň gazanylmagyny üpjün edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary boýunça gazanylýan ýokary ösüş depginleri Türkmenistanyň dünýäniň ösen döwletleriniň arasyndaky mynasyp ornuny yzygiderli pugtalandyrýar. Hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär: «Durnukly ykdysady ösüş biziň uzak möhletleýin strategiýamyzyň baş maksady bolup durýar. Şoňa görä-de, ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny gurşap alýan maksatnamalarymyzy hem-de özgertmelerimizi üstünlikli amala aşyrýarys».

Häzirki wagtda milli ykdysadyýetimizi has-da ösdürmek, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça maksatlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Esasan hem «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu wezipeleri üstünlikli amal etmekde ýurdumyz öňdebaryjy bilimlere, kämil ylma, ýokary tehnologiýalara we innowasiýalara esaslanýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ylym ösüşiň hil taýdan täze, has ýokary sepgitlerine ýetirilýär. Halkymyzyň asylly ýörelgesine daýanyp, ýaşlary terbiýelemek, olaryň döwrebap bilimleri özleşdirmekleri üçin şertleri döretmek esasy ugur bolup durýar. Halkymyzyň köp asyrlaryň dowamynda toplan baý medeni-ruhy hazynasyna daýanmak, ony birin-birin öwrenmek hem-de täze döwrüň ruhunda many-mazmun taýdan baýlaşdyrmak, döwrebap bilimleri ösdürmek oňat netijesini berýär. Şunda kämil hünärmenler, milli ykdysadyýeti, sanly ulgamy ösdürmäge goşant goşýan bilimli nesiller kemala gelýär.

Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän işler, ilkinji nobatda, halkyň bähbidini, milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini nazara alýar. Şunda sanly ulgamy ösdürmek, milli ykdysadyýetiň hususy ulgamyna mümkinçilikleri döretmek we häzirki zamanyň bazar ulgamyny giňden ornaşdyrmak esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän beýik işleri, ilkinji nobatda, Garaşsyzlygymyzy pugtalandyrmak, halkymyzyň jebisligini berkitmek, agzybirligi, ýurt parahatçylygy, Watan berkararlygy bilen berk baglanyşyklydyr.

Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ýurdumyzyň ösüşleri, gazanylýan üstünlikler halkymyzyň bolelin ýaşaýşyna, röwşen geljegine gönükdirilendir. Her bir ýola goýulýan beýik işler, oňyn başlangyçlar il-halk bähbitliligi, umumadamzat ähmiýetliligi bilen tapawutlanýar. Geljegi has uly ugurlary giňeltmek arkaly, aýratyn hem şähergurluşyk, ýaşaýyş-durmuş, senagat ulgamlarynda gazanylýan ösüş depginleri has-da ýokary derejelere eýe bolýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň toplumlaýyn beýik işleriniň aýdyň netijeleridir. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen gazanylýan belent üstünliklere, beýik ösüşlere nazar aýlanyňda, şanly Garaşsyzlygymyza buýsanjyň has-da goşalanýar. Çünki Garaşsyzlygymyzy pugtalandyrmakda, ykdysady ösüşlerimizi dünýä derejesinde ösdürmekde Arkadagly Serdarymyzyň beýik işleri bu gün netijeliligi bilen tapawutlanýar.

Asuda hem abadan durmuşda ýaşamak, bir maksada gulluk edip, at-abraý almak, dünýä ýüzünde şan-şöhrata eýe bolýan ata Watanymyzyň giň gerimli ösüşlerine guwanmak, ynsan mertebesini beýgeldýän, onuň bolelin durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döredýän Arkadagly Serdarymyza buýsanmak uly bagt nesibesidir. Ajaýyp döwrümizde bagtyýarlygy peşgeş berýän Arkadagly Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, röwşen geljegimizi nurlandyrýan beýik işlerinde rowaçlyklar arzuw edýäris.

                                                Arslan ÖWEZOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýary institutynyň Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.

Halypa mugallymy Aýgül JAPBAROWA.

TÜRKMEN BEDEWLERI BÜTIN DÜNÝÄŇ YKRARYNDA

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň milli buýsanjy we baýlygy hasaplaýan behişdi ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, olaryň baş sanyny köpeltmek boýunça başyny başlan başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär.


BAGTLY DÖWRE BUÝSANÇ

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, ýaşlary ylmy gözleglere we innowasion açyşlara ugrukdyrmak döwlet syasatynyň iň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bagtyýar döwrümiziň berýän şeýle giň mümkinçiliklerinden ruhlanyp, ylmyň çet-gyrasyz dünýäsine gadam basan ýaşlaryň biri hökmünde, golaýda maňa "Ýaş alym" diýen abraýly adyň dakylmagy meniň üçin örän uly buýsanç we şol bir wagtda belent jogapkärçilik boldy.


Ahalteke bedewleriniñ dünýä jemgyýetindäki orny.

Ahalteke bedewi diňe bir at däl-de, eýsem türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren janly sungat eseridir. Taryhyň dowamynda türkmen halkynyň aýrylmaz bölegine öwrülen ahalteke bedewleri, diňe bir gözelligiň nusgasy däl, eýsem, Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýynyň we medenýetiniň möhüm sütünidir.


TÜrkmen bedewi ― parahatçylygyň ilçisi

«Türkmen bedewleri gadymy topragymyzyň gudratydyr, öý-ojagymyzyň ýaraşygydyr, bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygymyzdyr» diýip hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu günki eşretli Diýarymyzyda ahalteke bedewleri dünýä arenasynda abraýyna mynasyp hormat münberinde orun alýar.


169c969169252b.jpeg
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlar wekiliýetiniň Hindistan bilen tanyşlyk sapary

Häzirki döwürde ýaşlaryň arasynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, medeniýetleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak we ylym-bilim ugrundaky täze tejribeleri alyşmak aýratyn ähmiýete eýedir. Şu maksat bilen 2026-njy ýylyň 24-nji marty 2-nji apreli aralygynda Hindistan Respublikasynyň Mumbai, Goa we New Delhi şäherlerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň gatnaşmagynda tanyşlyk sapary geçirilýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.